radio wave radio source
Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan - bedew batly at-myradyň mekany
HABARLAR


Türkmenistanda BMG-niň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça halkara maslahatyny geçirmäge işjeň taýýarlyk görülýär. TDH-niň habar berşi ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Balkan welaýatyna iş saparynyň çäklerinde «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda bu halkara foruma taýýarlyk meseleleri boýunça iş maslahatyny geçirdi.

Iş maslahatynda halkara foruma görülýän taýýarlygyň çäklerinde meýilleşdirilen çäreler, myhmanlary garşylamak, olaryň netijeli işlemekleri üçin ähli zerur şertleri üpjün etmek bilen baglanyşykly meseleler barada hasabat berildi. Şeýle-de forumyň dowamynda guraljak medeni çäreleriň maksatnamasy, halkara forumyň işine dünýä dillerini kämil derejede bilýän ýaşlaryň çekilmegi bilen bagly alnyp barylýan işler barada hem hasabatlar berildi.

Halk Maslahatynyň Başlygy Türkmenistanyň halkara maslahatlaryň we forumlaryň geçirilýän merkezi hökmündäki derejesini nazara alyp, meýilleşdirilen çäreleriň guramaçylyk meselelerine möhüm üns berilmelidigini belledi. Şunda bu işlerde hiç hili ownuk zadyň bolmaly däldigine aýratyn ähmiýet bermek tabşyryldy.

Gahryman Arkadag halkara hyzmatdaşlykda medeni-ynsanperwer çärelere möhüm ornuň degişlidigini belläp, Birleşen Milletler Guramasynyň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça maslahatynyň çäklerinde guraljak medeni çäreleriň täsirli pursatlara we ýatda galyjy wakalara beslenmelidigini aýtdy.
Halk Maslahatynyň Başlygy halkara foruma gatnaşjak media düzümleriniň ähli zerur şertler bilen üpjün edilmelidigini belledi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow üstaşyr ulag gatnawlaryny amatly ýagdaýa getirmek, deňiz terminallaryna göni çykalgasy bolmadyk döwletler üçin zerur şertleri döretmek meselelerini esasy ugur edinýän halkara forumyň hemmetaraplaýyn guramaçylykly geçirilmeginiň wajypdygyny aýtdy.



TÜRKMENARAGATNAŞYK» AGENTLIGI

01.04.2025, 15:04


Ozal habar berşimiz ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow «akylly» şäher konsepsiýasy esasynda bina edilen Arkadag şäherinde iş saparynda boldy.

Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowa şu ýylyň 29-njy martynda täze şäherde geçiriljek halkara maslahata görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmeginiň dört ýyllygy mynasybetli meýilleşdirilen çäreleriň medeni maksatnamasy barada giňişleýin maglumat berildi. Bu barada TDH habar berdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri çagalaryň durmuşyň gülleridigini, olary goramagyň ertirki günüň bagtyýarlygynyň kepilidigini belläp, ösüp barýan ýaş nesilleriň sagdyn, sazlaşykly ösmegi, olaryň watansöýüji ýaşlar bolup ýetişmegi ugrunda alnyp barylýan işleriň talabalaýyk ýola goýulmalydygyny nygtady.

Gahryman Arkadag gaznanyň döredilmeginiň dört ýyllygy mynasybetli meýilleşdirilen ähli çäreleriň, şol sanda çagalar döredijilik bäsleşiginiň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmelidigini belledi. Bäsleşigiň dowamynda körpeleriň çekjek suratlary, ýerine ýetirjek aýdymlary şanly senä mynasyp sowgat bolmalydyr.

Geçiriljek dabaralarda we bäsleşiklerde bagtyýar çagalygyň ýurdy hökmünde ykrar edilen Türkmenistanda körpeleriň sazlaşykly ösüşine, olaryň sagdyn jemgyýetiň wekilleri bolup ýetişmeklerine gönükdirilen asylly işleriň öz beýanyny tapmalydygyny belläp, Gahryman Arkadag bäsleşigiň guramaçylyk derejesine hemmetaraplaýyn esasda çemeleşilmelidigine ünsi çekdi.


Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmeginiň dört ýyllygy mynasybetli çäre geçiriler | Syýasat

28.03.2025, 03:03


Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa Nowruz baýramy mynasybetli gutlag hatyny iberdi. Bu barada asmannews.ru habar berýär .

Rus Lideri gutlag hatynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň çuňlaşdyrylan strategik hyzmatdaşlyk ruhunda ösdürilýändigini aýdýar. Şeýle-de ol bilelikdäki tagallalar bilen gatnaşyklaryň dostlukly iki halkyň bähbidine hem-de Merkezi Aziýada we Hazar deňzi sebitinde howpsuzlygy, durnuklylygy pugtalandyrmagyň hatyrasyna mundan beýläk-de işjeň ösdüriljekdigine ynam bildirýär.

Gutlag hatynyň ahyrynda Prezident Wladimir Putin Prezident Serdar Berdimuhamedowa berk jan saglyk, üstünlikler, Türkmenistanyň ähli raýatlaryna bolsa bagtyýarlyk we abadançylyk arzuw edýär.


TÜRKMENARAGATNAŞYK» AGENTLIGI

24.03.2025, 12:03


Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa iň ýokary döwlet wezipesine girişmeginiň 3 ýyllygy mynasybetli gutlag hatyny iberdi we onda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan gutlaglaryny beýan etdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berilýär.

— Täze taryhy döwürde Siziň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ýörelgäňiz giňden dabaralanýar. Agzybir halkymyz Siziň daşyňyza jem bolup, hyjuwly zähmeti we gujur-gaýraty bilen ýurdumyzy ösdürmegiň bähbidine hyzmat edýär. Siziň: «Meniň baş maksadym Garaşsyzlygymyzyň we Bitaraplygymyzyň esaslaryny has-da berkidip, ýurdumyzy beýik geljegimize tarap ynamly öňe alyp barmakdan ybaratdyr» diýen sözleriňiz tutuş türkmen halkynyň bagtyýar, asuda, abadan şu gününe we geljegine bolan ynamyny artdyrdy. Siz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe döwletimizi gülledip ösdürmek, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak boýunça beýik maksatlary öňde goýýarsyňyz. Öz çykyşlaryňyzda bu belent maksatlara ýetmekde watandaşlarymyza ynanýandygyňyzy yzygiderli bellemek bilen, halkymyzy döredijilikli zähmete ruhlandyrýarsyňyz — diýip, Halk Maslahatynyň Başlygy Türkmenistanyň Prezidentine iberen gutlag hatynda belleýär.

Şeýle-de türkmen halkynyň Milli Lideri döwlet Baştutanyna iberen gutlag hatynda:

— Siziň baştutanlygyňyzda ýurdumyz soňky ýyllarda birnäçe halkara başlangyçlar bilen çykyş edip, parahatçylygy we durnukly ösüşi goldamagyň möhüm guraly hökmünde Bitaraplyk ýörelgelerini yzygiderli ilerledýär — diýip nygtaýar.


TÜRKMENARAGATNAŞYK» AGENTLIGI

20.03.2025, 15:03


17-nji martda Aşgabatda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň (TSTB) döredilmeginiň 17 ýyllygyna bagyşlanan sergi dabaraly ýagdaýda açyldy.

Bu çäre milli telekeçiligiň üstünlikleriniň aýdyň beýany bolup, geçen ýyllarda ýurduň ykdysadyýetiniň ösmegine, döwlet maksatnamalarynyň durmuşa geçirilmegine we hususy pudagyň berkemegine goşan uly goşandyny görkezýär.

Serginiň ilkinji pursatlaryndan başlap, myhmanlar işewürlik ruhunyň we innowasiýanyň joşgunly gurşawyna aralaşdylar. Ýüzlerçe gatnaşyjy – öňdebaryjy türkmen kompaniýalary we telekeçiler – öz gazananlaryny we iň täze işläp taýýarlamalaryny giňden hödürleýärler.

Bu ýerde dokma we azyk senagatynyň önümlerini, gurluşyk materiallaryny, häzirki zaman tehnologiýalaryny we innowasion hyzmatlary görmek bolýar. Olaryň ählisi milli telekeçiligiň depginli ösüşini açyp görkezýär.

Serginiň çäklerinde diňe bir önümler we hyzmatlar görkezilmän, eýsem, 18-nji martda «Ýyldyz» myhmanhanasynda «Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar» atly halkara forum hem geçiriler. Bu çäre işewür toparlaryň we maýadarlaryň geljekki taslamalary ara alyp maslahatlaşmak, eksport mümkinçiliklerini giňeltmek hem-de halkara hyzmatdaşlygyny berkitmek maksady bilen duşuşmagyna şert döreder.

Sergi 19-njy marta çenli dowam eder we ýurduň ykdysady ösüşine aýratyn goşant goşan kompaniýalaryň sylaglanmagy bilen jemlener.


TM CELL Ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti

17.03.2025, 15:03


Şu gün Arkadag şäherindäki Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda Arkadag şäheriniň ekologiýa taýdan arassalygy bilen tapawutlanýandygy hakynda Hytaý Halk Respublikasynyň Hançžou Dýanzi uniwersitetiniň Üstünlik şahadatnamasy bilen sylaglanylmagy mynasybetli dabaraly çäre geçirildi. Oňa dostlukly ýurduň wekilleri, şol sanda Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Sýan Naýçen hem gatnaşdy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.
Dabaraly çärä gatnaşyjylar ilki bilen akademiýanyň baş binasynyň foýesinde guralan, Arkadag şäheriniň häzirki zaman binagärlik aýratynlyklaryna, şäherde ornaşdyrylan sanly ulgam we innowasion tehnologiýalara bagyşlanan sergini synladylar.
Dabarada Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Sýan Naýçen hem çykyş edip, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy Derýageldi Orazowa ekologiýa taýdan arassalygy bilen tapawutlanýandygy üçin bu «akylly» şähere berlen Hytaý Halk Respublikasynyň Hançžou Dýanzi uniwersitetiniň Üstünlik şahadatnamasyny gowşurdy.
Aýdym-sazly dabaraly çäräniň barşynda Arkadag şäherinde durmuşa geçirilen innowasion tehnologiýalara hem-de sanly ulgam üpjünçiligine bagyşlanan wideoşekiller hem görkezildi.
Dabaraly çäräniň ahyrynda oňa gatnaşyjylaryň Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenmesi kabul edildi.


TÜRKMENARAGATNAŞYK» AGENTLIGI

14.03.2025, 15:03


Euronews teleýaýlymynyň habarçysy bilen söhbetdeşlikde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ýurduň içerki we daşary syýasatynyň esasy ugurlaryny, şeýle hem Türkmenistanyň ählumumy gün tertibindäki möhüm meseleler boýunça garaýşyny beýan etdi. Söhbetdeşlik suw serişdeleri, energetika, sebit we ählumumy derejedäki hyzmatdaşlyk ýaly köp sanly ugurlary öz içine aldy.

Söhbetdeşligiň başynda, “Euronews”-iň habarçysy Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa tarap ymtylmagy üçin itergi beren sebäpleriň biri Ukraina bilen Russiýanyň arasyndaky ýagdaýlardygyny belläp, Türkmenistanyň parahatçylyk we ynanyşmak meselesindäki garaýyşlaryny, şeýle hem häzirki döwürde parahatçylyk üçin edilýän synanyşmalara nähilli baha berdigi barada sorady.

Gurbanguly Berdimuhamedow Bitaraplyk derejesi Türkmenistanyň alyp barýan daşary syýasatynyň esasydygyny nygtap, bitaraplygyň dünýä bileleşigi bilen, şol sanda çylşyrymly ýagdaýlarda hem özara gatnaşyklaryny anyk kesgitleýändigi belledi.

“Syýasy taýdan, biziň ýurdumyz — Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ykrar edilen hemişelik Bitarap döwlet. Türkmenistan halkara dawalara gatnaşmaýar hem-de goşulmaýar” – diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri mälim etdi.

Gurbanguly Berdimuhamedowyň sözlerine görä, Hukuk taýdan seredilende, Türkmenistan ýurtlaryň arasynda döreýän ähli jedelli ýagdaýlary Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasy we halkara hukugyň ykrar edilen düzgünleri esasynda çözmegiň tarapdary bolup çykyş edýär. Dünýä garaýyş babatda aýdylanda, Türkmenistan halkara gatnaşyklarda güýç ulanmak usullaryny goldamaýar. Sebäbi uruş emele gelen ýagdaýlaryň çözgüdi däldigini türkmen halkynyň Milli Lideri belledi.

“Euronews”-iň habarçysy sebitdäki suw meselesi barada durup geçip, suw üçin barha artýan ykdysady gyzyklanma bilen baglanyşygy belläp, bu ugurda dünýä bileleşiginiň Hökümetiň arasyndaky hyzmatdaşlyk barada sorady.

Gurbanguly Berdimuhamedow suw meselesiniň sebit üçin örän uly mesele bolup durýandygy aýtdy we Merkezi Aziýada suw meselesine seretmegiň, Türkmenistanyň pikirine görä berjaý edilmeli esasy üç kadasyny beýan etdi.

Birinjiden, halkara hukugy berjaý etmek. Munuň özi suw serişdeleriniň bütin adamzadyň umumy baýlygy bolup durýandygyny aňladýar. Suwy peýdalanmak bolsa umumy ykrar edilen kadalara laýyklykda, hususan-da, Birleşen Milletler Guramasynyň Konwensiýasynyň esasynda ýola goýulmalydyr.

Ikinjiden, bähbitleriň özara hasaba alynmagy. Bu bolsa suw serişdeleri ulanylanda ähli döwletleriň halklarynyň bähbitleriniň göz öňünde tutulmalydygyny aňladýar.

Üçünjiden, bu işe halkara guramalaryň, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň gatnaşmagy möhümdir. Gurbanguly Berdimuhamedow BMG-niň suw meselesi bilen bagly başlangyçlara gatnaşmagynyň kanuny we netijeli boljakdygyna ynam bildirdi.

Şundan ugur alyp, Türkmenistan Merkezi Aziýa ýurtlarynda suwdan peýdalanmak meseleleri boýunça sebit Geňeşini döretmegi teklip edýär. Türkmen halkynyň Milli Lideriniň pikirine görä bu sebitiň serhetüsti derýalarynyň suw serişdelerini peýdalanmagyň usullaryny ýola goýmaga mümkinçilik berer.

Soňra söhbetdeşligiň dowamynda, syýasy gepleşikler şol sanda owgan meselesi üçin örän möhüm bolan Türkmenistanyň Bitaraplyk derejesi, Türkmenistanyň Owganystan bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklarynyň meselesi gozgaldy.

Gurbanguly Berdimuhamedow, Türkmenistanyň Owganystany parahat, asuda durmuşda ýaşap, öz döwletini gurmagyny, ykdysadyýetini hem-de durmuş ulgamlaryny dikeltmegini isleýändigni nygtady. Türkmenistan şeýle hem Owganystanyň sebitde we onuň çäklerinden daşarda alnyp barylýan ykdysady işlere, taslamalary amala aşyrmaga goşulmagy ugrunda çykyş edýär we ýurdy geljegi uly ykdysady taslamalary durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşmaga çekýär.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Owganystan bilen üstünlikli alnyp barylýan ykdysady hyzmatdaşlygyň mysaly hökmünde TOPH gaz geçirijisiniň, Owganystanyň wganystanyň üsti bilen Pakistana elektrik we aragatnaşyk ulgamlarynyň, şeýle hem demir ýollary gurmagyň taslamalaryny görkezdi.

“Euronews”-iň habarçysy Türkmenistanyň daşary syýasatynyň Ýewropa ugruna gaýdyp gelip, Ýewropa Bileleşigi bilen hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine nähili baha berýilýändigi barada sorady.

Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistan Ýewropa Bileleşigi bilen syýasy gatnaşyklary ösdürmäge möhüm ähmiýet berýändigini we şunda parlamentara gatnaşyklaryň möhümdigini belläp, söwda-ykdysady, ulag-aragatnaşyk, medeniýet, ylym-bilim ulgamlarynda hyzmatdaşlygy giňeltmegi etmegi goldaýandygyny mälim etdi.

“Soňky ýyllarda Aşgabatda we Brýusselde parlamentara duşuşyklaryň hem-de “Türkmenistan — Ýewropa Bileleşigi” bilelikdäki komitetiň mejlisleriniň yzygiderli geçirilýändigini aýtmak isleýärin. Şeýle hem adam hukuklary boýunça “Türkmenistan — Ýewropa Bileleşigi” dialogy hereket edýär. Biz bu ugurdaky işleri dowam etdirmäge we giňeltmäge taýýardyrys” – diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri aýtdy.

Söhbetdeşlikde energetika hyzmatdaşlygyna aýratyn üns berildi. Gurbanguly Berdimuhamedow energetika pudagynda ägirt uly mümkinçilikleriň bardygyny we häzirki zaman şertlerde muňa özara gyzyklanmalaryň barha artýandygyny nygtady. Energiýa serişdeleriniň Ýewropa bazary dünýäde iň iri bazarlaryň biri bolup durýar we Ýewropanyň ykdysadyýetini kadaly ösdürmek üçin energiýa çig malynyň köp möçberde hem-de bökdençsiz iberilmegini talap edýär diýip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy belledi.

Şunuň bilen baglylykda, “Euronews”-iň habarçysy Türkmenistanyň tebigy gazynyň çykarylýan möçberini artmagy meýilnamalary we ýurduň Ýewropada gaz howpsuzlygyny üpjün üçin esasy üpjün ediji bolmak mümkinçiligi barada sorady. Türkmenistan tebigy gazyň gorlary boýunça dünýäde dördünji orny eýeleýär, “Galkynyş” käni bolsa gazyň möçberi boýunça dünýäde birinji orunda durýar. Onuň gorlary tebigy gazyň 27,4 trillion kub metrine barabardyr diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

“Bu sanlar ýurdumyzyň eksport mümkinçiliginiň energiýa bilen diňe özümizi däl-de, eýsem, sebitimizdäki we onuň çäklerinden daşardaky hyzmatdaşlarymyzyň hem isleglerini kanagatlandyrmaga mümkinçilik berýändigini görkezýär. Türkmenistandan gündogar, günorta we demirgazyk ugurlara gurlan hem-de üstünlikli işleýän esasy gaz geçirijiler muny doly tassyklaýar” – diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri nygtady.

Şöhbetdeşligiň jemleýji böleginde “Euronews”-iň habarçysy habarçysy golaýda Özbegistanda geçiriljek “Merkezi Aziýa – Ýewropa Bileleşigi” sammiti barada durup geçdi we Türkmenistanyň bu forumda beýan etjek esasy pikirleriniň nämelerden ybaratdygyny sorady.

Gurbanguly Berdimuhamedow ilkinji “Merkezi Aziýa — Ýewropa Bileleşigi” sammiti aýratyn umytlary we birleşmeleri döredýändigini belläp, Merkezi Aziýanyň häzirki döwürde parahatçylyga, howpsuzlyga, durnuklylyga we deňhukuklylyga çalyşýan möhüm sebitdigini nygtady.

“Elbetde, Ýewropa Bileleşiginiň ykdysady, ekologiýa, tehnologiýalar, emeli aň ulgamlarynda toplan tejribesi, gazanan üstünlikleri we mümkinçilikleri biziň ýurtlarymyz üçin peýdalydyr hem-de gyzyklydyr” – diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri aýtdy.

Şeýle hem Gurbanguly Berdimuhamedow ählumumy daşary syýasat gün tertibi boýunça hyzmatdaşlyk etmekde-de gowy mümkinçilikler bar diýip pikir edýärin. Sebit howpsuzlygyny üpjün etmekde, serhetleri berkitmekde, neşeleriň ýaýramagyna garşy göreşmekde we ençeme beýleki ugurlarda hem arkalaşykly işleşmäge giň şertleriň bardygyna ynam bildirdi.


TM CELL Ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti

10.03.2025, 17:03
07.03.2025, 02:03


28-nji fewralda sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow kiberhowpsuzlyk ugry boýunça halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek babatda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bu barada TDH ýazýar.

Hasabatda bellenilişi ýaly, döwlet Baştutanynyň başlangyçlaryny durmuşa geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň dünýäniň tehnologik taýdan ösen ýurtlary bilen degişli ugurda hyzmatdaşlygyny ýola goýmak we ösdürmek boýunça işler alnyp barylýar. Hususan-da, ýurduň sanlylaşdyrmak boýunça kabul edilen konwensiýalara goşulmagy bilen bagly zerur çäreleri görmek, milli kanunçylygy halkara resminamalara laýyklykda kämilleşdirmek meýilleşdirilýär. Şeýle hem halkara guramalar bilen degişli okuwlary, maslahatlary yzygiderli geçirmek göz öňünde tutulýar.

«Sanly ulgamyň kiberhowpsuzlygyny üpjün etmekde daşary ýurt döwletleri hem-de halkara guramalar bilen hyzmatdaşlyk etmek boýunça 2025 — 2027-nji ýyllar üçin Maksatnamanyň» hem-de ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasynyň taslamalary işlenip taýýarlanylýar. Bu resminamalar şu ugurda bilelikdäki işleri amala aşyrmaga, özara tejribe alyşmaga, hünärmenleriň bilim derejesini ýokarlandyrmaga, öňde goýlan wezipeleri öz wagtynda çözmäge ýardam berer. Agzalan Maksatnamada we Meýilnamada daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen degişli şertnamalary baglaşmak, döwletara gatnaşyklarda milli bähbitleri goramak, kiberhüjümler barada maglumat alyşmagyň ýollaryny kesgitlemek, halkara derejede kiberhowpsuzlyk we kiberdiplomatiýa boýunça kabul edilýän çözgütleri ýurtda durmuşa geçirmek göz öňünde tutulýar.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanyň kiberhowpsuzlygyny berkitmegiň hem-de bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň möhüm wezipe bolup durýandygyny belledi.


https://www.turkmenportal.com.tm/tm/blog/88469

01.03.2025, 10:03


“Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy”, “Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy” hem-de bu Maksatnamany durmuşa geçirmek boýunça amala aşyrylmaly çäreleriň meýilnamasy tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar. Şuny göz öňünde tutup, halkara tejribeden ugur almak hem-de dünýäde sanly tehnologiýalaryň soňky gazananlaryny nazara almak bilen, ýakyn geljek üçin täze resminamalaryň taslamalaryny taýýarlamak maksadalaýyk hasaplanýar. TDH-niň habar berşi ýaly, bu barada 21-nji fewralda sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýewiň agzalan resminamalaryň ýerine ýetirilişi hakyndaky hasabatynda aýdyldy.

Hasabatda bellenilişi ýaly, bu resminamalarda bellenen wezipeleri üstünlikli berjaý etmek maksady bilen, tapgyrlaýyn işler dowam etdirilýär. Hususan-da, edaralarda, kärhanalarda, guramalarda maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalaryndan peýdalanmagyň derejesini ýokarlandyrmak, olaryň maddy-enjamlaýyn üpjünçiligini has-da gowulandyrmak, elektron resminamalar dolanyşygy ulgamyny we işiň täze usullaryny ornaşdyrmak, onuň işjeňligini artdyrmak, bu ugurda işleýän hünärmenleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak babatda zerur işler durmuşa geçirilýär.

Agentligiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanynyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurtda sanly ykdysadyýeti ösdürmek, ähli pudaklara sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça maksatnamalaýyn işleriň alnyp barylýandygyny belledi we Türkmenistanda 2026 — 2028-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmek bilen bagly taýýarlanylan teklibi makullap, agentligiň ýolbaşçysyna bu ugurda zerur işleri geçirmegi tabşyrdy.


https://mincom.gov.tm/ru/news/1395/.

24.02.2025, 11:02