radio wave radio source
"Türkmentelekom" EAK-niň täze hyzmaty - fiziki serweriň kärendesi
19:04 28.04.2022


"Türkmentelekom" Elektrik aragatnaşyk kompaniýasy 2022-nji ýylyň 1-nji maýyndan täze hyzmaty - fiziki serweri tölegli esasda ulanyşa bermek hyzmatyny ýola goýar.


Bu artýan ýükli taslamany, şeýle hem zerurlyklaryňyza görä sazlamak ukyby bolan we köp sanly sahypany ýerleşdirmegiň amatly we tygşytly usulydyr. Hyzmatyň bir bölegi hökmünde, ýöriteleşdirilen maglumat merkezinde ýerleşýän saýlanan konfigurasiýanyň aýratyn fiziki serweri üpjün edilýär.


Müşderi serweriň programma üpjünçiligini we apparat böleklerini dolandyrmak üçin çäklendirmesiz doly administratiw ygtyýar alýar.


Aragatnaşyk kanalynyň kuwwatly hasaplaýyş güýji we ýokary zolakly giňligi aýratyn serwerde islendik çylşyrymly taslamalary ýerleşdirmäge mümkinçilik berýär: onlaýn dükanlardan we köp isleg bildirilýän forumlardan poçta serwerlerine we maglumatlar bazasynyň serwerlerine çenli.


Kärende nyrhy:

  • Aýda HOST 1 - 1985 TMT (goşulan baha üçin salgydy goşmak bilen),
  • Aýda HOST 2 - 2535 TMT (goşulan baha üçin salgydy goşmak bilen),
  • Aýda HOST 3 - 3365 TMT (goşulan baha üçin salgydy goşmak bilen),
  • Aýda HOST 4 - 4885 TMT (goşulan baha üçin salgydy goşmak bilen).


Internet taslamaňyzyň öňünde goýlan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi fiziki serweriň kuwwatyna we dogry konfigurasiýasyna baglydyr.


Bu parametrler aýratyn konfigurasiýa talaplary bilen uly göwrümli taslamanyň durmuşa geçirilmeginde möhüm ähmiýeti bardyr. Aýratyn serwerde maglumatlary ýerleşdirmek, işiň netijeliligini we öndürijiligini ep-esli ýokarlandyrmaga, şeýle hem möhüm maglumatlary üçünji taraplardan ygtybarly goramaga mümkinçilik berýär.


Fiziki serweriň bahasy aýda 1958-den 4885 TMT-e çenli üýtgeýär - bu saýlan kompýuteriňiziň parametrlerine baglydyr. Fiziki serwer maglumat merkezimizde dürli prosessorly, RAM we HDD / SSD diskleri, şeýle hem IP adresleriniň sany bolan onlarça kompýuter bar.


Şoňa laýyklykda, bahalaryň we berilýän hyzmatlaryň hiliniň deňagramlylygy bilen, iň amatly nyrh meýilnamasyny saýlap bilersiňiz.


Haýsy ýagdaýlarda size aýratyn serwer gerek bolar:

  • Siz müşderisi köp bolan uly saýtlaryň eýesi we VPS serweri indi ýeterlik däl.
  • Siz ýokary derejeli howpsuzlyk talap edýän programma sahypalarynyň ýa-da taslamalaryň eýesi.


Bu çözgüdiň artykmaçlyklary:

  • gymmat enjamlary satyn almak üçin çykdajylar ýok;
  • hyzmat ediş işgärleri üçin çykdajylar ýok;
  • serwer otag enjamlary üçin çykdajylar ýok
  • köp artykmaçlyk bilen ygtybarly maglumatlary saklamak;
  • Fiziki serweriň 24/7 tertibinde işlemegi;
  • tehniki goldaw;
  • Fiziki serwere girmek;
  • Fiziki serweriň kuwwatyny artdyrmak mümkinçiligi.










https://www.mincom.gov.tm/tk/news/170/