radio wave radio source
Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan - bedew batly at-myradyň mekany
HABARLAR


Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyrylyşynyň dokuzynjy maslahatynda kabul edilen «Saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawy hakynda», «Türkmenistanyň içeri işler edaralary hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna goşmaça girizmek hakynda», «Türkmenistanyň Gümrük kodeksine goşmaçalar girizmek hakynda», şeýle hem «Gümrük gullugy hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna goşmaça girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary «Türkmenistan» gazetiniň 19-njy iýuldaky sanynda çap edilip, resmi taýdan herekete girizildi.

«Saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawy hakynda» Türkmenistanyň Kanuny Türkmenistanyň saýlawlarda we sala salşyklarda ses bermäge hukugy bolan raýatlarynyň bitewi döwlet sanawyny döretmegiň we ýöretmegiň hukuk hem-de guramaçylyk esaslaryny kesgitleýär.

«Türkmenistanyň içeri işler edaralary hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna goşmaça girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanuny Türkmenistanyň raýatlarynyň daşary ýurtlara girmegi babatynda wiza almak üçin zerur bolan resminamalaryň hatarynda iş kesilendigi ýa-da kesilmändigi baradaky kepilnamanyň talap edilýändigi göz öňünde tutulyp taýýarlanyldy. Oňa görä, degişli Kanuna «Türkmenistanyň içeri işler edaralary hakynda» Türkmenistanyň Kanuny bilen içeri işler edaralarynyň üstüne ýüklenilen wezipelere laýyklykda we ygtyýarlyklarynyň çägindäki borçlarynyň hataryna, bellenilen tertipde şahsyň iş kesilenlik aýbynyň öz-özünden aýrylýan ýa-da aýrylýan pursadyna çenli iş kesilendigi ýa-da iş kesilmändigi barada fiziki we ýuridik şahslara kepilnamalary hem-de talapnamalar boýunça maglumatlary bermek barada borjy kesgitleýän täze kada goşuldy.

«Türkmenistanyň Gümrük kodeksine goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanuny Türkmenistanyň gümrük serhedinden harytlar, ulag serişdeleri we şahslar geçirilende hem-de gümrük taýdan resmileşdirilende, gümrük maksatlary üçin ulanylýan resminamalarda töwekgelçilikleri ýüze çykarmak we öňüni almak maksady bilen işlenip taýýarlanyldy we kabul edildi. Kanunda töwekgelçilikleri dolandyrmak hem-de töwekgelçilikleri dolandyrmak ulgamy barada düşünjeler girizilýär. Şeýle hem Türkmenistanyň gümrük edaralary tarapyndan töwekgelçilikleri dolandyrmak ulgamyny ulanmagyň Strategiýasy, Türkmenistanyň gümrük kanunçylygynyň bozulmalarynyň öňüni almak we olary ýüze çykarmak, Türkmenistanyň gümrük serhedinden harytlaryň geçirilmegini ýönekeýleşdirmek we tizleşdirmek boýunça degişli şertleri döretmek barada aýdylýar.

«Gümrük gullugy hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna goşmaça girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, ozalky hereket edýän Kanuna täze bent goşulyp, onda gümrük gullugynyň öz üstüne ýüklenen wezipelerine laýyklykda, Türkmenistanyň gümrük serhedinden geçirilýän hem-de gümrük taýdan resmileşdirilýän harytlar, ulag serişdeleri we şahslar, şeýle hem gümrük maksatlary üçin ulanylýan resminamalar babatda gümrük gözegçiliginiň görnüşlerini saýlamak üçin töwekgelçilikleri dolandyrmak ulgamynyň döredilýändigi we ulanylýandygy barada kadalar girizilýär.

«Gümrük gullugy hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna goşmaça girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilmegi Türkmenistanyň gümrük serhedinde gümrük kadalarynyň bozulmalarynyň ýüze çykarylmagyna we olaryň öňüniň alynmagyna ýardam eder.

Täze kabul edilen we «Türkmenistan» gazetinde çap edilip, resmi taýdan herekete girizilen kanunlar bilen şu baglanyşyk arkaly dolulygyna tanşyp bilersiňiz.

21.07.2025, 14:07


Ozal habar berşimiz ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow guramaçylyk döwlet toparynyň şu ýylyň 4 — 8-nji awgusty aralygynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyny geçirmäge bagyşlanan maslahatyny geçirdi.

TDH-niň habar bermegine görä, türkmen halkynyň Milli Lideri maslahata gatnaşyjylara ýüzlenip, Türkmenistanyň BMG bilen bilelikde guramagynda geçiriljek bu halkara forumyň çäklerinde syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurly köp sanly çäreleriň geçirilmeginiň göz öňünde tutulýandygyny aýtdy.

Bellenilişi ýaly, bäş günläp dowam etjek çärelere deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň düzümine girýän 32 döwletiň hem-de BMG-niň gyzyklanma bildirýän beýleki agza ýurtlarynyň döwlet hem-de hökümet Baştutanlarynyň, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň we onuň orunbasarlarynyň gatnaşmagyna garaşylýar. Şeýle hem birnäçe halkara, sebit guramalarynyň, kanun çykaryjy edaralaryň, maliýe institutlarynyň, jemgyýetçilik birleşikleriniň hem-de hususy pudagyň ýolbaşçylarynyň we wekilleriniň gelmegi meýilleşdirilýär.

Geçiriljek bu çäreler toplumy jemi 7 sany esasy ugry: halkara maslahatyň açylyş we ýapylyş dabaralaryny hem-de plenar mejlislerini; ýokary derejedäki tematik «tegelek stollary» (5 sany); ýokary derejedäki 7 sany forumy, ýagny Günorta-Günorta hyzmatdaşlygy boýunça ministrler duşuşygyny, parlament forumyny, hususy pudagyň forumyny, raýat jemgyýetiniň forumyny, ýaşlar forumyny, zenan ýolbaşçylaryň duşuşygyny, arabaglanyşyk boýunça çäräni, şeýle-de maslahata gatnaşýan döwletler hem-de halkara guramalar we edaralar tarapyndan geçiriljek çäreleri, şol sanda türkmen tarapynyň ýerüsti ulag we arabaglanyşyk, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly, ýaşlar syýasaty, durnukly energetika, sirkulýar ykdysadyýet bilen baglanyşykly gurajak ugurdaş çärelerini; maslahatyň we ugurdaş çäreleriň geçiriljek binalarynda guraljak tematik sergileri, şol sanda türkmen tarapynyň gurajak sergilerini; Merkezi Aziýa ýurtlarynyň milli günlerini we onuň çäklerinde guraljak medeniýet we sungat ussatlarynyň dabaraly konsertini; Türkmenistanyň Hökümetiniň adyndan maslahata gatnaşyjylaryň hormatyna guraljak resmi nahary öz içine alýar.

Gahryman Arkadag Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyny we onuň çäklerinde geçiriljek çäreler toplumyny ýokary derejede, talabalaýyk guramak boýunça öňde durýan wezipeleri we ýerine ýetirilmeli işleri hem kesgitledi.


https://mincom.gov.tm/tk/news/14767/

14.07.2025, 14:07


Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi awgust aýynda Awazada BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatynyň (LLDC 3) öňisyrasynda işjeň diplomatik hereketini görkezýär. 10-njy iýulda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow birnäçe ýurtdaky kärdeşleri bilen telefon arkaly söhbetdeşlikleri geçirdi we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy hem-de bu möhüm halkara foruma taýýarlygyň esasy taraplaryny ara alyp maslahatlaşdy.

Telefon arkaly söhbetdeşlik Belarus Respublikasynyň Daşary işler ministri Maksim Ryženkow, Moldowa Respublikasynyň Daşary işler ministri Mihaý Popşoý, Burundi Respublikasynyň Daşary işler we ösüş maksatly hyzmatdaşlyk ministri Albert Şingiro şeýle hem Çad Respublikasynyň Daşary işler, afrika integrasiýasy we daşary ýurtdaky çadlylaryň işleri boýunça Abdulaýe Sabre Fadul bilen geçirildi.

Bu söhbetdeşlikleriň dowamynda ministrler ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyklaryň häzirki ýagdaýlaryny we olary giňeltmegiň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyna taýýarlyk bilen baglanyşykly meselelere aýratyn üns berildi. Söhbetdeşler şeýle hem halkara gün tertibine umumy çemeleşmeleri nygtap, halkara guramalaryň çäklerindäki özara gatnaşyklara garadylar.

Bu gepleşikler LLDC3 maslahatynyň Türkmenistanyň halkara gün tertibindäki ornuny we giň goldawy emele getirmek hem-de bu möhüm çäräniň üstünlikli geçirilmegini üpjün etmek işine ýurduň işjeň gatnaşýandygyny görkezýär.


https://mincom.gov.tm/tk/news/14736/

11.07.2025, 11:07


Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyza we Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy. Saparyň çäginde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň gurluşyk toplumyna we Aşgabat şäherine gözegçilik edýän orunbasary B.Annamämmedow hormatly Prezidentimiziň tabşyryklaryna laýyklykda ýurdumyzda alnyp barylýan gurluşyk işleri barada hasabat berdi we Gahryman Arkadagymyzdan bu ugurda öz maslahatlaryny bermegini haýyş etdi.

Häzirki döwürde Milli Liderimiziň başyny başlan giň möçberli özgertmeleriniň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ýokary derejede durmuşa geçirilmegi netijesinde, ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryna degişli desgalaryň, şol sanda lukmançylyk edaralarynyň gurluşygyna we ozal bar bolanlarynyň durkunyň düýpli täzelenilmegine möhüm ähmiýet berilýär.

Ir säher bilen Gahryman Arkadagymyz paýtagtymyzyň günorta-gündogar künjegine geldi. Bu ýerde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow hormatly Prezidentimiziň tabşyryklaryna laýyklykda paýtagtymyzda gurulýan lukmançylyk edaralarynyň gurluşyklary we gurulmagy meýilleşdirilýän saglyk merkezleriniň taýýarlanylan taslamalary barada hasabat berdi. Şeýle hem wise-premýer lukman Arkadagymyzdan ýurdumyzyň saglyk merkezleriniň işini kämilleşdirmek, Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň hassahanalar toplumynyň taslamalary, okuw-ylmy merkezlerde tejribeli lukmanlary taýýarlamak, bu ugry ösdürmek babatda işlenip taýýarlanylan meýilnamalar barada degerli maslahatlaryny bermegini haýyş etdi.

Türkmenistanyň at gazanan arhitektory Gurbanguly Berdimuhamedow görkezilýän taslamalar we lukmançylyk edaralarynyň ýerleşjek ýeriniň çyzgylary bilen tanşyp, olara birnäçe belliklerini aýtdy. Bellenilişi ýaly, ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgeleriniň ösdürilmegine, ynsan saglygynyň berkidilmegine, çagalaryň sazlaşykly ösüşine döwlet derejesinde uly ähmiýet berilýär. Bular yzygiderli gözegçilikde saklanmaly wezipeleriň hatarynda kesgitlenendir. Aýratyn-da, lukmançylyk uniwersitetiniň hassahanalar toplumynyň, Indira Gandi adyndaky lukmançylyk orta okuw mekdebiniň we bu ugurdan bilim alýan talyplaryň tejribe toplamagynda möhüm ähmiýeti bolan okuw-usulyýet merkezleriniň taslamalarynyň taýýarlanylmagyna hem-de gurluşyk işlerine örän jogapkärçilikli, toplumlaýyn esasda çemeleşilmelidir. Şunda binalaryň seýsmiki ýagdaýyna zerur üns berilmelidir.

Milli Liderimiz keseli bejereniňden, onuň öňüni almagyň has bähbitlidigini nygtady. Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzda 1995-nji ýylda lukman Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda “Saglyk” Döwlet maksatnamasy işlenip taýýarlanyldy. 2015-nji ýylda bolsa maksatnamanyň rejelenen görnüşi kabul edildi. Munuň özi ýurdumyzda ynsan saglygynyň berkidilmegine, keselleriň öňüni almaga hemmetaraplaýyn esasda çemeleşilýändigini görkezýär.

Gahryman Arkadagymyz Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginde alnyp barylýan işleriň häzirki döwrüň talabyny ödemeýändigini aýdyp, hormatly Prezidentimiziň bu ugurda işleýän ýolbaşçylaryň işiniň guramaçylyk derejesine nägilelik bildirendigini nygtady. Saglygy goraýyş ulgamyna ösen tehnologiýalar, sanly ulgam işjeň ornaşdyrylmalydyr. Şol bir wagtyň özünde lukmanlaryň tejribe toplamagy, hünäriniň kämilleşdirilmegi ugrunda ähli zerur tagallalar edilmelidir. Şunuň bilen baglylykda, Halk Maslahatynyň Başlygy paýtagtymyzyň günorta künjeginde ýerleşýän häzirki zaman saglyk merkezlerine barýan ýollaryň ugrunda ulaglaryň sazlaşykly hereketiniň üpjün edilmelidigini belläp, bu babatda degişli düzümler bilen bilelikde iş alyp barmagyň zerurdygyna ünsi çekdi.

Lukman Arkadagymyz saglyk merkezleriniň, lukmançylyk edaralarynyň döwrebap derejede enjamlaşdyrylmagy, olarda işlejek lukmanlaryň hünär derejesiniň ýokarlandyrylmagy we bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyň işjeň ýola goýulmagy bilen baglanyşykly meselelere zerur üns berilmelidigini belledi. Munuň özi hünärmenleriň, lukmanlaryň degişli ugurlar boýunça baý tejribe toplamagyny, olaryň häzirki zaman saglygy goraýyş tehnologiýalaryny netijeli özleşdirmeklerini üpjün eder.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň hassahanalar toplumynyň çäginde Indira Gandi adyndaky lukmançylyk orta hünär okuw mekdebiniň gurulmagynyň we toplumyň ýanynda lukmançylyk boýunça bilim berýän mugallymlar, aýratyn-da, ýaş mugallymlar üçin ýaşaýyş jaýlarynyň, talyplar üçin bolsa umumy ýaşaýyş jaýynyň gurulmagynyň maksadalaýyk boljakdygyny aýdyp, wise-premýer B.Annamämmedowa bu babatda hormatly Prezidentimize ýüzlenmegi maslahat berdi. Bu lukmançylyk edaralarynyň bir ýerde ýerleşmegi ýaşlaryň hünär taýdan kämilleşmegine, olaryň lukmançylyk ylmynyň tärlerini we usullaryny özleşdirmeklerine, amaly taýdan tejribe toplamaklaryna oňyn täsirini ýetirer.

Soňra Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy dikuçarda Arkadag şäherine tarap ugur aldy. Uçuşyň dowamynda Gahryman Arkadagymyz paýtagtymyzyň çäklerinde bar bolan we täze gurulýan saglyk merkezleriniň ýagdaýy, olaryň gurluşyklarynda alnyp barylýan işleriň barşy bilen tanyşdy. Şunda ýaýbaňlandyrylan gurluşyk işleriniň 70 göterimden gowragynyň durmuş maksatly desgalardan ybaratdygyny bellemek gerek. Munuň özi ýurdumyzda halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň has-da ýokarlandyrylmagy ugrunda edilýän aladalaryň aýdyň netijesidir.

Soňky ýyllarda Diýarymyzda häzirki döwrüň talaplaryna laýyk gelýän medeni-durmuş, edara ediş, ulag-aragatnaşyk we beýleki maksatly desgalaryň gurulmagyny göz öňünde tutýan toplumlaýyn özgertmeler maksatnamasy üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bu bolsa «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň» netijeli amala aşyrylmagyna giň ýol açýar. Lukman Arkadagymyz uçuşyň dowamynda paýtagtymyzyň çäklerinde bar bolan binalary we saglyk merkezlerini synlady. Şunda ähli binalaryň, şol sanda lukmançylyk edaralarynyň ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylmagyna zerur üns berilmelidir.

Häzirki döwürde Milli Liderimiziň başlangyjyndan binýat bolan, “akylly” şäher konsepsiýasy esasynda gurlan Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynda ýaýbaňlandyrylan işler batly depginde dowam edýär. Hormatly Arkadagymyz guşuçar belentlikden Arkadag şäheriniň çäginde gurulýan binalaryň aýratynlyklaryny, lukmançylyk klasterine degişli önümçilik toplumlarynyň, Çeper halyçylyk kärhanasynyň ýerleşýän ýerlerini we gurluşyk işlerine girişmek üçin ýaýbaňlandyrylan taýýarlyklaryň barşyny synlady.

Arkadag şäheriniň metjidiniň gurluşygynda alnyp barylýan işleriň depgini barha ýokarlanýar. Munuň özi metjidiň gurluşygyna yhlasly, jogapkärçilikli çemeleşilýändiginiň aýdyň beýanydyr. Haýyr işleriň we ýagşy dessurlaryň amal bolýan binasynyň gurluşygy hil babatda häzirki zaman talaplaryna doly laýyk gelýär.

Häzirki döwürde ýurdumyzda halkymyzyň taryhyň dowamynda döreden dünýä nusgalyk milli ýörelgeleri dowamata atarylýar. Asylly däp-dessurlaryň ösdürilmeginde Diýarymyzyň dürli künjeklerinde, şol sanda Arkadag şäherinde bina edilýän metjide möhüm ornuň degişlidigini nygtamak gerek. Gahryman Arkadagymyzyň tagallasyndan binýat bolan täze şäher ähli görkezijiler babatda ýokary halkara ülňülere laýyk gelýär. Bu künjegiň medeni-durmuş maksatly binalary, önümçilik toplumlary, seýilgäh zolaklary bir bitewi sazlaşygy emele getirýär. Guşuçar belentlikden Arkadag şäheriniň keşbi has-da gözel görünýär. Milli Liderimiziň dikuçary täze şäheriň ýokarsyndan öwrüm edip, paýtagtymyza tarap ugur aldy.

Häzirki wagtda paýtagtymyzyň ulag mümkinçilikleriniň gerimi barha artýar. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda baş şäherimiziň ulag-logistika ulgamyna aýratyn ähmiýet berlip, howa gatnawlarynda ýolagçylara döwrebap hyzmatlar hödürlenilýär. Ýurdumyza hormatly Prezidentimiziň satyn alyp bermeginde täze uçarlar yzygiderli gelip gowuşýar. Munuň özi ýolagçy we ýük gatnatmak işleriniň ýygjamlaşýandygyny görkezýär.

Gahryman Arkadagymyz paýtagtymyzyň günorta künjeginde häzirki zaman talaplaryna laýyk gelýän we ýokary derejede enjamlaşdyrylan saglyk merkezleriniň toplumyny synlady. Bu künjekde ýokary halkara görkezijilere kybap gelýän saglygy goraýyş edaralary ýerleşip, olarda halkymyza ýokary hilli lukmançylyk hyzmatlary hödürlenilýär. Saglygy goraýyş ulgamyna degişli desgalaryň döwrüň talaplaryna laýyk derejede enjamlaşdyrylmagynyň, gurluşyklarda, durky täzelenilýän desgalarda ýerine ýetirilýän işleriň häzirki zaman görkezijilerine laýyk gelmeginiň möhüm talapdygyny belläp, Milli Liderimiziň bu işleriň şähergurluşyk maksatnamasynda kesgitlenen wezipeleriň üstünlikli amala aşyrylmagynda ähmiýetlidigine ünsi çekdi. Şol bir wagtyň özünde gurluşykda ulanylýan bezeg serişdeleri berklik, oňaýlylyk babatda ösen talaplara doly laýyk gelmelidir. Şeýle hem lukmanlar üçin oňaýly iş we durmuş şertleriniň döredilmegine aýratyn ähmiýet berilmelidir.

Halk Maslahatynyň Başlygynyň dikuçary Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň hassahanalar toplumynyň ýokarsyndan öwrüm etdi. Lukman Arkadagymyz bu lukmançylyk edaralarynyň durkuny täzelemek bilen baglanyşykly meselelere taýýarlyk görmek babatda degişli maslahatlaryny berdi.

Soňky ýyllarda paýtagtymyzyň demirgazyk künjeginde häzirki zaman saglyk merkezleriniň toplumy emele geldi. “Çoganly” ýaşaýyş toplumynyň çäginde ýerleşýän saglyk merkezleriniň enjamlaşdyrylyşy we olarda hödürlenilýän hyzmatlar ýokary halkara görkezijilere doly laýyk gelýär.

Milli Liderimiz guşuçar belentlikden paýtagtymyzyň çäginde bar bolan saglyk edaralaryny, olaryň ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylyşyny synlady. Şäheriň merkezi künjeginde ýerleşýän we ýakynda ulanmaga berlen saglyk merkezleriniň, gurluşygy tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýan Stomatologiýa merkeziniň Aşgabadyň binagärlik keşbi bilen bir bitewi sazlaşygy emele getirýändigini bellemek gerek. Munuň özi şähergurluşyk maksatnamasynda durmuş maksatly binalaryň gurluşygyna möhüm ähmiýet berilýändigini görkezýär.

Soňra Gahryman Arkadagymyzyň dikuçary paýtagtymyzyň demirgazyk-gündogar künjeginden aýlanyp, guşuçar belentlikden öwrüm etdi we meýdança gondy.

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň paýtagtymyza we Arkadag şäherine amala aşyran bu gezekki iş sapary hem-de saparyň dowamynda beren öwüt-nesihatlary ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň has-da ýokary depginlere eýe bolmagynda möhüm badalga bolar.


https://mincom.gov.tm/tk/news/14706/

07.07.2025, 15:07


“Türkmenaragatnaşyk” agentligi Türkmenistanda sanly tehnologiýalary ösdürmäge gönükdirilen “Sanly çözgüt-2025” innowasion taslamalar bäsleşigini açyk diýip yglan edýär. Bäsleşige gatnaşmak üçin hasaba alnyşyk şu gün, ýagny 1-nji iýulda “Türkmentelekom” EAK-nyň telecom.tm saýtynda açyldy.

Bäsleşik emeli aň; robototehnika we awtomatizasiýa; “akylly” oba hojalyk tehnologiýalary; akylly şäher; sanly lukmançylyk; elektron bilim; hyzmatlar ulgamynyň sanlylaşdyrylmagy ýaly ugurlary öz içine alýar.
Bäsleşigiň düzgünnamasyna görä, taslamalar şu talaplara laýyk gelmeli: wajyplygy we ornaşdyrmak mümkinçilikleri; aragatnaşyk we telekommunikasiýa ulgamyndaky täzeçiligi; ykdysady taýdan peýdalylygy; hili we ulanmak rahatlygy; dizaýn bezegi; kanunçylyga laýyk gelmegi; özboluşlylygy (göçürmä rugsat berilmeýär); programma üpjünçiligi üçin esaslandyryş kodlaryň bolmagy.

Bäsleşige ýekelikde ýa-da üç adama çenli düzülen toparlaýyn görnüşinde gatnaşmak bolýar. Bäsleşik ýaşlar üçin açykdyr. Gatnaşmak üçin aşakdakylary tabşyrmaly:

  • Gatnaşyjynyň ýa-da topar ýolbaşçysynyň arzasy

  • Gatnaşyjylaryň pasport nusgalary

  • Teklip edilýän taslamanyň mazmuny

“Sanly çözgüt-2025” innowasion taslamalar bäsleşigi zehinli ýaşlary ýüze çykarmaga we olary goldamaga, şeýle hem milli ykdysadyýetde öňdebaryjy tehnologiýalaryň ulanylşyny ösdürmäge gönükdirilendir.

2025-nji ýylyň 1-nji iýulyndan – 1-nji oktýabryna çenli bäsleşige gatnaşmak isleýänler özüniň taslamalaryny elektron görnüşinde “Türkmentelekom” EAK-nyň telecom.tm resmi saýty arkaly tabşyryp bilerler. Hödürlenen oýlap tapyşlar we işläp taýýarlamalar täzeçiligi, amaly ähmiýeti we ykdysadyýetiň dürli pudaklaryna ornaşdyrmak mümkinçiligi boýunça bahalandyrylar.

Bäsleşigiň ýeňijileri “Türkmentel-2025” XVIII Halkara sergisiniň we ylmy maslahatynyň çäklerinde yglan ediler. Ýeňijileri sylaglamak dabarasy Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda (Aşgabat ş., Çandybil şaýoly, 143) geçiriler.


https://mincom.gov.tm/tk/news/14671/

02.07.2025, 17:07


Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow 28-nji iýunda Arkadag şäherine amala aşyrdy. Täze şäheriň açylyş dabarasynyň ikinji ýyllygynyň öňüsyrasynda Döwlet gurluşyk komitetiniň ýolbaşçylary we şäher administrasiýasy bilen taslamanyň ikinji tapgyrynyň meseleleri boýunça iş duşuşygy geçirildi.

Saparyň esasy netijesi, şäheriň aragatnaşyk ulgamyna 5G tehnologiýasynyň ornaşdyrylmagy boldy. Halk Maslahatynyň Başlygy, 5G tehnologiýasynyň saglygy goraýyş pudagy üçin maglumat alyş-çalşyny, onlaýn konferensiýalary we emeli intellekt mümkinçiliklerini ulanmagy tizleşdirmek saglygy goraýyş pudagy üçin aýratyn ähmiýetini nygtady.

Gurbanguly Berdimuhamedow şäheriň ikinji tapgyrynyň gurluşygynyň tizligini tizleşdirmek, şol bir wagtyň özünde gurulýan binalaryň ýokary hilli bolmagyny we gowşuryş möhletleriniň berk berjaý edilmegini üpjün etmek ýaly birnäçe möhüm görkezme berdi. Senagat toplumlaryny goşmak bilen ähli desgalaryň gurluşygynda häzirki zaman innowasiýa usullaryndan we ösen tehnologiýalardan netijeli peýdalanmak zerurdyr diýip, Halk Maslahatynyň Başlygy binanyň dizaýnynda milli reňk görkezmegiň möhümdigini belledi.

Halk Maslakhatynyň Başlygy Ahalteke atlary şaýoluny we şäher seýilgähini abadanlaşdyrmak meýilnamalary bilen tanyşdy. Dynç alyş meýdançalarynyň tertibi we şaýoluň ugrunda atlaryň heýkellerini oturtmak barada görkezmeler berdi. Bu sapar, şeýle hem, jemgyýetiň abadançylygyna ünsi jemledi: şäheriň ikinji ýyllygy mynasybetli ýüzlerçe maşgala dabaraly ýagdaýda täze kwartiralaryň açarlaryny alar.

Mundan başga-da, Milli liderimiz, milli senetleriň ösmegine goldaw bermek we ýaşlary özüne çekmek maksady bilen şäherde senetçilik sergisini guramak başlangyjy yglan etdi, Türkmen döwlet telewideniýe we radio ýaýlym kompaniýasynyň habarnamasynda habar berlişi ýaly.


https://tmcell.tm/tazelikler/1162

30.06.2025, 19:06


2025-nji ýylyň 25-nji iýunynda, Türkmenistanyň Bilim ministrliginde ýurdumyzyň bilim ministri bilen Özbegistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Rawşanbek Azadbekowiç Alimowyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar bilim we ylym ugurlaryndaky özara hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny hem-de geljekki mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Bilim ministriniň nygtaýşy ýaly, Türkmenistanyň we Özbegistanyň arasyndaky pugta goňşuçylyk gatnaşyklary uzak taryhy döwürlerden gözbaş alyp gaýtmak bilen, häzirki wagtda iki ýurduň bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygy täze many-mazmun bilen baýlaşýar.

Hyzmatdaşlygyň aýdyň netijeli mysaly hökmünde, Daşkentiň irrigasiýa we oba hojalygyň mehanizasiýasynyň inženerleri institutynyň 17 agzadan ybarat wekiliýetiniň okuw-tejribe maksatly häzirki wagtda dowam edýän Türkmenistana sapary görkezildi. Bu on günlük saparyň dowamynda özbek talyplary we mugallymlary ýurdumyzyň agrosenagat toplumynda tejribe geçerler. Şeýle hem, 2025-nji ýylyň iýul aýynda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň wekiliýetiniň Özbegistana okuw-tejribe saparyna iberilmeginiň meýilleşdirilýändigi aýratyn nygtaldy. Bu özara saparlaryň iki ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine uly itergi berjekdigine taraplar ynam bildirler.

Türkmen tarapy duşuşykda ýurdumyzyň bilim ulgamynda gazanan üstünlikleri bilen tanyşdyrdy. Hususan-da, sanly we innowasion tehnologiýalaryň giňden ornaşdyrylmagy, bilim infrastrukturasynyň döwrebaplaşdyrylmagy, ýokary okuw mekdepleriniň halkara derejede abraýynyň artmagy bilen bagly alnyp barylýan işler dogrusynda durlup geçildi. Şeýle hem, emeli aň tehnologiýalarynyň bilimde peýdalanylmagy hem-de Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň halkara reýtinglerde gazanýan üstünlikleri aýratyn nygtaldy.

Duşuşykda taraplar hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlaryny hem kesgitlediler. Şolaryň hatarynda:

Duşuşykda iki ýurduň mekdep okuwçylarynyň we talyplarynyň halkara olimpiadalaryna gatnaşmagy bilen bagly meseleler hem agzaldy. Türkmen tarapy 2025-nji ýylyň aprelinde Aşgabatda mekdep okuwçylarynyň arasynda geçirilen halkara matematika olimpiadasynda 17 medal gazanan Özbegistanyň toparynyň üstünlikli çykyşyny kanagatlanma bilen belledi.

Öz gezeginde, özbek tarapy Türkmenistanyň bilim ulgamyndaky dolandyryş tejribesine, sanly menejment ulgamlaryna gyzyklanma bildirdi. Şeýle hem, döwlet we hususy ýokary okuw mekdepleriniň arasynda hyzmatdaşlygy güýçlendirmek we Türkmenistanda Özbegistanyň ýokary okuw mekdepleriniň gatnaşmagynda sergi – “Uniwersitetleriň ýarmarkasyny” guramaklygy teklip etdi. Bu başlangyç bilim ulgamynda täze hyzmatdaşlyk mümkinçilikleriniň döremegine itergi berjekdigine ynam bildirdi.

Duşuşygyň ahyrynda türkmen tarapy Özbegistanyň bilim we ylmy jemgyýetçiliginiň wekillerini 2025-nji ýylyň oktýabr aýynda Aşgabat şäherinde geçiriljek «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara ylmy maslahata we sergä gatnaşmaga çagyrdy. Bu halkara çäräniň utgaşykly görnüşde – göni hem-de onlaýn gatnaşmak mümkinçilikleri bilen geçiriljekdigi bellenildi.

Duşuşyk dostlukly we ynanyşmak ýagdaýda geçdi hem-de taraplaryň bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygy has-da berkitmäge taýýardygyny tassyklady.


https://mincom.gov.tm/tk/news/14615/

27.06.2025, 10:06