radio wave radio source
AŞTU merkezi edarasynda özbaşdak hyzmat ediş terminallaryny ornaşdyrdy.
06:06 18.06.2022


«Aşgabat şäher telefon ulgamy» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň merkezi edarasynda aragatnaşyk operatorynyň müşderilerine AŞTU-nyň hyzmatlarynyň giň toplumyny özbaşdak onlaýn dolandyrmaga mümkinçilik berýän terminallar oturdyldy.


Bu enjam sensor ekranly bolup, onuň kömegi bilen öz şahsy otagyňa girip, gerekli amallary ýerine ýetirip bolýar. Mysal üçin, bu enjamda şäheriçi telefonyň hasabyny barlamak, şäherara we/ýa-da halkara jaňlary hyzmatyny açmak ýa-da ýapmak, jaňlary geçirmek, giriş jaňlary anyklamak we ş.m ýaly hyzmatlardan peýdalanyp bolýar.


Şahsy otagda bulardan başga hem IP telewideniýe hyzmatyny birikdirmek, Belet-Film onlaýn kinoteatryny, interneti açmak, nyrhnama meýilnamasyny saýlamak ýa-da çalyşmak, bir hasapdan başga bir hasaba pul geçirmek we beýleki hyzmatlary amala aşyryp bolýar.


Müşderi ähli gerekli amallary ýerine ýetireninden soň bolsa, kassa baryp peýdalanylan hyzmatyň tölegini geçirmelidir.


Aşgabat şäher telefon ulgamynyň hünärmenleriniň bellemegine görä, täze hyzmat müşderilere şahsy otagyň mümkinçilikleri barada giňişleýin maglumatlary ýetirmek maksady bilen açyldy.


Kärhanada müşderilere amatlylygy we oňaýlylygy üpjün etmek meselelerine aýratyn ähmiýet berilýär. Munuň üçin hem AŞTU-da müşderileriň dürli hyzmatlardan onlaýn peýdalanmaklary nazarda tutulyp, programma üpjünçilikleri yzygiderli işlenilip taýýarlanylýar we ulanyşa girizilýär.








https://www.mincom.gov.tm/tk/news/186/