radio wave radio source
2021-nji ýyl «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany»
Türkmenistanda «Altyn asyr» öýjükli aragatnaşyk tory giňeldiler
23:10 01.10.2021




Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew Hökümetiň şu gün geçirilen mejlisinde döwlet Baştutanyna “Türkmenaragatnaşyk” agentligi tarapyndan internet ulgamyny döwrebaplaşdyrmak boýunça geçirilen işler barada habar berdi. Şoňa laýyklykda, «Altyn asyr» öýjükli aragatnaşyk toruny giňeltmek üçin enjamlar toplumyny satyn almak barada halkara bäsleşik yglan edildi. Onuň netijeleri boýunça birnäçe daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň teklipleri seçilip alyndy.


Milletiň Lideri “Türkmenaragatnaşyk” agentliginiň sanly ulgamyny özgertmek, tehniki taýdan döwrebaplaşdyrmak meseleleri barada durup geçmek bilen, ýurdumyzyň iri taslamalary amala aşyrmaga girişendigini belledi. Olar öňdebaryjy tehnologiýalar esasynda kommunikasiýalar ulgamyny döretmäge, aragatnaşyk hyzmatlarynyň möçberini, hilini we görnüşlerini artdyrmaga, şol sanda giň zolakly internetiň elýeterliligini üpjün etmäge gönükdirilendir.


Döredilen mümkinçilikleri netijeli peýdalanmak bilen, degişli işleri yzygiderli amala aşyrmak, “Altyn asyr” öýjükli aragatnaşyk ulgamynyň hyzmatlaryny giňeltmek zerurdyr diýip, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow bu babatda anyk tabşyryklary berdi.









https://turkmenportal.com/tm/blog/40179/turkmenistanda-altyn-asyr-oyjukli-aragatnashyk-tory-gineldiler