radio wave radio source
«Türkmenistanda PEMU-nyň ornaşdyrylmagyna ýardam bermek hakynda Taslama resminamasyna», «Türkmenaragatnaşyk» agentligi bilen BMG-nyň wekilleriniň gatnaşmagynda gol çekildi
18:03 28.03.2023


27-nji fewralda, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň başlygy Hajymyrat Hudaýgulyýewiň we BMG-nyň wekilleriniň gatnaşmagynda Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasy bilen «Türkmenistanda Pudagara elektron maglumat alyşygy ulgamynyň ornaşdyrylmagyna ýardam bermek hakynda Taslama resminamasyna» gol çekişlik dabarasy geçirildi.  


Resminama laýyklykda, «Türkmenistanda 2019-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyny» ýerine ýetirmekde ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ornaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler kämilleşdiriler. Bu bolsa ykdysady ösüşiň netijeliligini has-da ýokarlandyrar. 




























https://www.mincom.gov.tm/tk/news/29/