radio wave radio source
«Türkmenaragatnaşyk» agentliginde ösüşiň möhüm ugurlaryna bagyşlanan maslahat geçirildi
18:05 31.05.2023


30-njy maýda «Türkmenaragatnaşyk» agentliginde “Aragatnaşyk pudagynda gazanylan durnukly ösüşiň möhüm ugurlary” atly maslahat geçirildi.


Maslahata «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň şäher we welaýat edara-kärhanalarynyň hünärmenleri, Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň mugallymlary we talyp ýaşlary, Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň Salgyt müdiriýetiniň hem-de Köpetdag etrap salgyt bölüminiň hünärmenleri çykyşlary bilen gatnaşdylar.


Çykyşlarda aragatnaşyk pudagynda gazanylýan özgertmeler, ýurdumyzyň ähli ulgamlaryna döwrebap tehnologiýalaryň ornaşdyrylyşy, sanly hyzmatlary ulanmagyň hasabyna ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň düýpli ýokarlandyrylmagy barada gürrüňler edildi.










https://www.mincom.gov.tm/tk/news/38/