
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Özbegistanyň Samarkant şäherine amala aşyrýan saparynyň çäklerinde ýurduň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen bilelikde Hezreti Hyzyr ýadygärlikler toplumyna baryp, Özbegistan Respublikasynyň ilkinji Prezidenti Islam Karimowy hatyralady.
Myhmanlar bu ýerde aýat-doga okap, Islam Karimowyň guburyna gül desselerini goýdular. Bu barada Özbegistanyň Prezidentiniň Metbugat gullugy habar berdi.
Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow we Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew «Silk Road Samarkand» halkara syýahatçylyk merkezindäki «Ebedi şäher» taryhy-etnografik seýilgähde guralan medeni çärelere gatnaşdylar.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy özbek halkynyň baý medeni mirasyny görkezýän sergiler, senetçilik we amaly haşam sungatynyň eserleri bilen tanyşdy. Şeýle-de tans toparlarynyň çykyşlaryndan ybarat medeni maksatnama tomaşa edildi.
https://mincom.gov.tm/tk/news/14081/