radio wave radio source
"Türkmenaragatnaşyk" agentligi Daşkende kiberhowpsuzlyk boýunça halkara konferensiýa gatnaşdy
16:10 03.10.2023


Kiberhowpsuzlyk boýunça 1-nji halkara konferensiýa “Kiberhowpsuzlyk Merkezi Ýewraziýa 2023” Daşkende şu gün  açyldy. Ýokary derejeli konferensiýanyň ilkinji iş gününde onlarça ýurduň ygtyýarly wekilleri, şol sanda Türkmenaragatnaşyk agentliginiň  wekiliýeti gatnaşdy.

Iki gün dowam etjek konferensiýa (3-4-nji oktýabr) sebitleýin maglumatlary kiber howplardan goramak, häzirki zaman sanly çözgütleri ösdürmek, bu ugurda tejribe alyşmak we sebitara hyzmatdaşlygy has netijeli ösdürmek üçin halkara hyzmatdaşlygy meselelerine bagyşlandy.

Bu çärä Oman, Özbegistan, Azerbaýjan, Türkiýe, Gruziýa, Ýapanaponiýa, Türkmenistan, Gazagystan, şeýle hem Halkara Telekomunikasiýa Bileleşigi, FIRST, OIC-CERT - ýaly 24 ýurtdan 130 kompaniýa wekilçilik edýän 250-den gowrak delegatlar gatnaşýar.

CSS 2023 kiberhowpsuzlyk konferensiýasynyň esasy maksady sebitde kiber jemgyýeti üçin tejribe alyşmak, döwrebap çözgütleri görkezmek we iň esasysy özara peýdaly esasda täze işewür hyzmatdaşlyga mümkinçilik açmak üçin ýokary derejeli halkara interaktiw platforma döretmekdir.

Maslahatyň umumy maksady, dünýädäki kiberhowpsuzlygyň ähmiýeti: möhüm infrastrukturany goramaga ünsi jemleýän çözgütler, howplar we hyzmatdaşlyk. Umumy mejlisde "Türkmenaragatnaşyk" agentliginiň  başlygy Hajymyrat Hudaýgulyýew çykyş etdi.

Maslahatyň diňleýjileri, kiberhowpsuzlyk boýunça hünärmenler we ahyrky ulanyjylar sebitdäki ýurtlara sanlylaşdyrmagyň hödürleýän sosial-ykdysady peýdalaryndan doly peýdalanmaga nähili kömek edip biljekdigini öwrenerler.

Forumyň çäginde, “Türkmenaragatnaşyk” agentliginiň başlygy Hajymyrat Hudaýgulyýew bilen Özbegistan Respublikasynyň Sanly tehnologiýalar ministri Şerzod Şermatowyň arasynda ýygnak geçirildi.

Gepleşikleriň dowamynda kiberhowpsuzlyk, maglumatlary kiber howplardan goramak, maglumat we aragatnaşyk tehnologiýalary we maglumat howpsuzlygy pudagyndaky hünärmenleri taýýarlamak we sanly ykdysadyýeti ösdürmek babatynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin mümkinçilikler ara alnyp maslahatlaşyldy.
























https://mincom.gov.tm/tk/news/47/