radio wave radio source
Biz barada


“Türkmenaragatnaşyk” agentliginiň ýanyndaky Döwlet radioýygylyk gullugy tarapyndan ýerine ýetirilýän esasy wezipeler:


  1. Türkmenistanyň çäginde radioýygylyk spektrini netijeli peýdalanmak boýunça Döwlet syýasatyny durmuşa geçirmek;
  2. Türkmenistanyň çäginde radioýygylyk spektriniň peýdalanylyşyna tehniki radiogözegçiligi amala aşyrmak;
  3. Radiomonitoring işlerini amala aşyrmak;
  4. Rugsatsyz ulanylýan RES we ÝÝE ýüze çykarmak hem-de olaryň işlemeginiň öňüni almak;
  5. Berkidilen radioýygylyklar (radioýygylyklaryň zolaklary) barada maglumaty radioýygylyklaryň ýeke-täk registrine girizmek;
  6. Türkmenistanyň çäginde aragatnaşyk hyzmatlarynyň edilmegi üçin niýetlenilen RES we ÝÝE işçi ýygylyklarynyň, çagyryş signallarynyň niýetlenilişini we hasaba alnyşyny barlamak;
  7. RES we ÝÝE bellenilen tertipde hasaba almak (gaýtadan hasaba almak) we hasapdan aýyrmak;
  8. Radioýygylygy berkitmegiň awtomatlaşdyrylan maglumatlar gorunyň ulgamyny we elektromagnit utgaşmasynyň hasabyny ýöretmek we yzygiderli kämilleşdirmek.
  9. Türkmenistanyň gümrük serhedine getirilen we Türkmenistanyň çäginde bar bolan RES we ÝÝE degişli barlaglary geçirmek;
  10. Öňdebaryjy tehnologiýalary, täze tehniki serişdeleri ornaşdyrmak, şeýle hem maddy-tehniki binýadyny ösdürmek we döwrebaplaşdyrmak;
  11. Radioýygylyk spektri babatda kanunçylygy kämilleşdirmek boýunça kadalaşdyryjy hukuk namalaryny we teklipleri işläp taýýarlamaga gatnaşmak.


“Türkmenaragatnaşyk” agentliginiň ýanyndaky Döwlet radioýygylyk gullugynyň bölümleri we bölümçeleri:


  1. Administratiw dolandyryş bölümi;
  2. Tehniki bölümi;
  3. Şertnamalar, hasaba alyş we hasaplar bölümi;
  4. Buhgalteriýa we hasabat bölümi;
  5. Hojalyk dolandyryş bölümi;
  6. Aşgabat şäher we Ahal welaýat bölümçesi;
  7. Balkan welaýat bölümçesi;
  8. Daşoguz welaýat bölümçesi;
  9. Lebap welaýat bölümçesi;
  10. Mary welaýat bölümçesi.