radio wave radio source
Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan - bedew batly at-myradyň mekany
Türkmenistanda 2030-njy ýyla çenli maliýe bazaryny ösdürmegiň Strategiýasy tassyklandy
09:10 09.10.2025


Türkmenistanda 2030-njy ýyla çenli maliýe bazaryny ösdürmegiň Strategiýasy tassyklanyldy. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow  sanly ulgam arkaly geçiren nobatdaky Hökümet mejlisinde degişli Karara gol çekdi.  

Maliýe we ykdysadyýet ministrligine, degişli ministrliklere we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna Strategiýanyň amala aşyrylmagyny üpjün etmek tabşyryldy. 

Resminama ýurtda maliýe bazarynyň has-da ösdürilmegini gazanmak we kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek, döwrebap maliýe gurallaryny ornaşdyrmak we maliýe serişdeleriniň netijeli dolanyşygyny üpjün etmek hem-de bu ulgamda sanly hyzmatlaryň gerimini giňeltmek maksady bilen kabul edildi.


https://mincom.gov.tm/ru/news/15221/