radio wave radio source
«Türkmenaragatnaşyk» agentligi Türkmenbaşy şäherinde Aragatnaşyk merkeziniň edara binasyny gurdurar
18:05 01.05.2024


Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň Balkan welaýatynyň binagärlik we şähergurluşyk keşbini özgertmek, şeýle hem aragatnaşyk pudagynyň işgärleri üçin has oňaýly iş şertlerini döretmek, “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda” bellenen wezipeleri üstünliki durmuşa geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň “Türkmenaragatnaşyk” agentligine Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherinde Aragatnaşyk merkeziniň edara binasynyň taslamasyny düzmek hem-de ony ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyryp gurmak barada “Baş bina” hojalyk jemgyýeti bilen şertnamany öz serişdeleriniň hasabyna baglaşmaga ygtyýar berildi.

Gurluşyk işlerine 2024-nji ýylyň iýun aýynda başlamak hem-de edara binasyny 2026-njy ýylyň sentýabr aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak bellenildi.

































https://mincom.gov.tm/tk/news/687/