radio wave radio source
"Türkmentelekom" EAK hünärmenleri tarapyndan Türkmenistanyň radio ýaýlymlaryny diňlemek üçin döredilen mobil goşundysy Google Play we App store internet dükanlarynda elýeterli
17:05 11.05.2022


Google Play we App store internet dükanlarynda Türkmenistanyň döwlet radioýaýlymlaryny diňlemäge mümkinçilik berýän Türkmen Radio ykjam goşundysy peýda boldy.


Indi ulanyjylar dünýäniň islendik künjeginden «Owaz», «Watan», «Çar tarapdan» hem-de «Miras» radioýaýlymlaryny onlaýn diňläp bilerler.


Smartfonlar üçin niýetlenen goşundy radioýaýlymlaryň efirini ýokary durulykda diňlemäge ýardam berýär.


Ykjam goşundy internet dükanynda tölegsiz esasda hödürlenýär we Android 4.1 we iOS 12.0 ondan ýokary wersiýaly smartfonlarda işleýär. Radioýaýlymlary diňlemek üçin internet toruna birikmek zerurdyr (EDGE, 3G, LTE ýa-da Wi-Fi).





https://www.mincom.gov.tm/tk/news/173/