radio wave radio source
Döwrebap özgertmeleriň üstünligi — Watanymyzyň rowaçlygynyň girewi
04:11 23.11.2020

Milli Liderimiziň yzygiderli durmuşa geçirýän özgertmeleriniň umumy strategiýasynyň hut şu möhüm ugurlary — özara bähbitli daşary syýasy hyzmatdaşlyk, baý tebigy serişdeleriň netijeli ulanylmagy, halkara ähmiýetli iri taslamalaryň amala aşyrylmagy, ykdysadyýetiň ähli pudaklarynyň senagatlaşdyrylmagy we sanlylaşdyrylmagy, türkmenistanlylaryň durmuş derejesiniň maksadalaýyk ýokarlandyrylmagy hem-de ekologiýa abadançylygynyň üpjün edilmegi geçen hepdäniň wakalarynda öz aýdyň beýanyny tapdy.

18-nji noýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Katar Döwletiniň Emiri Tamim bin Hamad Al-Taniniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Söhbetdeşligiň dowamynda taraplar söwda-ykdysady ulgamda we beýleki pudaklarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Nebitgaz ulgamy, ulag-kommunikasiýa pudagy, himiýa we dokma senagaty, söwda we maýa goýum gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda kesgitlenildi.

Şeýle hem adamzat üçin çynlakaý wehime öwrülen koronawirus pandemiýasynyň ýaýramagyna garşy göreşmekde dünýä bileleşiginiň tagallalarynyň mundan beýläk-de jebisleşdirilmeginiň zerurdygyna ynam bildirildi.

Milli Liderimiz Kataryň Baştutanyny özi üçin islendik amatly wagtda ýurdumyza resmi sapar bilen gelmäge çagyrdy. Çakylyk hoşallyk bilen kabul edildi. Saparyň möhletleri diplomatik ýollar arkaly ylalaşylar.

19-njy noýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleriniň gatnaşmagynda wideomaslahat görnüşinde geçiren Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň ileri tutulýan wezipelerine garaldy.

Ara alnyp maslahatlaşylan meseleleriň hatarynda ýeke-täk içerki halkalaýyn energiýa ulgamyny döretmegiň taslamasyny amala aşyrmak, söwda ulgamynyň kärhanalarynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek, paýtagtymyzy abadanlaşdyrmak, gyş paslyna taýýarlyk görmek, obasenagat toplumyny özgertmek baradaky meseleler boldy.

Döwlet Baştutanymyzyň garamagyna edara-kärhanalaryň maliýe-ykdysady ýagdaýyny kadalaşdyrmak we sagdynlaşdyrmak, olaryň tölege ukyplylygyny ýokarlandyrmak maksady bilen, algy-bergileriň hasaplaşygyny geçirmegiň tertibine üýtgetmeleri girizmek arkaly býujete tölenmeli salgytlar we ýygymlar bilen birlikde, jerimeler, puşmana tölegleri babatda hem özara hasaplaşygy geçirmek baradaky teklip hödürlenildi.

Hökümetiň mejlisinde garalan meseleleriň biri geljek ýyl belleniljek şanly senä — Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk baýramyna taýýarlyk görmek baradaky mesele boldy.

Şunuň bilen baglylykda, mejlise gatnaşyjylara ýylyň ahyryna çenli gurulýan desgalary düýpli seljermek we özboluşly desgalaryň birnäçesini 2021-nji ýylda ulanmaga bermegiň meýilnamasyna goşmak üçin saýlap almak tabşyryldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanda sanly ykdysadyýet we innowasion tehnologiýalar boýunça «Türkmentel — 2020» atly XIII halkara onlaýn maslahata taýýarlyk görmek baradaky meselä ünsi çekip, ýurdumyzyň tehnologiýa babatda uly ösüşe eýe bolandygyny, munuň durmuş-ykdysady taýdan ösüşiň uzak möhletli maksatnamasynyň üstünlikli amala aşyrylmagy netijesinde mümkin bolandygyny belledi. Şunda innowasion ugra, ýokary tehnologiýalary ornaşdyrmaga, köpçülikleýin kompýuterleşdirmäge, dünýäniň iň gowy tejribesini, şol sanda aragatnaşyk ulgamyndaky tejribesini özleşdirmäge aýratyn üns berilýär.

Bäsleşige gelip gowşan işleriň 700-siniň içinden saýlanylyp alnan, «2021-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» ady bilen taýýarlanan nyşanlaryň teklip edilýän taslama görnüşlerini gözden geçirip, milli Liderimiz ýurdumyzyň gazanýan üstünliklerini we parahatçylyk döredijilikli başlangyçlaryny, halkymyzyň baý taryhy-medeni mirasyny wagyz etmekde onuň aýratyn ähmiýetini nygtap, anyk tekliplerini aýtdy.

Döwlet Baştutanymyzyň garamagyna “Türkmenistanda tebigy we takyk ylmy ugurlara degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasynyň” taslamasy hem-de ony amala aşyrmak boýunça geçirilmeli çäreleriň meýilnamasy hödürlenildi. Şol taslama ýaş nesle ýokary hilli bilim bermek we hünär öwretmek, bilim ulgamyny innowasion taýdan ösdürmek boýunça hormatly Prezidentimiziň öňde goýan möhüm wezipelerinden ugur alnyp taýýarlanyldy.

Milli Liderimiz obasenagat toplumyny özgertmegiň möhüm meselelerine ünsi çekip, «Oba hojalyk ekinleri üçin himiki serişdeleri satyn almak hakynda» Karara we “Döwlet edara-kärhanalaryna hem-de hususy önüm öndürijilere ýer böleklerini peýdalanmaga bermek hakynda” Buýruga gol çekdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň durmuşa geçirilýän daşary syýasat ýörelgesiniň möhüm ugurlarynyň biri abraýly halkara guramalar, şol sanda ÝHHG bilen netijeli gatnaşyklary ösdürmekden ybaratdyr. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna 2021-nji ýyl üçin taslamalaryň meýilnamasy hödürlenildi. Ol hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny öz içine alýar. Meýilnama ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkezi we ýurdumyzyň degişli döwlet edaralary bilen bilelikde taýýarlanyldy. Taslamalaryň 37-sini syýasy ulgamda, 13-sini ykdysadyýet ugry boýunça, 18-sini ynsanperwer ulgamda durmuşa geçirmek göz öňünde tutulýar. Umuman, 2021-nji ýylda 68 taslamany amala aşyrmak meýilleşdirilýär.

Hormatly Prezidentimiz hödürlenen meýilnamany makullap, ony iş ýüzünde amala aşyrmak boýunça hemme zerur çäreleri görmegi we umuman, ÝHHG bilen netijeli hyzmatdaşlygy berkitmek babatda degişli işleri dowam etmegi tabşyrdy.

20-nji noýabrda milli Liderimiz ýurdumyzyň Içeri işler ministrliginiň işgärleri üçin paýtagtymyzyň demirgazyk böleginde — Çoganly şäherçesinde bina edilen täze kottejler toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy.

Dabaranyň öňüsyrasynda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Içeri işler ministrliginde Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň göçme mejlisini geçirip, häzirki döwürde harby we hukuk goraýjy edaralaryň öňünde goýlan wezipeleriň möhümdigini belledi.

Mejlisiň dowamynda döwlet Baştutanymyza Türkmenistanyň içeri işler edaralarynda uzak ýyllaryň dowamynda birkemsiz çeken tutanýerli zähmetini, ýaşlary zähmetsöýerlik, Watana wepalylyk ruhunda terbiýelemek ugrunda bitiren aýratyn uly hyzmatlaryny, belent adamkärçiligi bilen halkymyza görelde bolup, ýurdumyzda uly abraýa eýe bolandygyny hem-de Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrabynyň Çoganly ýaşaýyş toplumyndaky Içeri işler ministrliginiň ýaşaýyş jaý toplumynyň ilatynyň we içeri işler edaralarynyň şahsy düzümleriniň ýüztutmalaryny hem-de Içeri işler ministrliginiň towakganamasyny nazara alyp, Mejlisiň Karary bilen, bu topluma içeri işler edaralarynyň hormatly weterany Mälikguly Berdimuhamedowyň adynyň dakylandygy habar berildi.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Çoganly ýaşaýyş toplumyna gelip, dabara gatnaşýanlaryň şowhunly el çarpyşmalary bilen jaýlara barýan ýoluň ugrundaky toý derwezesiniň golaýyndaky toý bagyny kesdi hem-de toplumyň edara ediş binasyna tarap ugrady. Onuň diwarynda içeri işler gullugynyň weterany Mälikguly Berdimuhamedowyň diwar heýkeliniň şekili ýerleşdirildi. Bu ýaşaýyş toplumyna hem onuň ady dakyldy.

Döwlet Baştutanymyz bu ýerde döredilen uly bolmadyk muzeýi gözden geçirdi. Bu ýerde Mälikguly Berdimuhamedowa bagyşlanan arhiw materiallary, dürli resminamalaryň, şahadatnamalaryň, şol sanda döwlet sylaglary hem-de harby atlary hakyndaky şahadatnamalaryň nusgalary we suratlar jemlenipdir. Aýratyn diwarlykda milli Liderimiziň ene-atasy bilen düşen, maşgala arhiwinden alnan suratlar, şeýle hem hormatly Prezidentimiziň kakasynyň jemgyýetçilik işi barada gürrüň berýän suratlar ýerleşdirilipdir.

Podpolkownik Mälikguly Berdimuhamedow Watanymyz we halkymyz üçin ägirt uly işleri bitirdi. Ol kasama wepaly bolmak bilen, ak ýürekden gulluk etdi hem-de öňde goýlan maksatlara ýetmäge örän jogapkärli çemeleşdi. Ol hemişe göreldeli serkerde bolupdy we şeýle bolmagynda galmak bilen, ýaş harby gullukçylar üçin ajaýyp görelde görkezýär.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow özüniň “Döwlet guşy” atly kitabynda: “Şeýle agyr şatylara merdi-merdanalyk bilen döz gelip, oba adamlaryna goldaw-hemaýat beren, beýik gahrymançylyk görkezen kakama men çäksiz guwanýaryn, buýsanýaryn... Mähriban kyblamyň ömür ýoly — maňa nusgalyk ýol, onuň asylly beýik ahlak sypatlary meniň idealym, meniň durmuş uniwersitetim” diýip belleýär.

Döwlet Baştutanymyz Hormatly myhmanlaryň kitabynda ýadygärlik ýazgy galdyryp, nesilleriň dowamatlylygynyň nyşany hökmünde dolandyryş binasynyň howlusynda ýaş agaç nahalyny oturtdy.

Täze kottejler toplumy 2017-nji we 2019-njy ýyllarda gurlan iki binalar toplumynyň üstüni ýetirdi.

Içeri işler ministrliginiň buýurmasy boýunça jaýlaryň gurluşygyny onuň garamagyndaky gurluşyk kompaniýasy amala aşyrýar. Iki gatly kottejleriň her biri giň otaglaryň bäşisinden ybaratdyr. Ýurdumyzdaky döwrebap desgalaryň ählisinde bolşy ýaly, bu jaýlarda hem öý eýeleriniň ähli amatlyklaryň hözirini görüp ýaşamaklary üçin oňaýly şertler göz öňünde tutuldy.

Kottejleriň gurluşygynda ýerli çig maldan öndürilen ýokary hilli gurluşyk serişdeleri ulanyldy. Jaýyň ýanaşyk 8 sotok mellek ýerinde bolsa hojalygy ýöretmek, gök ekerançylyk ýa-da bagçylyk bilen meşgullanmak üçin ýerler ýeterlik.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow ýaşaýyş toplumyny synlamagynyň barşynda, täze jaýa göçüp gelenleriň biriniň öýüne myhmançylyga baryp, täze öýüň eýesiniň jaýyň içki abadançylygy, amatlylygy hem-de bezegi baradaky pikiri bilen gyzyklandy.

Hormatly Prezidentimiz maşgalabaşydan gullugy barada sorady, maşgalanyň kiçi agzalaryndan olaryň okuwy, höwes edýän ugurlary bilen gyzyklandy. Milli Liderimiz täze öýde abadançylyk we bagtyýarlyk arzuw edip, täze jaýa göçüp baran maşgala agzalarynyň her birine sowgatlary we umumy sowgady — ýurdumyzda öndürilen smart-telewizory gowşurdy.

Döwlet Baştutanymyz soňra ýoluny dowam edip, ýurdumyzyň ähli sebitlerinde harby we hukuk goraýjy edaralaryň kömekçi hojalyklarynda öndürilýän gök-bakja, miwe we azyk önümleriniň sergisi bilen tanyşdy.

Şeýle hojalyklary ýöretmek ýaş esgerleriň zähmet terbiýesinde uly ähmiýete eýedir. Milli Liderimiz harby gulluk bilen birlikde, ýaş harby gullukçylaryň senetleriň dürli görnüşleri, ekerançylyk we maldarçylyk bilen meşgullanmak höwesini artdyrmaga aýratyn üns bermäge çagyrýar. Munuň özi ýaşlaryň gullugy tamamlanlaryndan soň, hünärleri saýlap almagyna ýardam eder.

Geçen hepdede Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” atly ýapon dilinde neşir edilen kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy boldy. Onlaýn görnüşde geçirilen çärä türkmen okuw mekdepleri bilen hyzmatdaşlyk edýän Tokio, Sukuba we Kitasato uniwersitetleriniň ýolbaşçylary we wekilleri, dostlukly ýurduň ylmy jemgyýetçiligi gatnaşdylar.

Ýaponiýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Hiroýuki Ýamamoto çärede çykyş edip, milli Liderimiziň “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” atly kitabynyň ýapon dilinde çap edilmeginiň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ýokary derejesini nobatdaky gezek tassyklaýandygyny hem-de döwletara gatnaşyklaryň has-da berkidilmegine möhüm goşant goşýandygyny belledi.

17-nji noýabrda göni wideoaragatnaşyk arkaly “Merkezi Aziýa — Ýewropa Bileleşigi” atly nobatdaky ministrler duşuşygy geçirildi. Oňa Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary, şeýle hem Ýewropa Bileleşiginiň daşary işler we howpsuzlyk syýasaty boýunça Ýokary wekili, Ýewropa Komissiýasynyň wise-prezidenti hem-de Ýewropa Bileleşiginiň halkara hyzmatdaşlyk boýunça komissary gatnaşdy.

Onlaýn duşuşykda Merkezi Aziýada we golaýdaky sebitlerde howpsuzlygy hem-de durnuklylygy üpjün etmek meselelerine hem garaldy. Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň wekilleri ýüze çykýan çylşyrymly ýagdaýlary bilelikde çözmegiň zerurdygyny aýdyp, howanyň üýtgemegi baradaky meselä örän çynlakaý üns bermäge çagyrdylar.

Ýewropa Bileleşiginiň hem-de Merkezi Aziýanyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary bilim, ylym, medeniýet, tehnologiýalar we innowasiýalar ulgamynda, COVID-19 pandemiýasyny hem-de onuň durmuş-ykdysady netijelerini ýeňip geçmekde gatnaşyklary giňeltmegiň mümkinçiliklerine garadylar.

Bu duşuşygyň netijeleri boýunça Bilelikdäki beýannama kabul edildi. Şonda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň birnäçe başlangyçlarynyň, hususan-da, 12-nji dekabrda Aşgabatda “Bitaraplyk syýasaty we onuň halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmekdäki ähmiýeti” atly halkara maslahaty geçirmek hem-de türkmen tarapynyň teklibi boýunça BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamasy bilen 2021-nji ýylyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly diýlip yglan edilmegine bagyşlanan ýokary derejeli forumy guramak ýaly başlangyçlarynyň ähmiýeti aýratyn bölüm bilen bellenildi.

Şeýle hem duşuşyga gatnaşyjylar BMG-niň çäginde Bitaraplygyň dostlary toparynyň döredilmegini goldadylar. Merkezi Aziýanyň we Ýewropa Bileleşiginiň käbir ýurtlary onuň agzalary bolup durýar.

Geçen hepdede BMG-niň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistandaky wekilhanasynyň hem-de ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň 2021-nji ýyl üçin bilelikde işlemegiň iş meýilnamalarynyň taslamalaryny ara alyp maslahatlaşmak boýunça onlaýn iş maslahaty geçirildi. Maslahatyň barşynda çagalaryň saglygyna, olary iýmitlenmegine, hemmetaraplaýyn ösmegine, durmuş taýdan goramaga, ýokary hilli bilime degişli ugurlar boýunça gatnaşyklary pugtalandyrmaga, bu ulgamda döwlet dolandyryşyny kämilleşdirmäge gönükdirilen anyk teklipler beýan edildi.

Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň, Ylymlar akademiýasynyň wekilleri wideoaragatnaşyk maslahaty görnüşinde BMG-niň Howanyň üýtgemegi boýunça Çarçuwaly Konwensiýasynyň tehnologiýalar boýunça Ýerine ýetiriji komitetiniň mejlisine gatnaşdylar.

Bu ara alyp maslahatlaşmalara Türkmenistanyň gatnaşmagynyň aýratyn möhümdigi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň dünýä gün tertibiniň wajyp meselelerini çözmäge işjeň gatnaşmaga taýýardygyny tassyklaýandygy hem-de bu ugurda ähmiýetli başlangyçlary öňe sürýändigi bilen nygtalýar. Şolaryň biri Aşgabatda BMG-niň howandarlygynda howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly Tehnologiýalar boýunça sebit merkezini döretmek babatdaky başlangyçdyr.

Hepdäniň wakalaryna synymyzy dowam edip, Mejlisiň wekilleriniň Parlamentara birleşigi tarapyndan guralan we COVID-19 döwründe hemmeleri saglygy goraýşyň hyzmatlary bilen gurşap almaga hem-de bu ugurda iň gowy parlament tejribesine bagyşlanan okuw maslahata gatnaşandygyny bellemek gerek.

Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň ilatyň saglygyny goramak ulgamynda uly üstünlikleri gazanandygy bellenildi. Munuň özi milli Liderimiziň durmuşa geçirýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry bolup durýar.

Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň ýolbaşçylary hem-de işgärleri, Durnukly ösüş maksatlarynyň milli maglumatlar binýadyny işläp taýýarlamaga çekilen beýleki edaralaryň hünärmenleri “DÖM-ne ýetmek üçin ygtybarly maglumat gorlaryny döretmek” atly okuw maslahata gatnaşdylar. Halkara bilermenleriň belleýşi ýaly, Türkmenistan Durnukly ösüşiň maksatlaryny milli şertlere uýgunlaşdyrmak babatda dünýäde öňdebaryjy bolup, degişli çäreleri üstünlikli amala aşyrýar.

Daşary syýasat edarasynda Şwesiýa Patyşalygynyň daşary işler ministri hanym Ann Linde bilen onlaýn duşuşyk geçirildi. Onuň barşynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen başlangyçlarynyň ähmiýeti aýratyn bellenildi.

Şunuň bilen baglylykda, dünýäde ýüze çykýan meseleleri çözmekde Bitaraplyk syýasatynyň mümkinçiliklerini ulanmagyň derwaýysdygy bellenildi. Şwesiýanyň 2021-nji ýylda ÝHHG-de başlyklyk etjek döwründe ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şeýle hem DIM-de BMG-niň Ženewadaky bölüminiň Baş direktory, Ýaragsyzlanmak boýunça Konferensiýanyň Baş sekretary hanym Tatýana Walowa bilen wideoduşuşyk geçirildi. Taraplar ählumumy howpsuzlygy we durnuklylygy gazanmaga, adam hukuklaryny goramaga, ekologiýa we energetika howpsuzlygyna gönükdirilen bilelikdäki işleriň dowam etdirilmegine gyzyklanma bildirdiler.

Koronawirus pandemiýasyny hem-de onuň durmuş-ykdysady netijelerini ýeňip geçmek boýunça hyzmatdaşlygyň möhümdigi barada durup geçmek bilen, Türkmenistanyň Baş Assambleýanyň 75-nji mejlisiniň çäklerinde saglygy goraýyş ulgamynda degişli halkara gurallary işläp taýýarlamaga we döretmäge seretmegi teklip edýändigi bellenildi.

Wideomaslahat görnüşde geçen GDA gatnaşyjy döwletleriň howpsuzlyk geňeşiniň sekretarlarynyň nobatdaky duşuşygy hepdäniň wakalarynyň biri bolup, oňa GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň Başlygy hem-de Toparlaýyn howpsuzlyk Şertnamasy Guramasynyň Baş sekretary gatnaşdy.

Mejlisiň dowamynda oňa gatnaşyjylar GDA-nyň giňişliginde biologiýa howplaryna garşy durmak, pandemiýa ýagdaýyna garşy göreşmäge hem-de onuň täsirlerini kemeltmäge gönükdirilen döwletara gatnaşyklary işjeňleşdirmekde tagallalary birleşdirmek meseleleri boýunça pikir alyşdylar.

Maglumatlar howpsuzlygy babatda häzirki zamanyň howplaryna hem-de wehimlerine garşy hereket etmek boýunça özara gatnaşyklary berkitmek, şeýle hem kiber giňişligiň kuwwatyny pugtalandyrmak duşuşygyň aýratyn meselesi boldy. Sebitiň durnuklylygy ara alnyp maslahatlaşylanda Owganystan Yslam Respublikasynda parahatçylygy we durnuklylygy pugtalandyrmaga ýardam etmekde tagallalary geljekde hem birleşdirmegiň möhümdigi bellenildi.

Ýurdumyzyň Maliýe we ykdysadyýet, Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak, Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar, Daşary işler ministrlikleriniň wekilleri BMG-niň Merkezi Aziýanyň ykdysadyýeti üçin Ýörite maksatnamasynyň (SPEKA) wideoaragatnaşyk arkaly geçirilýän ykdysady forumyna gatnaşdylar. Onda “COVID-19 pandemiýasyndan soňky durmuş-ykdysady dikeldişe goldaw bermekde sebitleýin hyzmatdaşlyk” mowzugy boýunça pikir alyşmalar boldy.

Maslahata gatnaşyjylar BMG-niň ölçeglerini, intellektual ösüşi peýdalanmak bilen, söwda we ulag, sanly geçelgeler hem-de “Bir bitewi penjire” ulgamlarynda sanly mümkinçilikleri amala aşyrmagyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Koronawirusyň ýaýrap başlan wagtyndan SPEKA-nyň ýurtlary tarapyndan girizilen ykdysady syýasat, maliýe-býujet, karz-pul çäreleri we strategiýalary aýratyn ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistanyň wekiliýeti wideomaslahat görnüşinde geçirilen GDA gatnaşyjy döwletleriň medeni hyzmatdaşlygy boýunça geňeşiň XXXV mejlisine gatnaşdy. Netijeli pikir alyşmalaryň barşynda mejlise gatnaşyjylar medeniýetara gatnaşyklaryň gymmatlyklaryny ykrar etmekde Medeni hyzmatdaşlyk boýunça geňeşiň aýratyn ornuny bellemek bilen, şol gatnaşyklaryň döwletleriň diplomatiýasynyň esasyna öwrülip, umumy gymmatlyklary we maksatlary ilerletmäge, Arkalaşygyň birleşme esaslaryny berkitmäge ýardam edýändigini nygtadylar.

Ýurdumyzyň wekilleri BMG-niň söwda we ösüş konferensiýasy (UNKTAD), BMG-niň Ykdysady we durmuş geňeşi (EKOSOS), “Madrid klubynyň” liderleriniň Bütindünýä bileleşigi, BBC World News we beýlekiler tarapyndan guralan “G-Global. XXI asyryň dünýäsi” atly halkara onlaýn kongrese gatnaşdylar. Duşuşygyň esasy meselesi ykdysadyýeti we söwdany durnukly ösdürmegiň, maliýe ösüşiniň täze ugurlary, halkara bilimler we innowasiýalar merkezi hökmünde şäherleriň kuwwatyny pugtalandyrmak bilen bagly boldy.

Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty BMG-niň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) wekilhanasy bilen bilelikde 20-nji noýabrda bellenilýän Bütindünýä çagalar gününe, şeýle hem Çaganyň hukuklary hakynda Konwensiýanyň kabul edilmeginiň senesine bagyşlanan çäreleri gurady.

Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň wekilleri jenaýatçylykly ýol bilen gazanylan girdejileri kanunylaşdyrmaga hem-de terrorçylygy maliýeleşdirmäge garşy göreşmek boýunça Ýewraziýa toparynyň (ÝT) 33-nji mejlisine gatnaşdylar. Onlaýn mejlisiň gün tertibine guramanyň öňünde goýlan maksatlary we wezipeleri çözmek boýunça bilelikdäki ädimleri, şeýle hem ÝT-niň agza döwletleriniň COVID-19 pandemiýasy zerarly emele gelen, jenaýatçylykly ýol bilen gazanylan girdejileri kanunylaşdyrmagyň we terrorçylygy maliýeleşdirmegiň töwekgelçiliklerini azaltmak boýunça işiniň netijelerini ara alyp maslahatlaşmak girizildi.

Suw hojalygy baradaky döwlet komitetinde Türkmenistanyň hem-de Owganystan Yslam Respublikasynyň arasynda onlaýn maslahat görnüşinde Suw hojalyk meseleleri boýunça utgaşdyryjy toparyň dördünji mejlisi geçirildi. Taraplar Türkmenistanyň we Owganystan Yslam Respublikasynyň arasynda halkara hukugyň kadalarynyň we ýörelgeleriniň hem-de taraplaryň bähbitleriniň özara hasaba alynmagynyň esasynda, serhetüsti suw serişdelerini bilelikde peýdalanmak babatda hyzmatdaşlygy has-da berkitmek we ösdürmek barada aýtdylar.

Jemgyýetçilik guramalarynyň merkeziniň mejlisler zalynda Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň döredilen gününe bagyşlanyp, işjeňleri sylaglamak dabarasy geçirildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen ýaşlarynyň işlerine ýokary baha berip, olaryň Watanymyzyň güýji we kuwwaty, mertebesi hem-de abraýy, beýik geljegi bolup durýandyklaryny nygtaýar. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy öz hatarynda 900 müň agzany jemleýär hem-de Diýarymyzda ýaş raýatlaryň bähbitlerini goraýan iri jemgyýetçilik birleşmesi bolup durýar. Ýaşlar guramasynyň döredilen senesinde döwletimiziň Garaşsyzlygynyň pugtalandyrylmagyna, Diýarymyzyň ösüşine mynasyp goşant goşan, zähmetde we döredijilikde uly üstünlikleri gazanan ýaşlary sylaglamak dabarasy asylly däbe öwrüldi. Ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan hem-de Aşgabat şäherinden medeniýetde, ylymda we tehnikada, bilimde, terbiýeçilik işinde, sportda, saglygy goraýyşda hem-de beýleki ugurlarda has tapawutlanan ýaşlaryň 47-si milli Liderimiziň adyndan degişli güwänamalar we gymmat bahaly sowgatlar bilen sylaglanyldy. Olara “Aýdyň gijeler” hojalyk jemgyýetinde öndürilen “Tolkun” smart-telewizorlaryň sowgat gowşurylandygyny bellemek ýakymlydyr.

Ýetip gelýän uly baýramçylygyň — Watanymyzyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygynyň öň ýanynda Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynda towuk etini öndürýän kärhananyň hem-de demir-beton önümleri zawodynyň açylyş dabaralary boldy. Bu desgalaryň ulanylmaga berilmegi Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça 2019 — 2025-nji ýyllar üçin maksatnamasyny üstünlikli amala aşyrmagyň ýolunda nobatdaky möhüm ädim boldy.

Bu giň gerimli işe ykdysadyýetiň hususy ulgamynyň wekilleri işjeň gatnaşýarlar. Döwletimiziň goldaw bermegi netijesinde, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary dürli pudaklarda iri taslamalary amala aşyrmaga mümkinçilik aldylar.

Şeýlelikde, “Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany” şygary astynda geçýän şu ýylyň geçen hepdesi möhüm wakalara baý boldy. Olar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan syýasatynyň uly üstünliklere beslenýändigine, döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň dürli ugurlarynda gazanylýan ýeňişlere, halkymyzyň durmuş derejesiniň ýokarlanýandygyna şaýatlyk edýär.

(TDH).