radio wave radio source
1-nji iýundan Aşgabat – Awaza – Aşgabat ugry boýunça awtobus gatnawy hereket edip başlar
18:05 29.05.2024


«Awtomobil ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti 1-njy iýundan başlap, Aşgabat – Awaza – Aşgabat ugry boýunça awtobus gatnawyny ýola goýýar.

Bu ugur boýunça awtobus hepdäniň ähli güni sagat 06:00-da Aşgabat şäheriniň Atamyrat Nyýazow şaýolunda ýerleşýän halkara awtomenzilden ýola düşýär, 13:00-da bolsa «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň Ýelkenli köçesiniň ugrunda ýerleşýän awtoduralgadan yzyna ugraýar. Şäherara awtobus gatnawyny amala aşyrýan raýatlar degişli kassalardan petekleri satyn alyp bilerler. 

Gatnawyň bir tarapy üçin petegiň bahasy 75 manat möçberinde bellenildi.

Habarlaşmak üçin: 44-35-30; 44-35-20.


 















https://mincom.gov.tm/tk/news/843/