radio wave radio source
Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan - bedew batly at-myradyň mekany
«Altyn Asyr» öýjükli aragatnaşyk operatory ulgamy we enjamlary giň gerimde döwrebaplaşdyrar
11:10 19.10.2026


«Altyn Asyr» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti milli öýjükli aragatnaşyk operatory tehniki taýdan güýçli täzelemeleriň tapgyryna girýär. Ýokary tehnologiýaly enjamlar toplumyny satyn almak we sanly çözgütleri hödürleýän dünýäniň öňdebaryjy öndürijileri bilen hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça amala aşyrylýan amaly ädimler barada Ministrler Kabinetiniň 17-nji oktýabrda geçirilen mejlisinde wise-premýer Batyr Annaýew hasabat berdi.


Infrastrukturany döwrebaplaşdyrmak taslamasy ulgamyň goýberijilik ukybyny ýokarlandyrmaga, ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda 4G örtügini durnukly giňeltmäge we täze sanly hyzmatlary ornaşdyrmak üçin binýat taýýarlamaga gönükdirilendir.


Prezident Serdar Berdimuhammedow hödürlenen teklipleri tassyklap, ilaty we hojalyk ýöredijileri elýeterli nyrhlar boýunça bökdençsiz hem-de ýokary tizlikli öýjükli aragatnaşyk bilen üpjün etmegiň zerurdygyny belledi.

https://tmcell.tm/tazelikler/2349