radio wave radio source
Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan - bedew batly at-myradyň mekany
HABARLAR


1-nji sentýabr — Bilimler we talyp ýaşlar güni Türkmenistanyň bilim ulgamy üçin uly ähmiýetli waka bilen tapawutlandy. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda ýurduň iki sany ýokary okuw mekdebiniň — Aşgabatdaky Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň (TDBGI) we Türkmenabatdaky Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň täze ýokary tehnologiýaly binalar toplumlarynyň dabaraly açylyşy geçirildi. Bu desgalaryň ulanmaga berilmegi döwletiň ylmy we bilimi dünýä derejesinde hil taýdan täze derejä çykarmak, ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak we öňdebaryjy sanly ekoulgamlary ornaşdyrmak ugrunda alyp barýan syýasatyny görkezýär. Bu barada ORIENT saýtynda habar berilýär.


Paýtagtdaky baýramçylyk çäreleriniň merkezi meýdançasy Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan ýerli kompaniýa tarapyndan gurlan TDBGI-niň täze şäherçesi boldy. Ýokary okuw mekdebiniň binagärlik toplumy 32,2 gektar meýdanda ýerleşip, 5000 talyba niýetlenendir Bu ýokary okuw mekdebiniň dolandyryş bölümleri üçin niýetlenen baş binasynyň depesinde binagärlik hem-de inženerçilik senediniň baş nyşany bolan sirkulyň we ölçeg guralynyň şekili ýerleşdirilipdir. Institutyň düzümine 8 fakultet we 28 kafedra, kitaphana, maslahatlar zaly, şeýle hem ýaşaýyş infrastrukturasyna degişli 2600 orunlyk umumy ýaşaýyş jaýy we mugallymlar düzümi üçin 2 sany 40 öýli ýaşaýyş jaýy girýär.


Dabara çäräniň maksatnamanyň çäklerinde Prezident Serdar Berdimuhamedow TDBGI-niň mejlisler zalyndan sanly ulgam arkaly Türkmenabatdaky Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň täze binalar toplumynyň açylyş dabarasyna ak pata berdi. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy tarapyndan gurlan we 5000 orunlyk bu şäherçäniň meýdany hem takmynan 26 gektara barabardyr. Desganyň düzümine bäş gatly baş bina, 8 fakultet, 22 kafedra, 2000 orunlyk 6 sany umumy ýaşaýyş jaýy, 1000 orunlyk naharhana we halkara derejeli ýöriteleşdirilen sport toplumy girýär. Mugallymçylyk institutynyň kitaphana gaznasynda 1 milliona çenli kitap saklamak mümkinçiligi bolup, onda 700 orunlyk okalga zaly we 100 orunlyk elektron kitaphana ýerleşýär Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň binýadynda himiýa, biologiýa we fizika dersleri, defektologiýa boýunça ýöriteleşdirilen barlaghanalar, şeýle hem taryh, arheologiýa, etnografiýa, ösümlikler we haýwanat dünýäsi muzeýleri açyldy.


Dabaralaryň aýratyn ähmiýetli wakalarynyň biri täze şäherçeleriň infrastrukturasynyň we bilim gurşawynyň halkara derejesinde ykrar edilmegi boldy. TDBGI Türkmenistanyň we GDA ýurtlarynda bir wagtda şu bäş halkara standart boýunça sertifikatlaşdyrylan ilkinji ýokary okuw mekdebi hökmünde taryha girdi. «CERT International» kompaniýasynyň wekili Marat Habibulin instituta ISO 9001:2015 (hil dolandyryş ulgamy), ISO 14001:2015 (daşky gurşawy dolandyrmak ulgamy), ISO 45001:2018 (zähmet howpsuzlygy we saglygy goramak dolandyryş ulgamy), ISO 21001:2018 (bilim guramalary üçin dolandyryş ulgamy) we ISO 27001:2022 (maglumat howpsuzlygyny dolandyrmak ulgamy) halkara standartyna laýyk gelýändigini tassyklaýan halkara güwänamalary gowşurdy.


Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistandaky hemişelik wekili Narine Saakýan TDBGI-a energiýa netijeliligi boýunça “ýaşyl” güwänamany; suw tygşytlaýjy tehnologiýalar boýunça “ýaşyl” güwänamany; talyp ýaşlary durnukly energetikany ösdürmäge çekmek boýunça “ýaşyl” güwänamany; suw serişdelerini tygşytlamak we dolandyrmak boýunça güwänamany; energiýa netijeliligi we monitoring boýunça güwänamany; şeýle hem bilim we hünär başarnyklaryny artdyrmak boýunça güwänamany gowşurdy.


Mundan başga-da, «Pearson VUE» kompaniýasynyň «Certiport» bölüminiň dolandyryjy direktory Kenworti Taý Jozef instituta CATC (Certiport Authorized Testing Center) şahadatnamasyny gowşurdy. Bu şahadatnama ýokary okuw mekdebine dünýä standartlary boýunça talyplaryň IT başarnyklaryny tassyklamak üçin ygtyýarlandyrylan halkara synag merkeziniň derejesini berýär.


Halkara baýraklaryna Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk instituty hem mynasyp boldy. Ýokary okuw mekdebine innowasion pedagogikany durmuşa ornaşdyrýandygy üçin Russiýa Federasiýasynyň Naberežnyýe Çelny döwlet mugallymçylyk uniwersitetiniň güwänamasy; Türkmenistanda mugallymçylyk ugrundan hünärmenleri taýýarlamagyň hilini ýokarlandyrmaga hem-de bilim ulgamynda innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmaga goşan uly goşandy üçin “Geljege goşant” atly howandarlyk gaznasynyň güwänamasy; Türkmenistanda durmuş ulgamynda bilimi ýokarlandyrmaga we inklýuziw bilimi ösdürmäge goşan aýratyn goşandy hem-de hyzmatdaşlygy üçin Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň güwänamasy; täze, döwrebap binalar toplumynyň açylyp ulanmaga berlendigi üçin ÝUNESKO-nyň Bilimde maglumat tehnologiýalary institutynyň Minnetdarlyk haty; ÝUNESKO-nyň Halkara uniwersitetler assosiasiýasynyň agzalyk güwänamasy gowşuryldy.


TDBGI-niň tejribehanalary bilen tanyşlygyň dowamynda Türkmenistanyň Prezidentine dünýäniň öňdebaryjy öndürijileriniň döwrebap ylmy-önümçilik enjamlary görkezildi. Binagärlik we seýsmika durnukly gurluşyk-barlag tejribehanasynda ýertitremeler we seýsmiki gözlegler üçin Italiýanyň «Moho» we «Sara Electronic Instruments» kompaniýalarynyň enjamlary, Şweýsariýanyň «Leica» kompaniýasynyň ýokary takyklykdaky geodezik ölçegleri geçirmek üçin enjamlary, Türkiýäniň «UTEST» kompaniýasynyň gurluşyk serişdeleriniň, boýaglaryň, betonlaryň galyňlygyny ölçemek üçin niýetlenen enjamlary ýerleşdirilipdir. «Motion Systems PS-6TM-550» enjamynyň işine aýratyn üns berildi: Enjamyň üstünde iki sany dürli gurluşyk usuly we binagärligi taýdan tapawutlanýan jaýyň kiçeldilen nusgalary ýerleşdirilip, hakyky ýertitremeleriň yrgyldylary emeli usulda döredilip, olaryň durnuklylygy synagdan geçirilýär. Synag pursadynda jaýlaryň göteriji sütünlerindäki ýörite duýujy gurallar arkaly alynýan yrgyldy hem-de beýleki maglumatlar sanly ulgama geçirilýär we ýörite programma üpjünçiligi arkaly 3D görnüşde göni ekrana çykarylýar. Netijede, ýertitremeleriň täsirleri tejribäniň üsti bilen anyklanylýar.


TDBGI-niň elektromehanika tejribehanasy Kanadanyň «CM LABS» kompaniýasynyň dürli gurluşyk tehnikasynyň 10 görnüşiniň işini simulýasiýa edýän interaktiw okuw türgenleşik enjamy, Ispaniýanyň «Seabery» kompaniýasynyň «Soldamatic» AR-simulýatorlaryny, şeýle hem Germaniýanyň «Lucas Nülle» kompaniýasynyň synagdan geçirmek üçin taslama enjamlarynyň toplumyny — «CRK 11 Kuka» senagat robotyny we synagyň netijeleri ýörite işlenip düzülen «Profinet» ulgamyny özünde jemleýär. Himiýa tehnologiýasy tejribehanasynda Germaniýanyň «Spectro» kompaniýasynyň rentgen flýurosent derňewi üçin niýetlenen «Spectrocube» enjamy ornaşdyrylypdyr. Bu enjam sementiň himiki düzümini (Ca, Si, Fe, Al elementlerini) 100 mikrondan kiçi bölejiklere çenli takyklyk bilen öwrenmäge, şeýle hem garyndylaryň mikrolitr möçberlerini seljermek üçin ýokary netijeli gaz we suwuklyk hromatograflaryny ulanmaga mümkinçilik berýär.


Baýramçylyk çäreleriniň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan iki ýokary okuw mekdebine täze awtoulaglaryň açarlary gowşuryldy.

https://tmcell.tm/tazelikler/2212

04.09.2026, 10:09


«Daşoguztelekom» welaýat elektrik aragatnaşyk kärhanasy welaýatyň çägindäki döwlet we hususy edara-kärhanalara, şahsy hojalyklara telefon, internet, kabelli telewideniýe nokatlaryny gurnamak, elektrik aragatnaşyk hyzmatlaryny hödürleýär. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.


Kärhana geçen ýylyň dowamynda welaýatyň çäginde telefon nokatlarynyň 16 müň 447-sini oturdan bolsa, 2026-njy ýylyň ýedi aýynda 7 müň 639 telefon nokatlary gurnaldy. Diňe iýul aýynyň özünde welaýat boýunça gurnalan telefon nokatlarynyň sany 1 müň 287 nokat artdy.


 Netijede, welaýat boýunça kärhananyň telefon hyzmatlaryndan peýdalanýan müşderileriň sany 127 müň 520-ä ýetdi.


Kärhanada ýokary tizlikli internet ulanyjylarynyň sanyny ep-esli artdyrmak, internet hyzmatynyň gerimini giňeltmek boýunça hem önjeýli işler ýerine ýetirilýär. Muny iýul aýynyň dowamynda welaýat boýunça 2 müň 138 sany internet nokadynyň ýokary tizlikli internet ulgamyna birikdirilendiginden hem görmek bolýar. Bellenilen döwürde internet hyzmatyna birikdirilen nokatlaryň sany 9 müň 157-ä ýetdi. Şeýlelikde, welaýat boýunça kärhananyň ýokary tizlikli internet hyzmatyndan peýdalanýan müşderileriniň sany 91 müň 125-e ýetdi.


Habarda bellenilişi ýaly, welaýatyň etrapdyr şäherlerinde, oba ýerlerinde aragatnaşyk hyzmatynyň gerimi giňeldilýär, ýokary tizlikli internet beketleri oturdylýar.

https://mincom.gov.tm/tk/news/15406/

19.08.2026, 11:08


Düýn Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrliginiň edara binasynda şu ýylyň ýanwar–iýul aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine bagyşlanan maslahat geçirildi.


Ministrligiň resmi saýtynda habar berlişi ýaly, ulag-aragatnaşyk toplumynda ýerine ýetirilen işleriň we edilen hyzmatlaryň ösüş depgini 114 göterime deň boldy — diýlip, maslahatda bellenildi.


Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, awtomobil, demir ýol, howa, deňiz we derýa ulaglary arkaly ýük daşamalaryň ösüş depgini 103,6 göterime, ýolagçy gatnatmalarynyň ösüş depgini bolsa 102,4 göterime ýetdi.


Hasabat döwründe Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrligi boýunça ýerine ýetirilen hyzmatlaryň ösüş depgini 107 göterime, Awtomobil ulaglary ministrligi boýunça 118,8 göterime, «Türkmenhowaýollary» döwlet gullugy boýunça 118,5 göterime, Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugy boýunça 102,1 göterime, Aragatnaşyk ministrligi boýunça bolsa 115,5 göterime deň boldy.

https://www.mincom.gov.tm/tk/news/15403/

03.08.2026, 11:08


Parahatçylyk, howpsuzlyk we durnukly ösüşiň hatyrasyna döredilen Bitaraplygyň dostlary toparyna agza döwletleriň sany 30-a ýetdi. Türkmenistan tarapyndan BMG-niň howandarlygynda döredilen bu halkara birleşigine goşulmak kararyny Nikaragua Respublikasynyň Hökümeti yglan etdi.


Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky Hemişelik wekilhanasynyň bellemegine görä, Latyn Amerikasynyň iri döwletleriniň biri bolan Nikaraguanyň topara goşulmagy öňüni alyş diplomatiýasy we bitaraplyk ýörelgeleriniň Birleşen Milletler Guramasynyň çäginde barha giň goldawa eýe bolýandygyny nobatdaky gezek tassyklaýar.


Bitaraplygyň dostlary topary näme bilen meşgullanýar?


2020-nji ýylda Türkmenistanyň başlangyjy bilen döredilen topar alty ýylyň dowamynda BMG-niň Nýu-Ýorkdaky baş edarasynda köptaraplaýyn dialog üçin netijeli meýdança öwrüldi.


Yzygiderli duşuşyklar: Toparyň 30 agza döwletiniň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekilleri yzygiderli geňeşmeleri geçirýärler, şeýle hem her ýyl ministrler derejesinde duşuşyklar guralýar.


Amaly diplomatiýa: Topar araçylygy ösdürmek, jedelleri parahatçylykly ýol bilen çözmek hem-de BMG-niň Tertipnamasyna laýyklykda ynamy berkitmek boýunça mehanizmleri ilerletmek üçin ulanylýar.


Giň gerimi: Topara Ýewropanyň, Aziýanyň, Afrikanyň we Latyn Amerikasynyň döwletleri girýär. Bu bolsa Türkmenistanyň Bitaraplyk nusgasynyň ählumumy häsiýete eýedigini görkezýär.


Topara 30-njy agzanyň goşulmagy dünýä bileleşiginiň Türkmenistanyň ählumumy ynanyşmak we dialog medeniýetini ösdürmäge gönükdirilen başlangyçlaryna bolan gyzyklanmasynyň barha artýandygyny görkezýär.

https://tmcell.tm/tazelikler/2098

26.07.2026, 11:07


Türkmenistanyň aragatnaşyk ministri Hajymyrat Hudaýgulyýew 17–20-nji iýul aralygynda Şanhaý şäherinde geçirilýän Bütindünýä emeli aň boýunça maslahatyň (WAIC 2026) çäklerinde ýurduň Emeli aň boýunça milli strategiýasyny işläp taýýarlamak ugrunda işjeň iş alyp barýandygyny aýtdy. Onuň bellemegine görä, bu resminama innowasiýalary ornaşdyrmak, ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak we ylmy-barlag işlerini ösdürmek üçin esasy binýat bolar.


«Ýagty geljek üçin emeli aň ulgamynda hyzmatdaşlyk» atly forumda çykyş eden Hudaýgulyýew Prezident Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ýurtda sanly özgertmeler boýunça döwlet syýasatynyň yzygiderli durmuşa geçirilýändigini aýtdy. Onuň sözlerine görä, bu ugurda infrastruktura döwrebaplaşdyrylýar, sanly ykdysadyýet ösdürilýär we kadalaşdyryjy-hukuk binýady kämilleşdirilýär.


Ministriň bellemegine görä, taýýarlanylýan Strategiýada halkara ülňülerine laýyklykda howpsuzlyk, etika, şahsy maglumatlaryň goragy hem-de algoritmleriň açyk-aýdyňlygy meselelerine aýratyn ähmiýet berilýär. Şeýle hem ol emeli aňyň saglygy goraýyş, bilim, ulag ulgamlaryny döwrebaplaşdyrmakda, suw serişdelerini netijeli dolandyrmakda we daşky gurşawy goramakda uly mümkinçilikleri açýandygyny nygtady.


Hudaýgulyýew Türkmenistanyň sanly infrastrukturany ösdürmek, häzirki zaman maglumatlary gaýtadan işlemek merkezlerini döretmek, bilelikdäki ylmy taslamalary amala aşyrmak hem-de emeli aň tehnologiýalaryny jogapkärçilikli, howpsuz we ahlak kadalaryna laýyk ulanmagy ilerletmek ugrunda gyzyklanma bildirýän hyzmatdaşlar bilen işjeň hyzmatdaşlyga taýýardygyny mälim etdi.


«Emeli aňyň geljegi hyzmatdaşlyga we umumy jogapkärçilige esaslanmalydyr. Döwletleriň, ylmy jemgyýetçiligiň we işewürligiň tagallalaryny birleşdiren ýagdaýymyzda, biz bu tehnologiýalary adamzadyň bähbidine, parahatçylygyň we howpsuzlygyň pugtalandyrylmagyna gönükdirip bileris» — diýip, ministr aýtdy we forumyň guralandygy üçin Hytaýyň Hökümetine minnetdarlyk bildirdi.

https://www.mincom.gov.tm/tk/news/15400/

20.07.2026, 11:07


Şu günler Türkmenistanda ykdysadyýetiň ähli ugurlaryny 5G tehnologiýasy bilen üpjün etmek boýunça zerur çäreler görülýär. Bu barada TDH habar berýär.


5G ulgamynyň maglumatlary geçirijilik mümkinçiliginiň has ýokarydygyny, dünýä tejribesinde bu tehnologiýanyň «akylly» şäher we «akylly» öý ulgamlarynda giňden ulanylýandygyny bellemek gerek. Gurşap alýan çägi we degişli düzümlerdir pudaklar üçin ähmiýetlidigi bu usulyň artykmaçlygyny görkezýär. 5G ulgamynyň mümkinçiliklerini öwrenip, ony Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň düzümleriniň işine ornaşdyrmak we beýleki ugurlarda işjeň peýdalanmak meseleleri möhüm wezipeleriň hatarynda kesgitlenendir. Çünki Arkadag şäherinde ornaşdyrylan 5G ulgamy öz artykmaçlygyny iş ýüzünde subut etdi.


Häzirki zaman 5G aragatnaşyk ulgamynyň maglumat geçirijiligi, 4G bilen deňeşdirilende, 10 essä çenli ýokarydyr. Täze tehnologiýanyň sanly ulgamyň ygtybarly we durnukly birikmelerini üpjün etmek bilen bir hatarda, önümçilik zolaklarynyň, saglygy goraýyş, bilim, senagat pudaklarynyň işiniň ilerlemegine, maglumat alyşmak işiniň tiz hem-de ygtybarly ýerine ýetirilmegine gönükdirilendigini nygtamak gerek.


5G ulgamy teleýaýlymlaryň işinde-de netijeli ulanylýar. Bu innowasion tehnologiýa gepleşikleri 4K ölçegde göni ýaýlyma bermegiň, telelukmançylyk amallaryny ýokary derejede ýerine ýetirmegiň ygtybarly usuly hökmünde peýdalanylýar. Robototehnika ýaly ýokary depginde ösýän pudagyň işinde hem bu tehnologiýanyň ägirt uly ähmiýeti bardyr. Munuň özi emeli aňyň mümkinçiliklerini netijeli peýdalanmagyň hem wajyp guraly bolup hyzmat edýär.


Häzirki zaman aragatnaşyk ulgamlaryny giňden ornaşdyrmak, 5G we emeli aňyň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmak boýunça wezipeler «Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2026 — 2028-nji ýyllar üçin Konsepsiýasynda» anyk kesgitlenendir. Häzirki zamanyň talaplaryna doly laýyk gelýän döwrebap şertler tehnologik ösüşiň hil taýdan täze derejä çykarylmagyna, elektron hyzmatlaryň görnüşleriniň giňeldilmegine, hususan-da, elektron hyzmatlaryň e-SIM görnüşini ornaşdyrmaga şert döredýär. Daşary ýurtly raýatlar ýurdua gelen wagtynda milli öýjükli operatoryň SIM kartlaryny satyn almazdan, e-SIM mobil goşundysynyň üsti bilen internet toruna päsgelçiliksiz elýeterliligi alýarlar. Bu hyzmat müşderileriň mobil telefonyna birnäçe belgini birikdirmäge mümkinçilik berýän täze usullaryň biridir.

https://www.mincom.gov.tm/tk/news/15392/

10.07.2026, 11:07


Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginde Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi bilen Halkara elektrik aragatnaşyk birleşigi (ITU) tarapyndan bilelikde guralan «Geljegiň aragatnaşyk tehnologiýalary» (Future of Connectivity) atly iki günlük forum öz işine başlady. 29–30-njy iýunda Aşgabatda geçirilýän forum GDA ýurtlarynyň döwlet edaralarynyň, düzgünleşdiriji düzümleriniň, telekommunikasiýa kompaniýalarynyň we ylmy jemgyýetçiliginiň wekillerini bir ýere jemledi.


 

Forumuň esasy mowzugy häzirki zaman aragatnaşyk torlaryny we sanly infrastrukturany ösdürmegiň geljegi uly ugurlaryna bagyşlanýar. Gatnaşyjylar Wi-Fi 6/7/8 standartlarynyň ornaşdyrylmagy, LEO, MEO we GEO hemra aragatnaşyk tehnologiýalarynyň ösdürilmegi, Direct-to-Device göni birikdiriş mümkinçilikleri, şeýle hem telekommunikasiýa torlaryny dolandyrmakda emeli aňyň ulanylmagy barada pikir alyşýarlar.


Forumyň aýratyn mejlislerinde ulag infrastrukturasyny ösdürmek, hususy öýjükli aragatnaşyk torlaryny ulanmak hem-de uçarmansyz uçýan enjamlary ykjam aragatnaşyk ýygylyklarynda peýdalanmagyň geljegi ara alnyp maslahatlaşylýar.


Forumda telekommunikasiýa we sanly özgertmeler ugrunda iş alyp barýan halkara bilermenler çykyş edýärler. Olaryň hatarynda Ubiquitous Wireless LLP kompaniýasynyň tehniki direktory Wadim Poskakuhin (Gazagystan), GSMA Eurasia guramasynyň tehniki ugrunyň ýolbaşçysy Konstantin Sawin we RIPE NCC guramasynyň internet howpsuzlygy hem-de arabaglanyşyk boýunça uly geňeşçisi Waan Owsepýan bar.


Forum jemleýji tegelek stol maslahaty bilen tamamlanar. Onda foruma gatnaşyjylar Türkmenistanda häzirki zaman aragatnaşyk tehnologiýalaryny ornaşdyrmagyň amaly mümkinçiliklerine gararlar.

https://www.mincom.gov.tm/tk/news/15385/

29.06.2026, 11:06
23.06.2026, 11:06


Türkmenistanda «Türkmentelekom» döwlet elektroaragatnaşyk kompaniýasynyň binýadynda emeli aň ulgamynda Başarnyklar merkezini döretmek meýilleşdirilýär. Bu barada Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministri Hajymyrat Hudaýgulyýew Sankt-Peterburg halkara ykdysady forumynyň (PMÝF-2026) «Sanly geljek: ösüşiň umumy ugurlary, wehimler we çözgütler» atly mejlisinde çykyş edende mälim etdi.


Ministriň sözlerine görä, täze merkez milli sanly ileri tutulýan ugurlary goldamak, ylmy-barlag işlerini geçirmek hem-de ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak bilen meşgullanar. Şol bir wagtyň özünde ministrlik halkara hyzmatdaşlar bilen bilelikde ulag-logistika geçelgelerini dolandyrmakda, nebitgaz pudagynda çaklamalary amala aşyrmakda we oba hojalygynda suw serişdelerini netijeli dolandyrmakda emeli aňy ulanmak boýunça synag taslamalaryny durmuşa geçirmegi meýilleşdirýär.


Hudaýgulyýew soňky üç ýylyň dowamynda ýurtda halkara internet kanallarynyň geçirijilik ukybynyň on esse artandygyny belledi. Onuň sözlerine görä, bu ýagdaý sanly hyzmatlaryň, elektron söwdanyň we serhetüsti maglumat alyş-çalşygynyň ösdürilmegi üçin berk binýat döredýär. Ministr Türkmenistanda emeli aňyň, uly maglumatlaryň (Big Data), blokçeýn tehnologiýalarynyň we kiberhowpsuzlygyň ykdysady ösüşiň esasy hereketlendiriji güýçleri hökmünde görülýändigini aýtdy. Şeýle hem emeli aň çözgütleriniň bilim, saglygy goraýyş, oba hojalygy we ulag pudaklarynda eýýäm ornaşdyrylýandygyny nygtady.


Ministr strategik ähmiýetli infrastruktura taslamalarynyň durmuşa geçirilýändigi barada hem maglumat berdi. Olaryň hatarynda Serhetabat – Hyrat ugry boýunça Günorta Aziýanyň bazarlaryna çykýan optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamynyň gurluşygy hem-de Hazar deňziniň düýbi boýunça suwasty kabeliň çekilmegi bar. Hudaýgulyýewiň bellemegine görä, bu taslamalar Ýewropa bilen Aziýanyň arasynda täze ýokary tizlikli sanly ugurlary döreder we halkara aragatnaşyk kanallarynyň ygtybarlylygyny ýokarlandyrar.


https://mincom.gov.tm/tk/news/15379/

05.06.2026, 12:06