radio wave radio source
Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan - bedew batly at-myradyň mekany
HABARLAR


Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi T.Nurmyradowa söz berildi. Ol welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, şu ýyl bugdaýyň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek maksady bilen, gallaçy daýhanlar tarapyndan bugdaý ekilen meýdanlara ideg etmek, ösüş suwuny tutmak işleri alnyp barylýar. Gowaça ekilen meýdanlara gögeriş suwuny tutmak, hatarara bejergi, ýekelemek we otag etmek işleri ýerine ýetirilýär. Şunda oba hojalyk tehnikalary netijeli işledilýär. Welaýatyň ýazlyk ýeralma, gök-bakja ekinleri ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri dowam etdirilýär. Sebitde pile möwsümini guramaçylykly geçirmek we bu ugurda bellenen meýilnamany üstünlikli ýerine ýetirmek üçin zerur çäreler görülýär. Şeýle hem häkim «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna”, «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasyna» laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, möwsümleýin işleriň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda, ýokary hilli geçirilmeginiň zerurdygyny belledi we häkime degişli tabşyryklary berdi. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalara laýyklykda, welaýatda şu ýyl üçin meýilleşdirilen işleriň öz wagtynda, ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Soňra Balkan welaýatynyň häkimi H.Aşyrmyradowa söz berildi. Häkim, ilki bilen, Balkanabat Halkara howa menzilini açyp berendigi üçin hormatly Prezidentimize welaýatyň ähli ýaşaýjylarynyň adyndan hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden berk jan saglyk, il-ýurt bähbitli tutumly işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdi. Soňra ol welaýatda dowam edýän oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda bugdaý ekilen meýdanlara ideg etmek, ösüş suwuny tutmak işleri ýerine ýetirilýär. Gowaça ekilen meýdanlara gögeriş suwuny tutmak, gögeriş alnan meýdanlara bolsa hatarara bejergi, otag etmek, ýekelemek işleri dowam edýär. Bu işlerde oba hojalyk tehnikalaryndan netijeli peýdalanylýar. Welaýatyň ýazlyk ýeralma, gök-bakja ekinleri ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda möwsümleýin ideg işleri geçirilýär. Sebitde pile öndürmek boýunça bellenilen meýilnamany üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen, pileçi kärendeçiler tarapyndan ýüpek gurçugyna ideg etmek işleri alnyp barylýar. Şeýle-de häkim ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalyk işlerinde agrotehnikanyň kadalarynyň berk berjaý edilmeginiň, ekinlerden bol hasyl almak bilen bir hatarda, ýer-suw serişdelerinden hem netijeli peýdalanmaga ýardam edýändigini belledi we bu ugurda alnyp barylýan işleri gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyz şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini üpjün etmek barada-da tabşyryklary berdi.

Daşoguz welaýatynyň häkimi D.Babaýew welaýatdaky möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, şu günler bugdaý ekilen meýdanlara agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg etmek, ösüş suwuny tutmak işleri alnyp barylýar. Welaýatda gowaça ekişi tamamlaýjy tapgyrda dowam edýär. Gögeriş alnan meýdanlarda hatarara bejergi, otag etmek, ýekelemek işleri geçirilýär. Ýazlyk ýeralma, beýleki gök-bakja ekinleri ekilen meýdanlara ideg etmek, suw tutmak işleri ýerine ýetirilýär. Welaýatda şaly ekişine girişilip, möwsümi guramaçylykly geçirmek boýunça zerur çäreler görülýär. Pile möwsüminiň çäklerinde ýüpekçi kärendeçiler tarapyndan ýüpek gurçugyna ideg etmek işleri dowam edýär. Mundan başga-da, häkim ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, gowaça ekişiniň bellenen möhletlerde ýokary hilli geçirilmeginiň, bugdaý ekilen meýdanlardaky ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda geçirilmeginiň möhüm talap bolup durýandygyny belledi we bu babatda degişli tabşyryklary berdi. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalara laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň bellenilen möhletlerde ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Lebap welaýatynyň häkimi M.Annanepesow welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda öndürilýän oba hojalyk önümleriniň möçberini artdyrmak barada öňde goýan wezipelerinden ugur alnyp, sebitiň bugdaý ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ösüş suwy tutulýar. Gowaça ekilen meýdanlarda pagtaçy babadaýhanlar tarapyndan gögeriş suwuny tutmak, endigan gögeriş alnan ýerlerde hatarara bejergi, ýekelemek, otag işleri alnyp barylýar. Ýazlyk ýeralma, sogan ekilen meýdanlarda ideg işleri dowam edýär. Welaýatda ýetişdirilen pile hasylyny ýygnamak we döwlet harmanyna tabşyrmak işlerine girişildi. Şeýle-de häkim ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň talabalaýyk geçirilmeginiň, bu işlerde oba hojalyk tehnikalaryny netijeli peýdalanmagyň möhümdigini belledi we degişli tabşyryklary berdi. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalarda bellenilen wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmeginiň zerurdygyna ünsi çekdi hem-de häkime bu ugurda alnyp barylýan işleri gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Mary welaýatynyň häkimi B.Orazow welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, sebitde bugdaý ekilen meýdanlarda ösüş suwy tutulýar. Bugdaý oragyna guramaçylykly girişmek maksady bilen, galla kabul ediş kärhanalaryny, elewatorlary, däne ýygýan kombaýnlary we beýleki tehnikalary möwsüme taýýar etmek babatda zerur çäreler görülýär. Kadaly gögeriş alnan gowaça meýdanlarynda hatarara bejergi, otag etmek, ýekelemek işleri geçirilýär. Welaýatyň ýazlyk ýeralma, sogan we beýleki gök-bakja ekinleri ekilen meýdanlarynda ideg işleri alnyp barylýar. Şeýle hem pile öndürmek boýunça meýilnamany üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen, pile öndürijiler tarapyndan ýüpek gurçugyna ideg etmek işleri dowam edýär. Mundan başga-da, häkim “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna”, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleri barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, agrotehniki çäreleriň talabalaýyk geçirilmeginiň geljekde oba hojalyk ekinlerinden bol hasyl almagyň esasy şerti bolup durýandygyny belledi we häkime degişli tabşyryklary berdi. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça maksatnamalara laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew ýurdumyzda dowam edýän möwsümleýin işler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda welaýatlaryň bugdaý ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg etmek işleri alnyp barylýar. Bugdaý oragy möwsümine taýýarlyk görmegiň çäklerinde galla kabul ediş kärhanalaryny, elewatorlary, kombaýnlary, beýleki tehnikalary möwsüme doly taýýar etmek babatda zerur çäreler görülýär. Gowaça ekilen meýdanlarda gögeriş suwuny tutmak, gögeriş alnan ýerlerde hatarara bejergi, ýekelemek, otag etmek işleri alnyp barylýar. Ýurdumyzda azyk bolçulygyny has-da pugtalandyrmak barada öňde goýlan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen, ýazlyk ýeralma, gök-bakja we beýleki azyklyk ekinleri ekilen meýdanlarda ideg işleri ýerine ýetirilýär. Daşoguz welaýatynda şaly ekişi dowam edýär. Pile möwsüminiň çäklerinde welaýatlarda ýüpek gurçugyna ideg etmek, ýetişdirilen pile hasylyny ýygnap almak işleri alnyp barylýar. Diýarymyzyň tokaý zolaklarynda, öri we ekin meýdanlarynda ýangynyň döremeginiň öňüni almak maksady bilen, ýangyna garşy gorag zolaklaryny döretmek boýunça arassaçylyk hem-de sürüm işleri geçirilýär.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzda oba hojalyk önümleriniň öndürilýän möçberini yzygiderli artdyrmak, pudagy toplumlaýyn ösdürmek boýunça öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmeginiň möhümdigini belledi hem-de wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.

Soňra döwlet Baştutanymyz iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, welaýatlarda gögeriş alnan gowaça meýdanlarynda hatarara bejergi hem-de ýekelemek, otag etmek işleriniň alnyp barlyşyny berk gözegçilikde saklamagy, gowaça ideg etmekde oba hojalyk tehnikalaryny doly güýjünde peýdalanmak üçin zerur çäreleri görmegi, bugdaý ekilen meýdanlarda ideg işleriniň agrotehniki kadalara laýyk geçirilmegini üpjün etmegi, bugdaý ekilen meýdanlarda zyýan berijileriň ýüze çykmagynyň öňüni almak boýunça zerur çäreleri görmegi tabşyrdy. Şunuň bilen birlikde, hormatly Prezidentimiz ýazlyk ýeralma, gök-bakja ekinleri ekilen meýdanlara talabalaýyk ideg edilmeginiň, Daşoguz welaýatynda şaly ekişiniň bellenen möhletlerde geçirilmeginiň, welaýatlarda ýüpek gurçugyna ideg etmek, pile taýýarlamak boýunça netijeli işleriň alnyp barylmagynyň zerurdygyny belledi.

Döwlet Baştutanymyz pagta we bugdaý öndürijiler bilen hyzmat ediji edara-kärhanalaryň arasynda ýerine ýetirilen işler üçin hasaplaşyklaryň wagtynda geçirilmegini gazanmak, tokaý zolaklarynda, öri we ekin meýdanlarynda ýangyn döremeginiň öňüni almak boýunça geçirilýän işleri berk gözegçilikde saklamagy, ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, welaýatlarda şu ýyl meýilleşdirilen işleriň bellenen möhletlerde ýerine ýetirilmegi üçin zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

https://mincom.gov.tm/tk/news/13459/


06.05.2025, 14:05


Şu gün Aşgabatda «Halkara söwda we hyzmatlar» atly sergi-ýarmarka hem-de «Türkmenistanda halkara ülňülere laýyk gelýän hil üpjünçiligi» atly halkara maslahat öz işine başlaýar. Şu mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bu halkara çärelere gatnaşyjylara Gutlag iberdi. Bu barada TDH habar berýär.

«Türkmenistan» gazetinde çap edilen Gutlagynda döwlet Baştutany şeýle belleýär:

«Hormatly sergi-ýarmarka we maslahata gatnaşyjylar!

Gadyrly myhmanlar!

Sizi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ak mermerli Aşgabatda geçirilýän «Halkara söwda we hyzmatlar» atly sergi-ýarmarkanyň hem-de «Türkmenistanda halkara ülňülere laýyk gelýän hil üpjünçiligi» atly halkara maslahatyň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Bu giň möçberli çäreleriň halkara söwdany ösdürmekde, hyzmatlar ulgamyny kämilleşdirmekde, ylmyň we tehnologiýanyň gazananlaryny önümçilige ornaşdyrmak esasynda ýokary hilli, ekologik taýdan arassa, halkara ülňülere laýyk gelýän harytlary dünýä bazarlarynda ilerletmekde uly ähmiýete eýe boljakdygyna berk ynanýaryn.

Hormatly adamlar!

Gadyrly sergä we maslahata gatnaşyjylar!

Häzirki döwürde Türkmenistanyň ykdysady ösüşiniň ylmy çemeleşmä, hojalygy netijeli ýöretmäge we meýilnamalaşdyrmaga esaslanýan strategiýasy üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bu strategiýa ykdysadyýeti döwrebaplaşdyrmaga, diwersifikasiýalaşdyrmaga we sanlylaşdyrmaga, iň täze tehnologiýalary, innowasiýalary giňden ornaşdyrmaga, döwletimiziň dünýä hojalyk gatnaşyklarynyň ulgamyna işjeň goşulyşmagyna, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmaga gönükdirilendir. Halkara ülňülere laýyk gelýän hil üpjünçiligi häzirki zaman ykdysadyýetiniň wajyp ugurlarynyň biridir. Halkara bazarlarda özara bähbitli, açyk, deňhukukly hyzmatdaşlygy ösdürmegiň, ýurdumyzyň eksport mümkinçiligini artdyrmagyň, sarp edijileriň hukuklaryny goramagyň möhüm şerti hökmünde harytlaryň we hyzmatlaryň ýokary hil standartlaryna laýyk gelmegine uly üns berilýär.

«Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» hem-de pudaklaýyn ösüş resminamalarynda bu maksatlara ýetmek üçin birnäçe möhüm wezipeler kesgitlenildi. Bu Maksatnamalary durmuşa geçirmekde gazanylan netijeler ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň pugtalanýandygyna, milli ykdysadyýetimiziň öndürijilik ukybynyň artdyrylýandygyna, bazar gatnaşyklarynyň işjeňleşdirilýändigine, söwda we hyzmatlar ulgamynyň depginli ösüşiniň üpjün edilýändigine, ähli ulgamlarda sanly tehnologiýalaryň işjeň ornaşdyrylýandygyna şaýatlyk edýär.

Bitarap ýurdumyzyň alyp barýan «Açyk gapylar» syýasatynyň çäklerinde dünýä ýurtlarynyň kompaniýalary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy has-da ösdürmek üçin uly mümkinçilikler döredilýär. Türkmenistanyň Bütindünýä Söwda Guramasynda «işjeň synçy» derejesiniň bolmagy ýurtda önümçilik düzümlerini ösdürmäge, eksport mümkinçiliklerini artdyrmaga we halkara söwda-ykdysady gatnaşyklar ulgamyna has işjeň goşulyşmaga giň mümkinçilikleri açýar. Ýurdumyzyň söwda ulgamyny has-da kämilleşdirmek we döwrebaplaşdyrmak, Türkmenistanda öndürilýän ýokary hilli, ekologik taýdan arassa we bäsdeşlige ukyply harytlary dünýä bazarlarynda giňden tanatmak, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmek ugrunda maksatnamalaýyn işler amala aşyrylýar.

Ykdysadyýeti bazar gatnaşyklaryna geçirmegiň, döwrebap özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirmegiň netijesinde Türkmenistan dünýä bazarynda barha ähmiýetli orny eýeleýär. Ýurdumyzda we onuň çäklerinden daşarda geçirilýän sergiler, forumlar döwletimiziň häzirki döwürde gazanýan üstünliklerini, maýa goýum kuwwatyny açyp görkezmek üçin meýdança bolup hyzmat edýär. Daşary ýurtly gatnaşyjylara bolsa şeýle çäreler öz geljegi uly taslamalary bilen tanyşdyrmak üçin oňat mümkinçilikdir. Şu gün öz işine başlaýan sergi-ýarmarka hem-de halkara maslahat hem ýurdumyzyň söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyny giňeltmekde, önüm öndürijileriň, hyzmatlar ulgamynyň eksport mümkinçiliklerine baha bermekde möhüm orny eýelär.

Hormatly adamlar!

Gadyrly myhmanlar!

Sizi «Halkara söwda we hyzmatlar» atly sergi-ýarmarkanyň hem-de «Türkmenistanda halkara ülňülere laýyk gelýän hil üpjünçiligi» atly halkara maslahatyň öz işine başlamagy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size berk jan saglyk, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmakda alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin».


https://mincom.gov.tm/tk/news/14150/

29.04.2025, 13:04


Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Özbegistanyň Samarkant şäherine amala aşyrýan saparynyň çäklerinde ýurduň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen bilelikde Hezreti Hyzyr ýadygärlikler toplumyna baryp, Özbegistan Respublikasynyň ilkinji Prezidenti Islam Karimowy hatyralady.

Myhmanlar bu ýerde aýat-doga okap, Islam Karimowyň guburyna gül desselerini goýdular. Bu barada Özbegistanyň Prezidentiniň Metbugat gullugy habar berdi.

Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow we Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew «Silk Road Samarkand» halkara syýahatçylyk merkezindäki «Ebedi şäher» taryhy-etnografik seýilgähde guralan medeni çärelere gatnaşdylar.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy özbek halkynyň baý medeni mirasyny görkezýän sergiler, senetçilik we amaly haşam sungatynyň eserleri bilen tanyşdy. Şeýle-de tans toparlarynyň çykyşlaryndan ybarat medeni maksatnama tomaşa edildi.


https://mincom.gov.tm/tk/news/14081/

 

24.04.2025, 12:04


Ýaponiýa iş saparynyň çäginde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ýaponiýanyň Imperatory Naruhito bilen duşuşyk geçirdi.

Söhbetdeşligiň dowamynda taraplar ykdysadyýete, tehnologiýa we ynsanperwer ulgamlaryndaky özara hyzmatdaşlyga aýratyn üns bermek bilen döwletara gatnaşyklaryň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. Bellenilişi ýaly, Ýaponiýa öňdebaryjy tehnologiýalary we ösen senagaty bilen dünýäde öňdäki orunlary eýeleýär. Tebigy serişdeleriň ägirt uly gorlaryna eýe bolan Türkmenistan, öz gezeginde, öňdebaryjy ýapon tehnologiýalaryny ulanmak arkaly bu baýlyklary has netijeli peýdalanmaga gyzyklanma bildirýär.

Türkmenistan milli ykdysadyýetiň pudaklaryny, şol sanda elektroenergetika, nebitgaz senagaty, himiýa, gurluşyk, ulag hem-de oba hojalygy pudaklaryny işjeň döwrebaplaşdyrýar diýip, Prezident Serdar Berdimuhamedow nygtady. Şunuň bilen baglylykda, Ýaponiýa innowasion çemeleşmeler we häzirki zaman tehnologiýalar arkaly ýurduň durnukly ösüşine goşant goşup biljek möhüm hyzmatdaş hökmünde garalýar.

Söhbetdeşlikde energiýanyň dikeldilýän çeşmeleri, maglumat tehnologiýalary, ekologiýa, durnukly ösüş ýaly ugurlardaky bilelikdäki taslamalara aýratyn üns berildi. Türkmenistanyň Prezidenti bu ugurlardaky hyzmatdaşlygyň iki ýurt üçin hem gowy netijeleri berjekdigine ynam bildirdi.

Medeni-ynsanperwer ulgam ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň möhüm ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Ýapon medeniýeti, sungaty we däp-dessurlary Türkmenistanda hemişe uly hormat hem-de gyzyklanma döredýändigi bellenildi. Şunuň bilen birlikde, türkmen medeniýetine-de Ýaponiýada hem uly gyzyklanma bildirilýär.

Imperator Naruhito bilim ulgamynda ýola goýlan hyzmatdaşlygyň ähmiýetini belläp, Türkmenistanyň orta we ýokary okuw mekdeplerinde ýapon diliniň öwredilmeginiň halklary ýakynlaşdyrmak üçin oňyn ädimdigini belläp geçdi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmäge goşýan şahsy goşandy üçin Imperator Naruhito minnetdarlyk bildirdi we ony mundan beýläk-de pugtalandyrmaga Türkmenistanyň taýýardygyny tassyklady.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler we Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky strategiki hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de pugtalandyryljakdygyna ynam bildirdiler.


https://mincom.gov.tm/tk/news/13995/


17.04.2025, 10:04


Ozal habar berşimiz ýaly, şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy we bu ýerde Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazowyň we Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowanyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.

Iş maslahatynyň barşynda Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowa täze şäheriň çäklerinde Türkmen bedewiniň milli baýramyna görülýän toplumlaýyn taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. Hasabatda Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli ýurduň atşynaslar toparyna täze ýaşaýyş jaýlarynyň açarlarynyň gowşurylmagynyň meýilleşdirilýändigi hakynda-da habar berildi.

Halk Maslahatynyň Başlygy milli senenamada möhüm orun eýeleýän Türkmen bedewiniň milli baýramynyň täze şäherde geçirilmeginde çuňňur manynyň bardygyny aýtdy.

Gahryman Arkadag ähli meýilleşdirilen halkara çäreleriň, toý dabaralarynyň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmegi ugrunda degişli düzümleriň sazlaşykly işiniň ýola goýulmalydygyny belläp, bu babatda kesgitlenen wezipeleri degişli derejede ýerine ýetirmek ugrunda zerur tagallalaryň edilmelidigini aýtdy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.


https://mincom.gov.tm/tk/news/11771/

10.04.2025, 10:04


Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Bellenilişi ýaly, mejlisde ýurduň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň şu ýylyň 3 aýynda ýerine ýetiren işleriniň netijelerine garaldy, şeýle hem ýurtda howpsuzlygy we asudalygy üpjün etmek, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, olaryň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýew mejlisde Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerini ösdürmegiň maksatnamasynda göz öňünde tutulan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen, ýylyň başyndan bäri alnyp barlan işler barada hasabat berdi. Hasabatda ýurduň goranyş ukybyny pugtalandyrmak, Watan goragçylarynyň gulluk we ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak, ýokary hünärli gullukçylary taýýarlamak boýunça geçirilýän işler barada hem aýdyldy. Şeýle hem çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary gullukdan boşatmagyň we harby gulluga nobatdaky çagyrylyşyň barşy barada hasabat berildi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurduň goranmak ukybyny pugtalandyrmak, Ýaragly Güýçleriň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etmegiň möhümdigini belledi.

Döwlet Baştutany çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary gullukdan boşatmak we harby gulluga çagyrmak bilen baglanyşykly meselelere ünsi çekip, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministrine bu işleriň guramaçylykly ýerine ýetirilmegini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Soňra harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary gözegçilik edýän düzümlerinde şu ýylyň üç aýynda alnyp barlan işler we olaryň netijeleri, degişli düzümleriň işini kämilleşdirmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabatlary berdi.

Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow hasabatlary diňläp, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylaryna degişli tabşyryklarydyr görkezmeleri berdi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow mejlisiň ahyrynda Türkmenistanyň goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrinasynyň talaplaryna laýyklykda, Garaşsyz, hemişelik Bitarap türkmen döwletiniň harby howpsuzlygyny we bitewüligini ýokary derejede üpjün etmek, ýurduň goranmak ukybyny berkitmek, şeýle hem Watan goragçylarynyň we olaryň maşgala agzalarynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da ýokarlandyrmak boýunça yzygiderli çäreleriň durmuşa geçirilýändigini we bu işleriň mundan beýläk hem dowam etjekdigini belledi.

Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde başga-da birnäçe meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.


TÜRKMENARAGATNAŞYK» AGENTLIGI

03.04.2025, 18:04


Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Saud Arabystany Patyşalygynyň döwlet ministri, Ministrler Kabinetiniň agzasy Emir Turki bin Muhammed Al Saudy kabul etdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Bellenilişi ýaly, duşuşykda myhman özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, Türkmenistanyň Prezidentini we ähli türkmen halkyny mübärek Oraza baýramy mynasybetli gutlady. Şeýle-de ol Iki Mukaddesligiň Hyzmatkäri, Saud Arabystanynyň Patyşasy Salman ben Abdulaziz Al Saudyň we Saud Arabystanynyň Mirasdüşer Şazadasy, Premýer-ministri Mohammed bin Salman bin Abdulaziz Al Saudyň iberen salamyny hem-de iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

Türkmenistanyň Prezidenti hoşniýetli sözler we gutlaglar üçin minnetdarlyk bildirip, Emir Turki bin Muhammed Al Saudyň şu gezekki saparynyň iki ýurduň arasyndaky ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy has-da ösdürmäge we işjeňleşdirmäge goşant goşjakdygyna ynam bildirdi hem-de Saud Arabystanynyň Patyşasyna we Patyşa maşgalasynyň agzalaryna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Söhbetdeşler ikitaraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we ony ösdürmegiň geljekki ugurlary barada pikir alyşmagyň dowamynda özara söwda dolanyşygynyň ýylsaýyn artýandygyny kanagatlanma bilen bellediler.

Duşuşygyň barşynda nebiti we gazy öndürmek, gaýtadan işlemek we olary dünýä bazarlaryna ýetirmek boýunça hyzmatdaşlyk etmekde iki ýurduň uly mümkinçilikleriniň bardygy barada aýdyldy.

Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge taýýardygyny tassyklady.



TÜRKMENARAGATNAŞYK» AGENTLIGI

03.04.2025, 18:04