radio wave radio source
Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan - bedew batly at-myradyň mekany
Türkmenistanyň aragatnaşyk ministri Dohadaky halkara forumda sanly hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny beýan etdi
06:11 10.11.2026


Türkmenistanyň aragatnaşyk ministri Hajymyrat Hudaýgulyýew Katar Döwletiniň Doha şäherinde geçirilýän Halkara elektroaragatnaşyk birleşiginiň 2026-njy ýyldaky Doly ygtyýarly wekiller maslahatynda (PP-26) çykyş etdi. Ministr öz çykyşynda Türkmenistanyň sanly özgertmeler ulgamynda gazanan esasy üstünlikleri barada maglumat berip, telekommunikasiýa pudagynda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegi uly ugurlaryny kesgitledi.

 

Ol Halkara elektroaragatnaşyk birleşiginiň 2022-nji ýylda geçirilen öňki Doly ygtyýarly wekiller maslahatyndan bäri Türkmenistanyň sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň milli Konsepsiýasyny durmuşa geçirmekde uly öňegidişlikleri gazanandygyny belledi. Hususan-da, ýurdumyzda ýokary tizlikli internete elýeterlilik giňeldilýär, magistral optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamlary döwrebaplaşdyrylýar, maglumatlary gaýtadan işleýän häzirki zaman merkezleri döredilýär, bäşinji nesil (5G) ykjam aragatnaşyk tehnologiýalary ornaşdyrylýar, elektron hökümet ulgamy we sanly maliýe hyzmatlary ösdürilýär. Şeýle hem ýurduň çetki sebitlerinde ýaşaýan ilatyň häzirki zaman aragatnaşyk serişdelerinden peýdalanmak mümkinçiliklerini giňeltmäge aýratyn ähmiýet berilýär.

 

Ministr Türkmenistanyň sanly ösüşiniň möhüm ugurlarynyň biri hökmünde «TürkmenÄlem 52.0°E» milli emeli hemrasynyň mümkinçiliklerinden peýdalanmagy görkezdi. Onuň bellemegine görä, bu emeli hemra ygtybarly aragatnaşygy, teleýaýlymlaryň ýaýlyma berilmegini we maglumatlaryň geçirilmegini üpjün edýär. Türkmenistan hemra aragatnaşygy ulgamynda toplan tejribesini halkara hyzmatdaşlar bilen paýlaşmaga, şeýle hem milli hemra mümkinçilikleriniň esasynda täjirçilik we infrastruktura hyzmatlaryny hödürlemäge taýýardyr.

 

Hajymyrat Hudaýgulyýew öz çykyşynda Türkmenistanyň ilkinji «akylly şäheri» bolan Arkadag şäheriniň taslamasynyň durmuşa geçirilişine hem aýratyn ünsi çekdi. «Smart City» konsepsiýasy esasynda gurlan Arkadag şäheri ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalaryň, emeli aňyň we zatlaryň internetine (IoT) esaslanýan innowasion çözgütleriň giňden ulanylmagy bilen tapawutlanýar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan innowasion şäherleri taslamak, gurmak we dolandyrmak ulgamynda halkara tejribeleri hem-de öňdebaryjy iş usullaryny alyşmaga gyzyklanma bildirýändigini beýan etdi.

 

Ählumumy sanly ösüşiň geljegi barada durup geçen ministr Türkmenistanyň Halkara elektroaragatnaşyk birleşiginiň 2028–2031-nji ýyllar üçin Strategik meýilnamasynyň taslamasyny goldaýandygyny tassyklady. Ähli ilaty aragatnaşyk mümkinçilikleri bilen üpjün etmek, sanly deňsizligi azaltmak we durnukly sanly özgertmeleri çaltlandyrmak meseleleriniň ykdysady ösüş hem-de jemgyýetiň durmuş taýdan ilerlemegi üçin möhüm ähmiýete eýedigi nygtaldy.

 

Halkara hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda Hajymyrat Hudaýgulyýew sebitiň üstaşyr telekommunikasiýa mümkinçiliklerini ösdürmegi aýratyn belledi. Ýewraziýanyň möhüm ulag-logistika ugurlarynyň çatrygynda ýerleşýän Türkmenistan halkara sanly aragatnaşyk ulgamlaryny ösdürmek üçin uly mümkinçiliklere eýedir. Häzirki wagtda ýurdumyzda döwletara optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamlaryny çekmek boýunça iri taslamalar durmuşa geçirilýär.

 

Türkmen tarapy telekommunikasiýa infrastrukturasyny ösdürmek, kiberhowpsuzlygy üpjün etmek we emeli aň tehnologiýalaryny ornaşdyrmak ugurlarynda täze halkara hyzmatdaşlyklary ýola goýmaga taýýardygyny hem beýan etdi. Ministr öz çykyşynda Halkara elektroaragatnaşyk birleşiginiň halkara standartlary utgaşdyrmakda, radioýygylyk spektrinden peýdalanmagy sazlaşdyrmakda, şeýle hem ösüp barýan döwletlere tehniki ýardam bermekde eýeleýän möhüm ornuny nygtady.

 

Onuň bellemegine görä, Halkara elektroaragatnaşyk birleşigi bilen agza döwletleriň arasyndaky hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagy häzirki zaman sanly çözgütleriň giňden ornaşdyrylmagyna, şol sanda sanly hyzmatlaryň ähli ilat üçin elýeterli bolmagyna ýardam eder. Çykyşynyň ahyrynda Hajymyrat Hudaýgulyýew Türkmenistanyň Halkara elektroaragatnaşyk birleşiginiň strategik maksatlaryna we esasy ýörelgelerine ygrarlydygyny tassyklady.

 

Şeýle hem ol ýurdumyzyň howpsuz, elýeterli we durnukly sanly geljegi kemala getirmek ugrunda halkara hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de giňeltmäge taýýardygyny belledi.

https://www.mincom.gov.tm/tk/news/15435/