radio wave radio source
Aşgabatda ýakyn günlerde ulag ulgamy boýunça halkara forum geçiriler
18:04 27.04.2023

 

Şu gün, Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly nobatdaky Hökümet mejlisini geçirdi.


Mejlisiň dowamynda Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2023» atly halkara maslahata we sergä görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.


Hasabatda bellenilişi ýaly, döwlet Baştutanynyň degişli Kararyna laýyklykda, halkara forumy 3-4-nji maýda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda geçirmek meýilleşdirilýär.


Maslahatyň deslapky meýilnamasyna halkara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi, logistika arkaly söwdany artdyrmagyň mümkinçilikleri, häzirki zaman ykdysadyýetinde ulagyň we logistikanyň özara arabaglanyşygy, söwdada we logistikada sanlylaşdyrma, poçta hyzmatlarynyň döwrebap ugurlary, elektron täjirçilik, ulag-logistika düzüminiň baglanyşygyny ösdürmekde döwlet-hususy hyzmatdaşlygynyň orny, innowasiýa tehnologiýalary, ulag we logistikada ylmyň we bilimiň orny ýaly meseleler girizildi.


Halkara maslahatyň çäginde birnäçe çäreleri geçirmek meýilleşdirilýär.


Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, bu halkara maslahatyň we serginiň Türkmenistanyň ulag-üstaşyr mümkinçiliklerini ösdürmek boýunça möhüm ähmiýetli işleriň amala aşyrylmagyna hem-de özara bähbitli halkara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge ýardam berjekdigini belledi hem-de agentligiň ýolbaşçysyna meýilleşdirilýän çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy.


















https://www.mincom.gov.tm/tk/news/33/