Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzda serwer, maglumat saklaýjy we kiberhowplardan goraýjy enjamlaryň önümçiligini ýola goýmak baradaky teklibi goldady.
26-njy iýulda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde bellenilşi ýaly, «Tehno Merkez» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti tarapyndan ýurdumyzda dürli görnüşli serwer, maglumat saklaýjy we kiberhowplardan goraýjy enjamlaryň önümçiligini ýola goýmagyň maksadalaýykdygy öwrenildi.
Şunuň bilen birlikde, geljekde serwer enjamlaryna abatlaýyş, tehniki goldaw bermek işlerini hem-de «akylly» şäher, «akylly» öý ulgamlary üçin zerur bolan enjamlaryň önümçiligini ýola goýmak göz öňünde tutulýar. Munuň özi goşmaça iş orunlaryny döreder, işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrar.