radio wave radio source
HABARLAR


«Türkmentelekom» müşderilere hosting çygry boýunça toplumlaýyn çözgütleri: wirtual bölünen serwerleri (Virtual dedicated server), fiziki serwerleri (Dedicated) we maglumatlar merkezinde serwer enjamlaryny ýerleşdirmek hyzmatlaryny (Collocation) hödürlemek bilen, sanly hyzmatlaryň görnüşlerini giňeldýär. Bu hyzmatlar programma we enjam düzüm böleklerine doly administratiw gözegçilik bilen islendik göwrümli web-taslamalary netijeli ýerleşdirmäge mümkinçilik berýär.

«Türkmentelekom» kompaniýasynyň habar berşi ýaly, hyzmatlar bazaryň dürli düzüm böleklerinde ulanylmaga niýetlenendir. Wirtual serwerler döwlet we hususy web-saýtlaryny, habar portallaryny we internet-dükanlaryny ýerleşdirmek üçin amatlydyr. Maglumatlar merkezinde serwer enjamlaryny ýerleşdirmek hyzmatlary iri korporatiw ulgamlar, maglumatlar bazalary we poçta serwerleri üçin niýetlenendir. Fiziki serwerler ýokary ýükli web-taslamalar, oýun serwerleri we işewürlik çözgütleri üçin has oňaýlydyr.

Hosting hyzmatlary uly göwrümli maglumatlar bazalaryny, wideo-hostingi, onlaýn kinoteatrlary, iri mediaportallaryny, şeýle hem sanly banking we telelukmançylyk ulgamlaryny dolandyrmaga mümkinçilik berýär. Kompaniýa müşderileriň artýan isleglerini kanagatlandyrmak üçin tehnologik binýadyny yzygiderli kämilleşdirýär.

Hosting hyzmatlary barada goşmaça maglumatlary almak isleýänler +99312 481504 belgili telefon arkaly ýüz tutup, ýa-da kompaniýanyň telecom.tm resmi web-saýtyna girip, alyp bilerler.


https://turkmenportal.com/blog/86684/


17.01.2025, 11:01


Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasynyň durmuşa geçirilmeginde goňşy döwletler, şol sanda Owganystan bilen däp bolan hyzmatdaşlygyň ilerledilmegine möhüm ähmiýet berilýär.

2024-nji ýylyň martynda Aşgabatda guralan owgan harytlarynyň sergisi we Türkmen-owgan işewürlik maslahaty ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyga täze itergi bermäge gönükdirildi. Bu barada TDH habar berdi.

Owganystanyň durmuş-ykdysady taýdan dikeldilmegine uly goşant goşmak bilen, Türkmenistan iri gurluşyk taslamalarynyň başyny başlaýar. Olaryň durmuşa geçirilmegi tutuş sebitiň durnukly ösüşine, onuň häzirki zaman dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna üstünlikli goşulyşmagyna täze itergi bermäge gönükdirilendir.

Şunuň bilen baglylykda, 2024-nji ýylyň 30-njy awgustynda Aşgabatda türkmen we owgan wekiliýetleriniň gatnaşmagynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerine bagyşlanan duşuşygyň geçirilendigini bellemek gerek.

Gepleşikleriň jemleri boýunça energetika we ulag ulgamlarynda bilelikdäki taslamalary amala aşyrmaga gönükdirilen resminamalara gol çekildi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Owganystanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň wezipesini ýerine ýetiriji Molla Mohammad Hasan Ahundyň gatnaşmagynda 2024-nji ýylyň 11-nji sentýabrynda geçirilen, taryhy ähmiýetli wakalara beslenen dabaralar dostlukly türkmen-owgan gatnaşyklarynyň özboluşly nyşanyna öwrüldi:

— Serhetabat — Turgundy demir ýol geçelgesiniň türkmen-owgan serhedindäki uzynlygy 177 metrlik demir ýol köprüsiniň açylyş dabarasy;
— Mary welaýatynda «Şatlyk-1» gaz gysyjy desgasynyň düýbüni tutmak;
— Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan transmilli gaz geçirijisiniň taslamasynyň Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisiniň;
— Serhetabat — Hyrat optiki-süýümli aragatnaşyk geçirijisiniň,
— «Turgundy» demir ýol bekediniň «gury portunda» ammarlar toplumynyň;
— Turgundy — Hyrat demir ýolunyň birinji tapgyrynyň Turgundy — Sanabar böleginiň gurluşyk işlerine badalga bermek;
— Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik geçirijisiniň birinji tapgyryny durmuşa geçirmegiň çäklerinde Owganystanyň Hyrat welaýatynda ýerleşýän «Nur-el-Jahad» elektrik bekedini işe girizmek dabaralary geçirildi.


https://mincom.gov.tm/tk/news/1342/

17.01.2025, 11:01


Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Saud Ösüş gaznasynyň Baş ýerine ýetiriji dolandyryjysy Sultan Abdulrahman Al-Marşady kabul etdi. Bu barada "Watan" habarlar gepleşiginde habar berildi.

Bellenilişi ýaly, myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, Saud Arabystanynyň Türkmenistan bilen dürli ugurlarda özara bähbitli hyzmatdaşlyga uly ähmiýet berýändigini aýtdy.

Prezident Serdar Berdimuhamedow myhmany mähirli mübärekläp, onuň Türkmenistana ilkinji saparynyň iki ýurduň maliýe we ykdysady pudaklarda özara bähbitli hyzmatdaşlygyny has-da ösdürmäge we işjeňleşdirmäge goşant goşjakdygyna ynam bildirdi.

Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň dünýä ýurtlary we abraýly halkara maliýe guramalary bilen özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmäge möhüm ähmiýet berýändigi barada aýdyldy. Şeýle-de Türkmenistanyň Saud Ösüş gaznasy bilen gatnaşyklarynyň ýokary derejesi kanagatlanma bilen bellenildi.

"Türkmenistan köp ýyllaryň dowamynda bu gazna bilen hyzmatdaşlyk edip gelýär. Geçen döwrüň içinde gazna ýurdumyzda amala aşyrylan birnäçe milli we halkara ähmiýetli iri taslamalary maliýeleşdirmäge işjeň gatnaşdy. Saglygy goraýyş, ulag-aragatnaşyk hem-de maliýe ulgamlarynda amala aşyrylan taslamalar munuň aýdyň mysalydyr. Bu taslamalaryň durmuşa geçirilmegi diňe olara gatnaşyjy ýurtlaryň däl-de, eýsem, ähli sebit ýurtlarynyň halklarynyň bähbidine hem hyzmat edýär" diýip, Prezident Serdar Berdimuhamedow belledi hem-de Türkmenistan bilen Saud Ösüş gaznasynyň arasyndaky özara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga berýän goldawy üçin myhmana tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirip, Türkmenistanyň ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegi maksat edinýändigini tassyklady.

Myhman netijeli ösdürilýän hyzmatdaşlygyň çäklerinde Saud Ösüş gaznasynyň saglygy goraýyş we ulag ulgamlarynda birnäçe taslamalary maliýeleşdirmek işine gatnaşýandygyna örän şatdygyny hem-de okgunly ösýän, geljegi uly türkmen bazarynyň maýa goýum babatda özüne çekijiliginiň uly gyzyklanma döredýändigini belledi.


https://turkmenportal.com/tm/blog/86589

08.01.2025, 15:01
08.01.2025, 14:01


Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň bagtyýar halky ýetip gelen täze ýyly uly umyt-arzuwlar bilen garşy alýar.

Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde ýaýbaňlandyrylan baýramçylyk dabaralarynyň çäklerinde medeniýet we sungat ussatlarynyň, teatr artistleriniň çykyşlary guraldy. Bezelen arçalar, çagalaryň şadyýan sesleri hemmeleriň söýgüli baýramyna özboluşly öwüşgin çaýdy. 2025-nji ýyly uly şatlyk-şowhun bilen garşylaýan paýtagtymyzyň ýaşaýjylary we myhmanlary üçin Döwlet sirkiniň öňündäki meýdançada hem-de “Ylham” seýilgähinde ýurdumyzyň belli estrada aýdymçylary çykyş etdiler. Ýerine ýetirilen aýdymlarda täze taryhy eýýamda Watanymyzyň ýeten sepgitleri, halkymyzyň bagtyýar durmuşy wasp edildi. Munuň özi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak babatda başyny başlan işleriniň häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň beýanydyr.

2024-nji ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» şygarynyň many-mazmuny halkymyzyň watançylyk ruhuny belende göterip, ýurdumyzyň şöhratyny we halkara abraýyny has-da ýokarlandyrdy, watandaşlarymyzy täze üstünliklere ruhlandyrdy. Mälim bolşy ýaly, Magtymguly Pyragynyň ömür-döredijiligini öwrenmek, dünýäde wagyz etmek maksady bilen, şeýle hem Gahryman Arkadagymyzyň beýik şahyra bagyşlap ýazan goşgusyndan ugur alnyp, 2024-nji ýyl “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýyly diýlip atlandyrylypdy. Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararyna laýyklykda, söz ussadynyň doglan gününiň 300 ýyllygy ýurdumyzda we halkara derejede giňden bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, paýtagtymyzyň günorta böleginde hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň hem-de «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynyň, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagynda Gazagystan Respublikasynyň paýtagty Astana şäherinde Magtymguly Pyragynyň heýkeliniň açylmagynyň, Aşgabatda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara forumyň üstünlikli geçirilmeginiň ähmiýetini nygtamak gerek.

Akyldar şahyryň ömür we döredijilik ýoluny çuňňur öwrenmek boýunça ýurdumyzda amala aşyrylýan işler abraýly halkara guramalaryň, dünýä ýurtlarynyň uly goldawyna eýe boldy. Türki medeniýetiň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) 2024-nji ýyly «Türki dünýäsiniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýip yglan etdi, şahyryň golýazmalar toplumy ÝUNESKO-nyň «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň halkara sanawyna girizildi. Şeýle hem Magtymgulynyň doglan gününiň 300 ýyllygy 2024-2025-nji ýyllarda ÝUNESKO bilen bilelikde bellenilip geçilýän şanly seneleriň sanawyna goşuldy. Bularyň ählisi umumadamzat ähmiýetli eserleri bilen dünýä edebiýatynyň altyn hazynasyna giren beýik şahyryň gymmatly mirasyny wagyz etmekde möhüm ädim boldy. Şeýlelikde, Magtymgulynyň 300 ýyllyk ýubileýi mynasybetli 2024-nji ýylyň dowamynda döwlet we halkara derejede möhüm çäreler, şol sanda ylmy maslahatlar, döredijilik hepdelikleri, duşuşyklar, film görkezilişleri, sahna oýunlary, edebi agşamlar, bäsleşikler geçirildi. BMG-niň Nýu-Ýorkdaky we ÝUNESKO-nyň Pariždäki ştab-kwartiralarynda, köp sanly abraýly halkara, sebit düzümleriniň çäklerinde dünýä derejeli beýik söz ussadynyň hormatyna dabaraly çäreler guraldy.

“Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk, gyzyklanma bildirýän ýurtlar we halkara guramalar bilen giň hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasaty uly üstünliklere beslendi. Bütin adamzadyň bähbitlerini göz öňünde tutýan şeýle syýasatyň netijeleri halkara düzümleriň, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň çäginde giň goldawa eýe bolýar hem-de Milletler Bileleşiginiň anyk Kararnamalarynda aýdyň beýanyny tapýar. Şunuň bilen baglylykda, BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 2024-nji ýylda ýurdumyzyň teklibi boýunça sebitde we dünýäde parahatçylygyň, durnukly ösüşiň, abadançylygyň bähbidine gönükdirilen birnäçe Kararnamalaryň kabul edilendigini bellemek gerek. Munuň özi Türkmenistanyň dünýä giňişligindäki belent abraýynyň hem-de hormatly Prezidentimiziň alyp barýan daşary syýasat ugrunyň halkara bileleşik tarapyndan giň goldaw tapýandygynyň beýanydyr.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen Köpetdagyň ajaýyp künjeginde bina edilen Arkadag şäherine üç sylagyň — “Iň tapawutlanan “akylly” şäher”, “Daşary ýurt “akylly” şäheri”, «World Smart City Expo 2024» halkara sergisine goşan uly goşandy üçin» diýen sylaglaryň berilmegi, şeýle hem Ýewropanyň Hil barlaglary boýunça jemgyýetiniň hil boýunça baýragyna, «Hil saýlawy — 2024» nyşany bolan «Diamond» derejesine mynasyp bolmagy tamamlanan ýylyň möhüm wakalarynyň hatarynda boldy. Bu ýyl hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň we Milli Liderimiziň ady bilen aýrylmaz baglanyşykly bolan uly zähmet ýeňişlerine beslendi. Milli we döwlet maksatnamalary, iri halkara, sebit ähmiýetli taslamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär. “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda” hem-de “Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasynda” göz öňünde tutulan wezipelere laýyklykda, ençeme medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardyr binalar, inženerçilik ulgamlary, awtomobil ýollary we beýlekiler ulanmaga berildi.

“Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda Serhetabat — Turgundy demir ýol geçelgesiniň türkmen-owgan serhedindäki uzynlygy 177 metrlik demir ýol köprüsi ulanmaga berildi, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan transmilli gaz geçirijisiniň taslamasynyň Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisiniň, optiki-süýümli aragatnaşyk geçirijisiniň, “Turgundy” demir ýol bekediniň “gury portunda” ammarlar toplumynyň hem-de Turgundy — Hyrat demir ýolunyň birinji tapgyrynyň Turgundy — Sanabar böleginiň gurluşyk işlerine badalga berildi. Söwda-ykdysady, oba hojalygy, ýangyç-energetika, ulag-kommunikasiýa ulgamlarynda hem uly üstünlikler gazanyldy. Bu pudaklarda durmuşa geçirilýän düýpli özgertmeler milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýalaşdyrmaga, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmaga gönükdirilendir.

Ýurdumyzyň mekdep okuwçylary we talyplar halkara ders, internet bäsleşiklerinde ýokary netijeleri görkezip, jemi 821 medal gazandylar. Şunuň bilen bir hatarda, bedenterbiýäni we sporty ösdürmek boýunça işler dowam etdirildi. Türgenlerimiz halkara ýaryşlaryň 174-sine gatnaşyp, dürli derejeli medallaryň 616-syny gazandylar. Arkadag şäherinde geçirilen VI Wena baly, TÜRKSOÝ-na agza ýurtlaryň II teatr festiwaly hem-de onuň çäklerinde TÜRKSOÝ-nyň Muzeýler birleşiginiň agzalarynyň jemleýji maslahaty, ýazyjylaryň duşuşygy, suratkeşleriň maslahaty ýurdumyzyň medeni dialogy ilerletmek boýunça durmuşa geçirýän işleriniň nobatdaky beýany boldy.

27-nji dekabrda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde döwlet Baştutanymyz «Magtymguly — dünýäniň akyldary» atly kitabyny ýazyp tamamlandygyny habar berdi. Bu kitabyň “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda neşir edilmegi akyldar şahyryň edebi mirasyna goýulýan sarpanyň nobatdaky beýany hem-de halkymyza ajaýyp Täze ýyl sowgady boldy.

Täze — 2025-nji ýyl hormatly Prezidentimiz tarapyndan makullanan “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” şygary astynda geçer. Bu şygar täze taryhy döwürde döwletimiziň dünýädäki ornuny has-da berkitmek, halkara hyzmatdaşlyk, ynanyşmak we dostluk ýörelgelerine esaslanýan içeri we daşary syýasatyny, umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny giňden wagyz etmek hem-de dünýä ýaýmak, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygyny we halkymyzyň gadymdan gelýän parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetlilik, ynsanperwerlik, myhmansöýerlik däplerini Ýer ýüzünde şöhratlandyrmak, raýatlarymyzyň watançylyk ruhuny has-da belende götermek maksady bilen, şeýle hem Gahryman Arkadagymyzyň ýiti zehininden, jöwher paýhasyndan dörän, parahatçylygyň, ynanyşmagyň we dost-doganlygyň ähmiýetini, onuň gadyr-gymmatyny giňden açyp görkezýän «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» atly ajaýyp goşgusyndan ugur alnyp öňe sürüldi.

Mälim bolşy ýaly, 2024-nji ýylyň 21-nji martynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy Türkmenistanyň başlangyjy bilen, 86 döwletiň awtordaş bolup çykyş etmeginde 2025-nji ýyly “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýip biragyzdan yglan etdi. Munuň özi halkara gatnaşyklarda döwletimiziň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesiniň ähmiýetiniň yzygiderli ýokarlanýandygyny aýdyň görkezýär.

...Ine, şeýle uly üstünlikler bilen biz täze — 2025-nji ýyly garşylaýarys. “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” şygary astynda geçjek bu ýyl hem ýurdumyzyň taryhynda täze sahypany açar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň “Älem” medeni-dynç alyş merkeziniň öňündäki meýdançada ýurdumyzyň Baş arçasynyň ýanynda hem-de Söwda-senagat edarasynda geçirilen Täze ýyl dabaralaryna gatnaşyp, bagtyýar çagalaryň şatlygyny paýlaşmagy ýurdumyzda ösüp gelýän ýaş nesil baradaky aladanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini görkezdi.

Ýurdumyzyň dürli reňkli yşyklar bilen ýalkym saçýan Baş arçasynyň ýanynda paýtagtymyzyň ýaşaýjylary we myhmanlary ýygnandylar. Aşgabat hem-de Arkadag şäherleriniň, welaýatlaryň wekilleri döwrebap aragatnaşyk serişdeleriniň kömegi bilen teleköpri arkaly bu dabara gatnaşdylar. Baýramçylyk äheňinde bezelen “Älem” medeni-dynç alyş merkeziniň öňündäki meýdançada aýdym-sazlar ýerine ýetirildi. Çagalar döredijilik toparlary, folklor toparlary, meşhur estrada artistleri öz ussatlyklaryny görkezdiler.

Dabaranyň alypbaryjysy ähli ildeşlerimiziň adyndan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzy “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” şygary astynda geçjek täze ýyl bilen gutlap, berk jan saglyk, uzak ömür, Watanymyzyň abadançylygynyň, halkymyzyň rowaçlygynyň bähbidine alyp barýan giň gerimli işlerinde üstünlikleri arzuw edýärler. Soňra alypbaryjy paýtagtymyzy Arkadag şäheri we welaýat merkezleri bilen baglanyşdyrýan baýramçylyk teleköprüsiniň başlanandygyny yglan edýärler.

Göni aragatnaşyk ýurdumyzyň dürli sebitleriniň, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň ýaşaýjylaryny birleşdirdi, olar birek-birege baýramçylyk gutlaglaryny beýan etdiler. Hormatly ýaşulular, häkimler, Arkadag şäheriniň we paýtagtymyzyň, welaýatlaryň wekilleri döwlet Baştutanymyzy hem-de Gahryman Arkadagymyzy Täze ýyl bilen gutlaýarlar. Ajaýyp aýdymlar belentden ýaňlanýar, şowhunly tanslar ýerine ýetirilýär.

Täze ýyl teleköprüsini Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň paýtagty jemleýär. “Älem” medeni-dynç alyş merkeziniň öňündäki meýdançada ýygnanan Aşgabadyň ýaşaýjylary, şeýle hem ýurdumyzyň ýolbaşçy düzümi ähli ildeşlerimize rowaçlyk, bagtyýarlyk arzuw edýärler. Olara aýdymçylar hem öz çykyşlary bilen goşulýarlar.

Dabaranyň alypbaryjysy Türkmenistanyň hemişe gülläp ösmegi, halkara abraýynyň ýylsaýyn belende galmagy, halkymyzyň döredijilikli zähmet çekmegi baradaky arzuwlaryň Arkadag şäheriniň, welaýatlaryň we paýtagtymyzyň ýaşaýjylarynyň Täze ýyl mynasybetli beýan eden gutlaglarynyň içinden eriş-argaç bolup geçýändigini bellediler.

Ähli türkmenistanlylaryň adyndan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa we türkmen halkynyň Milli Liderine Watanymyz, halkymyz baradaky edýän aladalary üçin çäksiz hoşallyk bildirildi. “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” şygary bilen geçjek 2025-nji ýylda-da hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň abadançylygynyň, halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň bähbidine gönükdirilen giň gerimli işleriň rowaçlyklara beslenjekdigine ynanýarys.

Teleköpriniň dowamynda esasy pursat ýetip gelýär: hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow göni ýaýlymda Türkmenistanyň halkyna Täze ýyl gutlagy bilen ýüzlenýär. Paýtagtymyzda, Arkadag şäherinde hem-de welaýatlarda dabara gatnaşyjylar, ähli ildeşlerimiz döwlet Baştutanymyzyň çykyşyny uly üns bilen diňlediler.

Soňra baýramçylyk feýerwerki Aşgabadyň asmanyna ýalkym saçdy. Türkmenistan ýagşy umyt-arzuwlar bilen 2025-nji ýyla gadam basdy. Goý, täze ýyl ýurdumyza täze üstünlikleri getirsin!


https://mincom.gov.tm/tk/news/1321/

02.01.2025, 07:01


Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy. Iş saparynyň barşynda Gahryman Arkadag täze şäherde alnyp barylýan işler, taýýarlanylýan taslamalar bilen tanyşdy hem-de degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Bu barada "Watan" habarlar gepleşiginde habar berildi.

Bellenilişi ýaly, Halk Maslahatynyň Başlygy täze şäheriň "Akhan" we "Taýçanak" şaýollarynyň aralygynda durky täzelenilýän köçäniň germewlerini, olaryň şekillerini synlap, öz belliklerini aýtdy.

Şeýle-de alym Arkadag täze şäherde ekilmegi meýilleşdirilýän bag nahallarynyň görnüşleri bilen tanşyp, gymmatly maslahatlaryny we degişli tabşyryklary berdi.

Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýerde Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda bina edilmegi meýilleşdirilen desgalaryň taslamalary, önümçilik we durmuş maksatly binalaryň ýerleşdiriljek ýerleriniň çyzgylary bilen tanyşdy.

Halk Maslahatynyň Başlygyna Arkadag şäheriniň lukmançylyk klasteriniň önümleriniň halkara derejede hasaba alnandygyny, Intellektual Eýeçiligiň Bütindünýä Guramasynyň Halkara býurosynyň ýörite güwänamasy arkaly Arkadag şäheriniň lukmançylyk klasteriniň önümleriniň harytlyk nyşanlarynyň tassyklanandygyny aňladýan köp sanly halkara şahadatnamalar we güwänamalar hem görkezildi.

Lukman Arkadag saglygy goraýyş ulgamyna degişli serişdeler, lukmanlar üçin niýetlenen lybaslar hem-de olaryň bezeg aýratynlyklary bilen tanşyp, bu babatda birnäçe belliklerini aýtdy. Hususan-da, Arkadag şäheriniň lukmançylyk klasteriniň nyşanlarynyň göze gelüwli bolmalydygyny belläp, Halk Maslahatynyň Başlygy bu babatda birnäçe görkezmeleri berdi.

Bu ýerde görkezilen taslamalaryň hatarynda Arkadag şäheriniň lukmançylyk klasterine degişli binalaryň, söwda we işewürlik merkeziniň şekil taslamalary we binalaryň ýerleşdiriljek ýerleriniň çyzgylary bar. Şeýle hem Arkadag şäheriniň Akhan binasyndan Taýçanak binasyna çenli bolan ýoluň durkuny täzelemek, köpçülikleýin bag nahallarynyň oturdylýan möwsüminde ekiljek baglaryň görnüşleri babatda maglumat berildi.

Gahryman Arkadag görkezilen şekil taslamalary synlap, olara birnäçe bellikleri aýtdy we degişli düzedişleri girizdi.

Soňra Halk Maslahatynyň Başlygy bu ýerde Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazowyň we Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowanyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Iş maslahatynyň barşynda Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowa täze şäheriň ähli ilatynyň adyndan Halk Maslahatynyň Başlygyny bu ýerde Täze ýyl baýramy mynasybetli guraljak dabaralara gatnaşmaga çagyrdy. Şeýle-de Arkadag şäherine göçüp baran bagtyýar ýaşaýjylaryň sagbolsunyny ýetirdi.

Iş maslahatyndan soňra, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bu ýerdäki arçanyň ýanynda türkmen halkyna Täze ýyl gutlagyny beýan etdi.


https://mincom.gov.tm/tk/news/1316/

30.12.2024, 12:12


16-njy dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň welaýatlarynda we oba hojalyk toplumynda alnyp barylýan işlere, Oba milli maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi S.Soltanmyradowa söz berildi. Ol welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, bugdaý ekilen meýdanlarda kadaly gögeriş alnyp, häzirki wagtda mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri geçirilýär. Geljek ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek meýdanlary ekiş möwsümine taýýarlamak maksady bilen, topragy fosfor döküni bilen gurplandyrmak, sürüm işleri dowam etdirilýär. Şunuň bilen birlikde, geljek ýyl ulanyljak tehnikalary we gurallary möwsüme taýýarlamak boýunça degişli işler alnyp barylýar. Şeýle hem welaýatyň çägindäki biokärhanalary abatlamak, olary zerur serişdeler, enjamlar bilen üpjün etmek üçin zerur çäreler görülýär. Pagta öndürijiler bilen döwlete tabşyrylan hasyl üçin hasaplaşyklary geçirmek babatda işler dowam edýär. Mundan başga-da, häkim welaýatyň çägindäki ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriň, çagalar baglarynyň ýyladyş ulgamlaryny kadaly işletmek, ilaty elektrik energiýasy, tebigy gaz, agyz suwy bilen bökdençsiz üpjün etmek boýunça, şeýle-de Oba milli maksatnamasyna laýyklykda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda geçirilmeginiň möhümdigini belledi we bu babatda häkime anyk tabşyryklary berdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz Oba milli maksatnamasynyň çägindäki gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Balkan welaýatynyň häkimi H.Aşyrmyradow welaýatdaky möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda bugdaý ekilen meýdanlarda mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri dowam edýär. Geljek ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek meýdanlary ekiş möwsümine taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işleriň çäklerinde topragy mineral dökünler bilen gurplandyrmak, sürüm işleri ýerine ýetirilýär. Ýazky ekiş möwsüminde ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny abatlamak, möwsüme doly taýýar etmek babatda degişli çäreler görülýär. Welaýatyň çägindäki biokärhanalarda abatlaýyş işleri geçirilip, olary zerur serişdelerdir enjamlar bilen üpjün etmek işleri ýerine ýetirilýär. Şeýle hem döwlete tabşyrylan pagta hasyly üçin önüm öndürijiler bilen hasaplaşyklary öz wagtynda geçirmek boýunça zerur çäreler görülýär. Welaýatyň çägindäki medeni-durmuş, jemgyýetçilik maksatly binalaryň ýyladyş ulgamlarynyň kadaly işledilmegi, ilatyň elektrik energiýasy, agyz suwy we tebigy gaz bilen bökdençsiz üpjün edilmegi ugrunda zerur çäreler ýerine ýetirilýär, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda gurluşyk işleri dowam edýär.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, bugdaýa ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda geçirilmeginiň, geljek ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek meýdanlaryň möwsüme talabalaýyk taýýar edilmeginiň möhümdigini belledi we bu babatda häkime anyk tabşyryklary berdi. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz Oba milli maksatnamasynyň çägindäki gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Soňra sanly ulgam arkaly geçirilýän iş maslahaty Daşoguz welaýatynyň häkimi D.Babaýewiň möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy baradaky hasabaty bilen dowam etdi.

Hasabatda bellenilişi ýaly, welaýatda geljek ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek meýdanlarda sürüm, topragy fosfor döküni bilen gurplandyrmak işleri geçirilýär. Ýazky ekiş möwsüminde ulanyljak oba hojalyk tehnikalary abatlanylýar. Sebitde bar bolan biokärhanalary geljek ýylyň möwsümine taýýarlamak boýunça ýörite topar döredilip, olaryň önümçilik binalaryny abatlamak, zerur serişdeler bilen üpjün etmek babatda degişli işler ýerine ýetirilýär. Tabşyrylan pagta hasyly üçin önüm öndürijiler bilen hasaplaşyklar geçirilýär. Howanyň sowamagy bilen baglylykda, welaýatyň çägindäki ýaşaýyş jaýlarynyň, medeni-durmuş maksatly binalaryň ýyladyş ulgamlaryny kadaly işletmek, ilaty elektrik energiýasy, agyz suwy we tebigy gaz bilen bökdençsiz üpjün etmek boýunça zerur çäreler görülýär. Mundan başga-da, häkim Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, welaýatda gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň agrotehniki möhletlerde, ýokary hilli geçirilmeginiň geljekde bol hasyl almagyň esasy şertleriniň biridigini belledi we häkime bu ugurda alnyp barylýan işleri gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça maksatnamalara laýyklykda, welaýatdaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Lebap welaýatynyň häkimi M.Annanepesow welaýatdaky möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, bugdaý ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri ýerine ýetirilýär. Geljek ýylyň pagta hasyly üçin ekiş geçiriljek meýdanlarda sürüm, topragy mineral dökünler bilen gurplandyrmak işleri ýerine ýetirilýär. Oba hojalyk işlerinde ulanyljak tehnikalary we gurallary möwsüme taýýarlamak boýunça çäreler görülýär. Şunuň bilen bir hatarda, welaýatdaky biokärhanalary ýazky oba hojalyk işlerine taýýarlamak maksady bilen, olary zerur serişdeler, enjamlar bilen üpjün etmek boýunça işler ýerine ýetirilýär. Welaýatyň pagta öndürijileri bilen döwlete tabşyrylan hasyl üçin hasaplaşyk işleri dowam etdirilýär. Mundan başga-da, häkim sebitiň çägindäki ýaşaýyş jaýlarynyň, medeni-durmuş maksatly binalaryň ýyladyş ulgamlaryny kadaly işletmek, ilaty elektrik energiýasy, agyz suwy we tebigy gaz bilen bökdençsiz üpjün etmek boýunça geçirilýän çäreler, Oba milli maksatnamasynyň çägindäki gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň agrotehnikanyň talaplaryny berk berjaý etmek arkaly geçirilmeginiň zerurdygyna ünsi çekdi we häkime bu ugurda alnyp barylýan işleri gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz welaýatdaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamak hakynda tabşyryklary berdi.

Mary welaýatynyň häkimi B.Orazow sebitde möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, şu günler welaýatyň bugdaý ekilen meýdanlarynda mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri alnyp barylýar. Geljek ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek meýdanlary ekiş möwsümine taýýarlamak üçin topragy mineral dökünler bilen gurplandyrmak, sürüm işleri ýerine ýetirilýär. Şunuň bilen birlikde, geljek ýyl oba hojalyk işlerinde ulanyljak tehnikalary abatlamak, möwsüme doly taýýar etmek boýunça zerur çäreler görülýär. Welaýatdaky biokärhanalarda abatlaýyş işleri geçirilip, olary zerur serişdeler, enjamlar bilen üpjün etmek babatda işler ýerine ýetirilýär. Şeýle-de sebitde ösdürilip ýetişdirilen gant şugundyrynyň hasylyny ýitgisiz ýygnap almak, bökdençsiz kabul etmek, gaýtadan işlemek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Döwlete tabşyrylan pagta hasyly üçin önüm öndürijiler bilen hasaplaşyklary öz wagtynda geçirmek boýunça zerur çäreler görülýär. Häkim welaýatyň çägindäki medeni-durmuş, jemgyýetçilik maksatly binalaryň ýyladyş ulgamlaryny kadaly işletmek, ilaty elektrik energiýasy, agyz suwy, tebigy gaz bilen bökdençsiz üpjün etmek ugrunda ýerine ýetirilýän işler, Oba milli maksatnamasynyň durmuşa geçirilişi barada-da hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda, ýokary hilli geçirilmeginiň möhüm talap bolup durýandygyna ünsi çekdi we bu ugurda alnyp barylýan işleri gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça maksatnamalara laýyklykda, welaýatda alnyp barylýan gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew ýurdumyzda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, bugdaý ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri dowam edýär. Geljek ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek meýdanlary ekiş möwsümine taýýarlamak üçin meýdanlarda sürüm, mineral dökünler bilen gurplandyrmak işleri ýerine ýetirilýär. Ýazky oba hojalyk möwsüminde ulanyljak tehnikalary abatlamak hem-de bejermek boýunça degişli işler geçirilýär. Geljek ýyl daýhanlary bioönümler bilen ýeterlik möçberde üpjün etmek maksady bilen, welaýatlardaky biokärhanalaryň zerur bolan ýerlerinde abatlaýyş, bejeriş işlerini geçirmek, olary çig mal we enjamlar bilen üpjün etmek babatda zerur çäreler görülýär. Mary welaýatynda ýetişdirilen gant şugundyrynyň hasylyny ýygnap almak hem-de bu möwsümi öz wagtynda geçirmek boýunça degişli işler ýerine ýetirilýär.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalyk pudagynyň milli ykdysadyýetimizdäki möhüm ornuna ünsi çekdi we häzirki wagtda pudakda ýaýbaňlandyrylan möwsümleýin işleriň ýokary hilli, guramaçylykly alnyp barylmagyny gözegçilikde saklamagy wise-premýere tabşyrdy.

Soňra döwlet Baştutanymyz iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, welaýatlaryň bugdaý ekilen meýdanlarynda ideg işleriniň geçirilişine berk gözegçilik etmegiň, hususan-da, bugdaý meýdanlarynda ösüş suwuny tutmak, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleriniň agrotehniki möhletlerde geçirilmegine üns berilmeginiň zerurdygyny belledi. Şeýle-de hormatly Prezidentimiz geljek ýylyň hasyly üçin oba hojalyk ekinleriniň düýbüni tutmak işlerini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.


https://mincom.gov.tm/tk/news/1291/

17.12.2024, 15:12


Hormatly Ministrler Kabinetiniň agzalary!

Hormatly mejlise gatnaşyjylar!

Şu gün biz 2024-nji ýylda Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygyna degişli alnyp barlan işleriň jemlerini jemläris. Şeýle hem ýurdumyzyň daşary syýasatynyň möhüm ugurlaryny, geljek ýyl üçin ileri tutulýan wezipeleri ara alyp maslahatlaşarys.

Hormatly mejlise gatnaşyjylar!

2024-nji ýylda möhüm ähmiýetli halkara çäreleriň geçirilendigini bellemek isleýärin. Türkmen halkynyň beýik ogly Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy ýurdumyzda we daşary ýurtlarda giňden bellenildi. Daşary ýurtlarda bu şanly sene bilen bagly wajyp ähmiýetli çäreleriň 170-e golaýy geçirildi.

Aşgabatda Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk şanly ýubileýine bagyşlanan «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara forumyň geçirilmegi esasy waka boldy. Forum Magtymgulynyň filosofik mirasyna daýanmak bilen, halkara parahatçylygy pugtalandyrmakda, özara düşünişmegi, ynanyşmagy güýçlendirmekde, ösen dialog medeniýetiniň güýjüne we geljegine bolan ynamy berkitmekde möhüm birleşdiriji şert bolup çykyş etdi. Bu halkara forum parahatçylyk söýüji döwlet hökmünde Türkmenistanyň abraýyny belende göterdi. Dünýä bileleşigi tarapyndan biziň ýurdumyza, türkmen halkyna, onuň baý taryhyna, medeniýetine uly hormat bilen garalýandygyny görkezdi.

Hormatly mejlise gatnaşyjylar!

Geljek ýylda hem Türkmenistanyň Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygy we ýurdumyzyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan 2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegi mynasybetli giň gerimli çäreler geçiriler. Ýakynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň dowamynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen “Merkezi Aziýada ýadro ýaragyndan azat zolak hakyndaky Şertnama” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi hem möhüm waka bolup durýar. Gurama agza ýurtlaryň köpüsiniň bu başlangyjymyzy goldamagy biziň üçin uly abraýdyr.

Hormatly mejlise gatnaşyjylar!

Hormatly adamlar!

Siziň ähliňizi ýurdumyzyň durmuşynda taryhy ähmiýeti bolan bu wakalar, ýetilen sepgitler bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Bu wakalaryň ählisi Türkmenistanyň daşary syýasatyny giňden beýan etmek bilen, bütin dünýäde parahatçylygy, durnukly ösüşi üpjün etmek, ynanyşmak esasynda gatnaşyklary ösdürmek ugrunda alyp barýan işlerimizi has-da dabaralandyrýar. Şunuň bilen baglylykda, bu ugurda halkara guramalar bilen durmuşa geçirilýän işleri mundan beýläk-de netijeli dowam etdirmeli.

Hormatly mejlise gatnaşyjylar!

2025-nji ýylda Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli iri halkara ähmiýetli resminamany taýýarlamagy üns merkezinde saklamaly. Şol resminamada Bitaraplygyň kadalary aýdyň beýan edilmelidir. Daşary işler ministrligi bu ugurda ýurdumyzyň ilçihanalary we halkara guramalaryň ýanyndaky wekilhanalary üçin degişli gözükdirijileri işläp taýýarlamaly. Türkmenistanyň başlangyjy boýunça Birleşen Milletler Guramasynda döredilen parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň bähbidine Bitaraplygyň dostlary toparynyň çäklerinde hem özara hyzmatdaşlyga möhüm ähmiýet bermeli. 11-nji dekabrda Aşgabatda şol toparyň ýokary derejedäki mejlisi geçiriler.

Hormatly mejlise gatnaşyjylar!

Biziň işimiz esasy iki ugur, ýagny ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn diplomatiýa ugry boýunça alnyp barylmalydyr. Şoňa görä, geljekde Türkmenistanyň Ählumumy howpsuzlyk strategiýasyny amala aşyrmak maksady bilen, Birleşen Milletler Guramasynyň parahatçylygy saklamak boýunça tagallalarynda bitarap ýurtlara bu guramanyň çäklerinde ileri tutulýan hyzmatdaş derejesini bermek başlangyjyny goldaýan döwletleriň sanyny artdyrmaga möhüm ähmiýet bermeli. Şeýle hem Ählumumy energetika howpsuzlygy we durnukly ösüş boýunça hyzmatdaşlygyň bileleşigini döretmek baradaky başlangyjymyzy goldaýan ýurtlaryň sanyny artdyrmak maksady bilen, ikitaraplaýyn derejede alnyp barylýan işleri işjeňleşdirmek zerurdyr.

Hormatly mejlise gatnaşyjylar!

Ýakynda Daşary işler ministrliginiň düzüminde täze Daşary syýasy maglumatlar we sanly diplomatiýa departamenti döredildi. Şeýle hem biziň ilçihanalarymyzyň birnäçesinde metbugat attaşesi wezipesini girizmek hakynda karar kabul edildi. Bu işleriň ählisi bir maksada gönükdirilen ulgamlaýyn ädimlerdir. Ýagny ýurdumyzyň gazanan üstünliklerini dünýä ýaýmaga, daşary syýasatymyzyň many-mazmunyny düşündirmäge niýetlenendir. Türkmenistanyň Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy belleniljek Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda biziň daşary syýasatymyz halkara giňişlikde özüni aýdyň görkezmelidir. Maglumat beriş işlerinde öňde goýýan wezipelerimiz has giň gerimli bolmalydyr.

Bitarap döwletimiziň baý taryhy, medeniýeti, däp-dessurlary, gadymy ýadygärlikleri, özboluşly, ajaýyp tebigaty, häzirki zaman «akylly» şäherleri, ähli ugurlarda gazanýan uly üstünlikleri beýan edilmelidir. Munuň üçin hemme ilçihanalarymyza bolýan ýurtlarynda döredijilik duşuşyklaryny geçirmegi, abraýly gündogarşynas alymlar, taryh, arheologiýa, medeniýet ulgamlarynda işleýän hünärmenler we habarçylar bilen yzygiderli hyzmatdaşlygy ýola goýmagy tabşyrmaly.

Hormatly Ministrler Kabinetiniň agzalary!

Hormatly mejlise gatnaşyjylar!

Geljek, 2025-nji ýylda ýurdumyzyň daşary syýasat we diplomatiýa işiniň esasy wezipesi Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan Türkmenistanyň başlangyjy boýunça ýakynda kabul edilen Kararnamalary durmuşa geçirmekden ybarat bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, Birleşen Milletler Guramasyna agza ýurtlardan başga-da, guramanyň Sekretariaty bilen hem ýakyndan hyzmatdaşlygy alyp barmaly.

Häzirki wagtda Türkmenistan BMG bilen bilelikdäki maksatnamalary durmuşa geçirmek boýunça degişli işleri amala aşyrýar. Şolaryň arasynda “Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasynda durnukly ösüş ugrunda 2026 — 2030-njy ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň Çarçuwaly maksatnamasy”; «Ýaşlar, parahatçylyk we howpsuzlyk» atly Birleşen Milletler Guramasynyň agentlikleriniň bilelikdäki maksatnamasy bar. Şeýle hem şu ýylyň 6-njy dekabrynda «Türkmenistan — Birleşen Milletler Guramasy» strategik maslahat beriş geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi. Şol mejlisiň jemleri boýunça «2025 — 2027-nji ýyllarda Türkmenistanda Durnukly ösüş maksatlary boýunça hasabatlylygy berkitmek baradaky «Ýol kartasy» kabul edildi.

Hormatly mejlise gatnaşyjylar!

Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň Konsepsiýasy örän giň gerimli we köp sanly meseleleri öz içine alýar. Geljek ýylda-da Türkmenistan ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn derejede öz hyzmatdaşlygyny berkitmegi dowam etdirer.

Goňşy ýurtlar bilen gatnaşyklar ileri tutulýan ugur bolup durýar. Şoňa görä-de, Türkmenistan Merkezi Aziýa ýurtlaryndaky, Hazarýaka sebitindäki döwletler bilen doganlyga, hoşniýetli goňşuçylyga, birek-birege hormat goýmaga esaslanýan gatnaşyklary berkitmegi dowam etdirer. Türkmenistan Günorta Aziýanyň, Ýakyn we Orta Gündogaryň, Aziýa — Ýuwaş umman sebitiniň döwletleri bilen hyzmatdaşlygy has-da ösdürer. Häzirki döwürde bu sebitlerde ählumumy ykdysady we tehnologik ösüşler gazanylýar. Bu sebitleriň ýurtlarynyň hem biziň döwletimiz bilen hyzmatdaşlyga uly gyzyklanma bildirýändiklerini bellemek isleýärin. Ýewropa we Amerika ýurtlary bilen birek-birege hormat goýmaga esaslanýan, deňhukukly, özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmek hem dowam etdiriler. Şol ýurtlar bilen ýokary tehnologiýalar ulgamynda, «ýaşyl» energetika geçmekde, emeli aňy ornaşdyrmakda hyzmatdaşlyk etmäge aýratyn üns bermeli. Daşary syýasatymyzda Afrika ýurtlary bilen gatnaşyklara-da uly üns bermeli.

Türkmenistanyň halkara guramalaryň ýanyndaky ähli wekillerine aýratyn ýüzlenmek isleýärin: geljek ýyl köptaraplaýyn diplomatiýa örän möhüm ähmiýete eýe bolar. Şoňa görä-de, Bitarap döwlet hökmünde Türkmenistanyň garaýyşlaryny goldaýan we ýurdumyza bu ugurda netijeli goldaw berýän ýurtlaryň sanyny artdyrmak üçin degişli işleri alyp barmaly.

Hormatly mejlise gatnaşyjylar!

Ýurdumyzyň Daşary işler ministrligi tarapyndan şanly seneleri, baýramçylyk dabaralaryny mynasyp garşylamak boýunça maksatnamalaýyn işler alnyp barylýar. Şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň sentýabrynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň çärelerini geçirmek boýunça guramaçylyk komiteti döredildi. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine guramaçylyk komitetiniň ilkinji mejlisini geljek ýylyň ýanwarynda geçirmäge taýýarlyk görmegi we onuň gün tertibi boýunça teklipleri taýýarlamagy tabşyrýaryn. Biz bu komitetiň şol mejlisinde geçiriljek çäreleriň meýilnamasyny tassyklarys.

Hormatly mejlise gatnaşyjylar!

Biz dünýä bileleşigi bilen geljek, 2025-nji ýylda örän möhüm taryhy we şanly senäni — Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllyk baýramyny hem-de Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň çärelerini ajaýyp wakalar, uly üstünlikler bilen mynasyp garşylamak üçin yhlasly işlemelidiris.

Hormatly mejlise gatnaşyjylar!

Halkara giňişlikde Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň bähbitlerini goramakda siziň uly işleri alyp barjakdygyňyza berk ynanýaryn. Sizi Halkara Bitaraplyk güni bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size berk jan saglyk, abadançylyk we mähriban halkymyzyň bähbidine alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin.

(Aşgabat şäheri, 2024-nji ýylyň 9-njy dekabry)


https://mincom.gov.tm/tk/news/1275/

11.12.2024, 13:12



Hormatly sergä gatnaşyjylar!

Gadyrly myhmanlar!

Sizi «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ak mermerli paýtagtymyz Aşgabatda geçirilýän Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisiniň açylmagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Bu serginiň iki ýurduň dost-doganlyga esaslanýan ygtybarly döwletara gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmekde, haryt dolanyşygyny artdyrmakda möhüm ähmiýete eýe boljakdygyna berk ynanýaryn.

Türkmenistanda Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisini geçirmek indi asylly däbe öwrüldi. Çünki Türkiýe biziň ýurdumyzyň iri söwda-ykdysady hyzmatdaşlarynyň biridir. Serginiň geçýän günlerinde Türkiýäniň dürli sebitlerinden gelen kompaniýalaryň onlarçasy senagatda, oba we suw hojalygynda, gurluşykda, hyzmatlar ulgamynda ýeten sepgitlerini, eksport mümkinçiliklerini görkezer. Şolaryň arasynda ata Watanymyzda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli özgertmeleriň durmuşa geçirilmegine gyzyklanma bildirýän, netijeli we uzak möhletleýin hyzmatdaşlygy ýola goýmagy maksat edinýän täze kompaniýalaryň hem bardygy guwandyryjydyr.

Hormatly myhmanlar!

Eziz watandaşlar!

Häzirki döwürde Türkmenistanda dürli senagat pudaklarynda, medeni-durmuş ugurlarynda giň möçberli taslamalaryň meýilleşdirilýändigini bellemek gerek. Olar innowasiýalara we ýokary tilsimatlara esaslanýan inženerçilik pikirlerini, baý tehniki tejribeleri, ussatlygy talap edýär. Şonuň üçin biziň ýurdumyz döwrebap «akylly» şäher ýörelgelerine laýyklykda amala aşyrylýan taslamalarda we Arkadag şäherinde guruljak lukmançylyk klasterinde bilelikde işlemek üçin Türkiýäniň işewür toparlaryny hyzmatdaşlyga çagyrýar.

Türkmenistan daşary ýurtlar bilen maýa goýumlar babatda hyzmatdaşlygy ösdürmäge, haryt dolanyşygyny artdyrmaga uly ähmiýet berýär. Şunda esasy maksat ýurdumyzda durmuşa geçirilýän iri energetika we üpjünçilik taslamalaryna ýokary tehnologiýalary, innowasion başlangyçlary ornaşdyrmakdan, öňdebaryjy tejribäni alyşmakdan ybaratdyr. Şeýlelikde, biziň öňümizde işlemek üçin giň mümkinçilikler açylýar.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe iki doganlyk döwletiň arasyndaky özara bähbitli gatnaşyklar ýokary depginler bilen ösýär hem-de hil taýdan täze derejä çykýar. Türkmenistanyň milli ykdysadyýetiniň dürli pudaklarynda amala aşyrylýan möhüm ähmiýetli taslamalara türk kompaniýalary işjeň gatnaşyp, üstünlikli iş alyp barýarlar. Serginiň dowam edýän günlerinde geçiriljek Türkmen-türk işewürler geňeşiniň nobatdaky maslahaty hem iki ýurduň işewür toparlaryna öňdebaryjy tejribäni, ýokary tehnologiýalary alyşmaga, hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlaryny kesgitlemäge, bar bolan özara bähbitli gatnaşyklary pugtalandyrmaga hem-de täze şertnamalary baglaşmaga amatly mümkinçilikleri döreder.

Hormatly adamlar!

Sergä gatnaşýan gadyrly myhmanlar!

Türkmenistanyň we Türkiýe Respublikasynyň arasynda alnyp barylýan hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek, çuňlaşdyrmak üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny bellemek gerek. Ilkinji nobatda, iki ýurduň halklarynyň taryhy we medeni umumylyklary, olaryň dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny berkitmäge bolan ymtylmalary muňa oňyn şertleri döredýär.

Sizi Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisiniň öz işine başlamagy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň ähliňize dost-doganlyk ýörelgelerine, hoşniýetli gatnaşyklara esaslanýan türkmen-türk hyzmatdaşlygyny mundan beýläk hem ösdürmek ugrunda alyp barýan asylly işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin.

Türkmenistanyň Prezidenti

Serdar Berdimuhamedow.


https://mincom.gov.tm/tk/news/1265/ 

04.12.2024, 16:12


26-njy noýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy. Gahryman Arkadagymyz bu ýerde gurulmagy meýilleşdirilýän desgalaryň taslamalary hem-de gurluşygyna başlanan binalardaky işleriň ýagdaýy, olarda ulanylýan gurluşyk, bezeg serişdeleriniň aýratynlyklary bilen tanyşdy we degişli düzümleriň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.

Häzirki wagtda milli şähergurluşyk maksatnamasynyň we dünýäniň binagärlik tejribesiniň ajaýyp nusgasyna öwrülen Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işleriň depgini barha ýokarlanýar. Munuň özi Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary netijesinde dowam etdirilýän giň möçberli şähergurluşyk-binagärlik maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmek babatda hemmetaraplaýyn tagalla edilýändiginiň aýdyň beýanydyr.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine gelip, ilki bilen, Arkadag şäheriniň lukmançylyk klasteriniň önümçilik toplumlarynyň, Çeper halyçylyk kärhanasynyň binalarynyň ýerleşdiriljek ýerlerini synlady. Şeýle hem bu ýerde şäherde bina edilýän desgalaryň bezeg aýratynlyklaryna degişli dürli serişdeler görkezildi. Gahryman Arkadagymyz önümçilik toplumlarynyň ýerleşjek ýerlerini synlap, binalaryň gurluşygynyň ýokary hil derejesine eýe bolmagynyň we olaryň ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylmagynyň möhüm talap bolup durýandygyna ünsi çekdi. Bu ýerde gurulýan dürli maksatly desgalar täze şäheriň binagärlik keşbi bilen bir bitewi sazlaşygy emele getirmelidir.

Milli Liderimiz bu ýerde görkezilen şekil taslamalary, gurluşygy meýilleşdirilýän binalaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary we gurluşyklarda ulanylýan dürli bezeg serişdeleriniň, yşyklandyryş ulgamynyň görnüşleri bilen tanyşdy. Bular barada Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow hasabat berdi. Bu ýerde Arkadag şäherinde gurulmagy meýilleşdirilýän hem-de gurluşyklary dowam edýän desgalaryň taslamalary görkezildi. Şolaryň hatarynda Arkadag şäheriniň döwlet muzeýiniň, awtomobil menziliniň desgalarynyň taslamalary, Arkadag şäheriniň lukmançylyk klasteri we onuň çäklerinde önümçilik toplumlarynyň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylarynyň görnüşleri bar.

Hormatly Arkadagymyz görkezilýän taslamalar, gurulmagy meýilleşdirilýän binalaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary, bezegleriniň görnüşleri bilen tanşyp, olara birnäçe belliklerini aýtdy we düzedişlerini girizdi. Döwlet muzeýinde halkymyzyň baý taryhyna degişli gymmatly maglumatlar, şekiller ýerleşdirilmelidir. Şol bir wagtyň özünde bu ýerde Arkadag şäheriniň ösüşine degişli gymmatlyklaryň goýulmagy wajypdyr. Täze şäherde şanly seneleriň dabaralandyrylmagy, aýratyn-da, Täze ýyl baýramçylygyny mynasyp garşylamak bilen baglanyşykly meselelere möhüm ähmiýet berilmelidir. Guralýan dabaralarda Arkadag şäheriniň şu güni we geljekki ösüşi, bu ýerde gazanylýan üstünlikler, şäher ilatynyň bagtyýar durmuşy öz beýanyny tapmalydyr. Şanly seneleriň hormatyna guralýan medeni-köpçülikleýin çäreler täze şäheriň gurluşyklarynyň waspyny özünde jemlemelidir diýip, Milli Liderimiz belledi we bu babatda birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Gahryman Arkadagymyz alnyp barylýan gurluşyk işlerinde öňdebaryjy tehnologiýalaryň we iň gowy tejribäniň işjeň ulanylmagynyň, bina edilýän dürli maksatly desgalaryň döwrebap enjamlaşdyrylmagynyň, şäherde ýokary ekologik derejäniň saklanmagynyň möhüm wezipe hökmünde kesgitlenendigini belledi. Binalaryň bezeg aýratynlyklaryna, köprüleriň germewleriniň ykjamlygyna-da zerur üns berilmelidir. Arkadag şäheriniň lukmançylyk klasteriniň önümçilik toplumlarynda öndüriljek önümleriň ýokary hil derejesine we ösen halkara görkezijilere laýyk gelmegi ugrunda tagalla edilmelidir. Önümçilik toplumlarymyzda ornaşdyrylýan enjamlar dünýäniň ösen tehnologiýalaryna esaslanmalydyr.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda meýilleşdirilýän desgalaryň hem birinji tapgyrdaky ýaly ýokary derejede gurulmalydygyny, olaryň hil derejesiniň ünsden düşürilmeli däldigini aýtdy we bu babatda birnäçe tabşyryklary berdi.

Soňra Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýerde Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazowyň hem-de Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowanyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Iş maslahatynyň barşynda D.Orazow täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda gurulmagy meýilleşdirilýän binalar üçin kesgitlenen ýer bölekleri, gurluşygy alnyp barylýan desgalardaky işleriň ýagdaýy, gurluşyk işleriniň depginlerini ýokarlandyrmak boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi. Şeýle hem ol Arkadag şäheriniň gurluşygynyň Ýewropa Hil barlaglary jemgyýetiniň halkara hil baýragyna mynasyp bolandygyny guwanç bilen habar berdi we Gahryman Arkadagymyza degişli baýragy kabul etmek we bu ugur boýunça tejribe alyşmak maksady bilen, Arkadag şäheriniň wekiliýetini Awstriýa Respublikasyna iş saparyna ugratmaga hormatly Prezidentimizden rugsat soramak baradaky haýyş bilen ýüzlendi.

Milli Liderimiz täze şäheriň ikinji tapgyrynda önümçilik maksatly desgalar toplumynyň gurluşyklarynyň amala aşyrylmagynyň şäheriň ykdysady taýdan kuwwatlanmagy bilen bir hatarda, täze iş orunlarynyň döredilmegini hem şertlendirjekdigine ünsi çekdi. Bu bolsa häzirki döwrüň möhüm wezipeleriniň biri bolup durýar. Şunda lukmançylyk klasterine degişli desgalar toplumynyň gurluşyk işleriniň hil derejesine we olaryň bellenilen möhletlerde gurlup ulanmaga tabşyrylmagyna aýratyn ähmiýet berilmelidir. Gahryman Arkadagymyz D.Orazowyň haýyşyny hormatly Prezidentimize ýetirjekdigini aýtdy.

Binýat bolan döwründen bäri täze şäheriň dürli ugurlar boýunça birnäçe halkara güwänamalara we degişli diplomlara mynasyp bolmagy bu ýerde ýerine ýetirilýän işleriň ýokary hil derejesine, halkara görkezijilere laýyk gelýändiginiň, Arkadag şäherinde ýokary ekologik ýagdaýyň saklanmagy ugrunda tagalla edilýändiginiň nobatdaky beýanydyr diýip, Milli Liderimiz belledi hem-de bu ugurda alnyp barylýan işleri degişli derejede dowam etdirmegi tabşyrdy.

Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowa häzirki döwürde täze şäheriň çäklerinde alnyp barylýan giň möçberli arassaçylyk we abadanlaşdyryş işleri barada hasabat berdi. Arkadag şäherinde ýurdumyzyň durmuşynda möhüm ähmiýeti bolan şanly seneleriň, Halkara Bitaraplyk gününiň, Täze ýyl baýramçylygynyň şanyna guraljak dabaralara ýokary derejede taýýarlyk görülýär.

Gahryman Arkadagymyz täze şäheriň ýaşaýyş jaýlarynyň durmuş üpjünçiligi meseleleriniň hemişe gözegçilikde saklanmalydygyny belledi. Şeýle hem bu ýerde şanly seneler mynasybetli guralýan dabaralaryň şatlykly pursatlara, ýatda galyjy wakalara beslenmelidigini aýtdy. Guralýan medeni-köpçülikleýin çärelerde Watanymyzyň okgunly ösüşi, halkymyzyň bagtyýar durmuşy we Arkadag şäherinde gazanylýan ajaýyp üstünlikler öz beýanyny tapmalydyr.

Türkmen halkynyň Milli Lideri baýramçylyklar mynasybetli, bagtyýar watandaşlarymyzyň Arkadag şäherinden jaý almak bagtyna eýe bolmaklary baradaky işleri ýokary derejede guramalydygyny aýtdy hem-de öňde durýan wezipeleri ýerine ýetirmekde üstünlikleri arzuw etdi.

Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzyň ösüşleriň belentliklerine tarap ynamly gadam urýandygynyň şaýady bolan täze şäheriň çägi bilen gidip barşyna Akhan hem-de Köpetdag şaýollarynyň çatrygynda ýerleşýän aýlaw ýolunyň deňinde saklandy. Bu ýerde halkalaýyn aýlaw ýolunyň gurluşygy batly depginde dowam edýär. Onda häzirki zamanyň gurluşyk serişdeleriniň ýokary hilli we döwrebap görnüşleri ulanylýar. Türkmenistanyň at gazanan arhitektory Milli Liderimiz bu ýerde ulanylýan gurluşyk serişdeleriniň berklik, uzak möhletleýinlik we bezeg babatda ösen talaplara laýyk gelmelidigini belledi. Şeýle hem toplumyň ýanaşyk ýerleri göwnejaý abadanlaşdyrylmalydyr, bezeg işlerinde reňkleriň sazlaşygyna möhüm ähmiýet berilmelidir. Gahryman Arkadagymyz bu babatda birnäçe belliklerini aýtdy we olary ýokary derejede ýerine ýetirmelidigini nygtady.

Milli Liderimiz halkalaýyn aýlaw ýolunyň gurluşygyny we onuň merkezi künjeginde ýerleşdirilýän şekilleri synlap, bu binany “Taýçanak” diýip atlandyrmak barada öz maslahatlaryny berdi. Çünki bedew ähli arzuwlaryň wysalydyr. Bedewe atlanan belent maksatlar bilen ak ýola rowanadyr. “Taýçanak” aýlawynyň ussat seýis Aba Annaýewiň adyny göterýän şäherçäniň golaýyndaky künjekde ýerleşdirilmegi, bu ýerde 600 baş ahalteke atyny saklamaga niýetlenen athananyň bolmagy özboluşly sazlaşygy emele getirýär.

Gahryman Arkadagymyz “Taýçanak” binasynyň uzaklardan seleňläp görünmelidigini, islendik adamda uly täsir galdyrmalydygyny, umuman, onuň gurluşygynyň döwrebap derejede alnyp barylmalydygyny nygtady we hemmelere üstünlikleri arzuw edip, bu ýerden ugrady.


https://mincom.gov.tm/tk/news/1256/

28.11.2024, 10:11