radio wave radio source
Türkmenistan Ýewraziýa yklymynda hyzmatdaşlygyň diwersifikasiýalaşdyrylmagyny maksat edinýär
04:10 30.10.2020

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow 30-njy oktýabrda Seulda geçirilen Demirgazyk Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Halkara Forumynda wideoýüzlenme bilen çykyş etdi.

Koreýa Respublikasynyň Prezidentiniň hem-de birnäçe döwletleriň Baştutanlarynyň gatnaşmagynda wideomaslahat görnüşinde geçirilen ýokary derejeli Forumyň gün tertibine häzirki döwrüň anyk ýagdaýlary bilen baglylykda we geljekden ugur alyp, Ýewraziýa hyzmatdaşlygynyň möhüm meseleleri girizildi.

Milli Liderimiz öz çykyşynda ählumumy parahatçylygyň, abadançylygyň we ösüşiň bähbitlerine kybap gelýän sebit we dünýä derejesindäki netijeli gatnaşyklary ösdürmek meselelerinde Bitarap Türkmenistanyň işjeň hem-de oňyn başlangyçlar ýörelgesini tassyklady.

Hormatly Prezidentimiz Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Mun Çže Ine we duşuşyga gatnaşyjylara ýüzlenip, hemmeleri Demirgazyk Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Halkara Forumynyň işiniň başlanmagy bilen mähirli gutlady hem-de gutlag sözi bilen ýüzlenmäge döredilen mümkinçilik üçin minnetdarlyk bildirdi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu wekilçilikli foruma Ýewraziýada halkara ykdysady, söwda we maýa goýum hyzmatdaşlygyny uzakmöhletleýin ösdürmegiň strategik taýdan ähmiýetli meseleleriniň ara alnyp maslahatlaşylmagy bilen baglylykda, öz wagtynda öňe sürlen başlangyç hökmünde garaýandygyny belledi.

Taryhy taýdan biziň yklymymyz ýygjam we köptaraply gatnaşyklaryň tebigy giňişligi hökmünde orta çykyp, şol gatnaşyklara onlarça halklar hem-de döwletler goşulyşdy diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Ýüzýyllyklaryň dowamynda olaryň arasynda ykdysady we täjirçilik gatnaşyklary ösdürildi, söwda gatnawlary ýüze çykdy hem-de özleşdirildi. Bu ýagdaýlar hemişe ägirt uly ösüşleri gazanmak wezipesini ýerine ýetirip, medeniýetleriň we däp-dessurlaryň özara baglanyşygyny üpjün etdi, bu bolsa birek-biregi has oňat tanamaga hem-de düşünişmäge kömek edýärdi.

- Toplanan köpasyrlyk tejribä akyl ýetirmek hem-de ony häzirki anyk ýagdaýlara we şertlere hakyky uýgunlaşdyrmak—Ýewraziýa yklymynda toplumlaýyn ösüşiň täze meýilnamalary hem-de strategiýalary döredilende şu günki günde umumy wezipeler, hut şeýdip kesgitlenilmelidir diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi.

- Biz Türkmenistanda muny Beýik Ýüpek ýolunyň täzeden dikeldilmegi diýip atlandyryp, bu ýerde ýaşaýan halklaryň hem-de onuň ugrunda ýerleşen döwletleriň arasyndaky özara gatnaşyklarynyň täsin häsiýetiniň taryhy taýdan dowamatlylygyny aýdyňlaşdyrýarys diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi.

Biziň ýurdumyz Koreýa Respublikasynyň “Täze Demirgazyk Ykdysady syýasat” başlangyjyna hut şeýle nukdaýnazardan öz çemeleşmesini kemala getirýär. Biz bu taslama hormat hem-de hoşniýetlilik bilen garap, onuň amala aşyrylmagy Gündogar-Günbatar we Günorta-Demirgazyk ugurlar boýunça häzirki zamanyň geoykdysady gurluşyny ýola goýmagyň möhüm ýagdaýy bolup biler diýip hasaplaýarys diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi.

Hormatly Prezidentimiz “Täze Demirgazyk Ykdysady syýasatyň” esasynda goýlan maksatlaryň we ýörelgeleriň iş ýüzünde amala aşyrylmagynyň köpugurly energetika, ulag-üstaşyr geçelgeleriniň döredilmeginde, özara baglanyşygy bolan önümçilik tapgyrlarynyň hem-de Ýewraziýa ykdysady hyzmatdaşlygynyň senagat guşaklyklarynyň kemala getirilmeginde anyk höweslendiriji güýje öwrüljekdigine ynam bildirdi.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Ýewraziýa yklymynda geoykdysadyýetiň täze keşbiniň baş mazmunynyň hyzmatdaşlygyň diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürilmeginden ybarat bolmalydygyny belledi. Munuň özi anyk ýagdaýdyr, şoňa görä-de, onda ösüşe gönükdirilen islendik netijeli strategiýalar bähbitleriň hem-de uzakmöhletli maksatlaryň gabat gelmeginiň we utgaşmagynyň esasynda birek-biregiň ornuny tutman, eýsem, üstüni ýetirmäge hyzmat etmelidir.

- Ol ýa-da beýleki taslamalar meýilleşdirilende we durmuşa geçirilende, Türkmenistanyň eýeleýän ornuna bolan düýpli garaýşy hem-de hyzmatdaşlar bilen özara gatnaşyklarynyň görnüşi şunda jemlenýär diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady. Şunda biz gatnaşyklaryň köptaraply görnüşlerini diňe berkidýän we baýlaşdyrýan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň netijeliligine hem ynanýarys.

Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz ýurdumyzyň Koreýa Respublikasy bilen gatnaşyklara özara düşünişmegiň, netijeliligiň we ikitaraplaýyn bähbidiň derejesine ýokary baha berýändigini belläp, ikitaraplaýyn haryt dolanyşygynyň depginlidigini we durnuklydygyny, şeýle hem maýa goýum hyzmatdaşlygynyň üstünlikli ösdürilýändigini nygtady.

Eýýäm ençeme ýyl bäri “LG” hem-de “Hyundai” koreý kompaniýalary Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň nebitgaz we ulag ulgamlarynda netijeli işleýärler diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy. Koreýanyň şu hem-de beýleki kompaniýalarynyň gatnaşmagynda üstünlikli tamamlanan strategik taslamalaryň hatarynda ýurdumyzda tebigy gazy kükürtden arassalaýan zawodyň gurluşygyny, polietilen we polipropilen önümçiligi boýunça gazhimiýa toplumynyň desgasyny agzap bolar.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz ýol hereketiniň howpsuzlygy ulgamynyň gurluşyny we maslahat beriş hyzmatyny, Koreýanyň bütin dünýäde meşhur kompaniýalary tarapyndan öndürilýän awtomobil tehnikalaryny ibermegiň durnukly ulgamynyň döredilmegini mysal hökmünde getirdi.

Şunuň bilen bir hatarda, milli Liderimiz ylmy pudaklarda, şol sanda telekommunikasiýa we älem ulgamlarynda, suwdan peýdalanmakda, hususan-da, deňiz suwuny süýjetmek babatda taslamalary durmuşa geçirmekde bilelikde işlemek üçin uly geljegiň bardygyny belledi.

Hormatly Prezidentimiz pursatdan peýdalanyp, Koreýa Respublikasynyň işewür jemgyýetçiligine türkmen bazaryna has işjeň gatnaşmak baradaky çakylyk bilen ýüzlendi hem-de koreý kompaniýalarynyň Türkmenistanda işlemegine has doly goldaw bermäge, olar üçin has oňaýly şertleri döretmäge taýýardygyny tassyklady.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hyzmatdaşlyk etmäge öz çemeleşmämizi kesgitläp, ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça möhüm halkara başlangyçlar bilen çykyş etmek arkaly, Türkmenistanyň Aziýanyň ägirt uly ynsan başarnyklary, intellektual, maliýe, senagat, tehnologik kuwwaty bilen köp babatda ählumumy ösüşiň geljekki gün tertibini kemala getirjekdiginden ugur alýandygyny nygtady.

Häzir Aziýa döwletleri ähmiýetli hem-de geljegi uly pikirleri we meýilnamalary hödürläp, öz aralarynda hem-de Ýer ýüzüniň beýleki sebitleri bilen gatnaşyklaryň täze nusgalaryny tapmagyň gözleginde diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.
Biziň ýurdumyz uglewodorod, mineral hem-de çig malyň beýleki görnüşleriniň ägirt uly ätiýaçlyklaryna eýe bolup, öz önümçilik, ulag we logistika düzümlerini ösüşini artdyrýar.

Hormatly Prezidentimiziň beýan edişi ýaly, Türkmenistan Aziýadan Ýewropa tarap strategik ýollaryň çatrygynda ýerleşip, bu mümkinçilikleri we artykmaçlyklary ösüşiň umumy maksatlarynyň hyzmatyna goýmaga, gatnaşyklaryň anyk ykdysady, söwda, maýa goýum ulgamynyň döredilmegine hem-de hyzmatdaşlar bilen bilelikde rowaçlygyň we abadançylygyň ýoly bilen gitmäge goşandyny goşmaga taýýardyr.

Milli Liderimiz özüniň wideoýüzlenmesini tamamlap, Foruma gatnaşyjylary ýene-de bir gezek gutlady we hemmelere mazmunly we netijeli işlemegi arzuw etdi.

Koreýa Respublikasynyň Prezidenti netijeli ikitaraplaýyn we halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek meselelerinde berýän işjeň goldawy, döwrüň möhüm wezipeleriniň çözgüdini işläp taýýarlamak boýunça umumy tagallalary birleşdirmek işinde eýeleýän netijeli ýörelgesi üçin Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.


http://tdh.gov.tm/news/tm/articles.aspx&article24939&cat19