radio wave radio source
Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan - bedew batly at-myradyň mekany
Aşgabatda geçiriljek «Turkmentel» we «ITTC» forumlaryna 200-den gowrak wekiliýetiň gatnaşmagyna garaşylýar
06:11 17.11.2026


100-den gowrak halkara guramanyň we daşary ýurt kompaniýalarynyň wekilleri, şeýle hem 200-den gowrak wekiliýet «Turkmentel – 2026» atly halkara sergä we ylmy maslahata, şeýle-de «Halkara ulag we üstaşyr geçelgeleri: özara baglanyşyk we ösüş – 2026» (ITTC) atly maslahata hem-de sergä gatnaşmagy meýilleşdirýär. Forumlar 24–26-njy noýabrda Aşgabat şäherindäki Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda geçiriler.


Forumlaryň bilelikdäki iş maksatnamasy ulag ulgamyny ösdürmek, sebitara arabaglanyşygy we multimodal üstaşyr geçelgeleri, howa gatnawlarynyň durnuklylygyny üpjün etmek, ulag-logistika zynjyrynda innowasion çözgütleri ornaşdyrmak hem-de bu ugra maýa goýumlaryny çekmegiň mümkinçilikleri ýaly meseleleri öz içine alar. Şeýle hem sanly ykdysadyýet, emeli aň (AI), kiberhowpsuzlyk, 5G tehnologiýalary we telekommunikasiýalar boýunça pikir alşylar.

 

Forumyň çäklerinde halkara ulag geçelgelerini maliýeleşdirmek we halkara maliýe institutlarynyň gatnaşmagynda strategik hyzmatdaşlygy ýola goýmak meselelerini ara alyp maslahatlaşmak meýilleşdirilýär. Aýry-aýry mejlisler demir ýol infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmak we halkara üstaşyr gatnawlaryny giňeltmek, serhetüsti söwdanyň täze ulgamynda awtoulaglar arkaly ýük daşamak, sanly özgertmeler döwründe howa ýük gatnawlary, şeýle-de deňiz ulaglaryny we port infrastrukturasyny ösdürmek meselelerine bagyşlanar.


Mundan başga-da, «Argus Media» bilermenlik kompaniýasynyň halkara haryt-çig mal bazarlaryndaky we Merkezi Aziýadaky esasy meýiller hem-de baha görkezijileri baradaky mejlisi geçiriler. Şeýle-de «Ählumumy logistikanyň geljegini kemala getirýän zenanlar» atly tegelek stol maslahatyny geçirmek meýilleşdirilýär.


«Turkmentel» ylmy maslahaty bäş sany bilermenler maslahatyny öz içine alar. Gatnaşyjylar emeli aňyň we innowasiýalaryň kömegi bilen Türkmenistanyň sanly geljegini kemala getirmek, durnukly sanly infrastrukturany döretmek (birikmek mümkinçilikleri, hemra ulgamlary we howpsuz sanly özgertmeler), sanly özgertmeleriň howpsuzlygyny üpjün etmek we elektron hökümet ulgamlaryna bolan ynamy pugtalandyrmak, tehnologik merkezleriň, hünär taýýarlygynyň we bilimiň üsti bilen startaplary ösdürmek, şeýle-de durnukly sanly ekoulgamlar we emeli aňa esaslanýan innowasiýalar ýaly meseleleri ara alyp maslahatlaşarlar.

 

Çärelere Belarusdan, Ermenistandan, Gazagystandan, Gruziýadan, Özbegistandan, Gyrgyzystandan, Täjigistandan, Azerbaýjandan, Eýrandan, Türkiýeden, Hytaýdan, Estoniýadan we Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlaryndan wekiliýetleriň hem-de bilermenleriň gatnaşmagyna garaşylýar.


Halkara guramalaryň hatarynda Halkara elektrik aragatnaşyk birleşiginiň (ITU), Bütindünýä poçta birleşiginiň, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň Aragatnaşyk boýunça Sebitleýin arkalaşygynyň (ASA), Yslam ösüş bankynyň we Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň wekilleriniň gatnaşmagy meýilleşdirilýär. Çärä gatnaşjak kompaniýalaryň hatarynda «Ozon», «Huawei», «Nokia», «Cisco», «Thales», «Lenovo», «Mitsubishi», «Samsung», «ZTE» we «Adex» ýaly iri kompaniýalar bar.


«Turkmentel» sergisinde sanly ykdysadyýet, emeli aň, kiberhowpsuzlyk, 5G tehnologiýalary we telekommunikasiýalar ulgamlarynda täze innowasion çözgütleriň görkezilmegine garaşylýar. Mundan başga-da, okuw maslahatlary hem geçiriler. Halkara elektrik aragatnaşyk birleşigi kiberhowpsuzlyk boýunça okuw sapaklaryny, Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasy (BMGÖM) bolsa «Emeli aňyň we innowasiýalaryň kömegi bilen Türkmenistanyň sanly geljegini kemala getirmek» atly tema boýunça okuw sapaklaryny gurar.

 

Şeýle hem çäreleriň çäklerinde «Sanly çözgüt – 2026» atly innowasion bäsleşigiň netijeleri jemlener. Bäsleşigiň dürli ugurlary boýunça jemi 442 taslama gatnaşdy. Her ugur boýunça iň gowy taslamalar saýlanyp alnar we olaryň awtorlaryna gymmat bahaly sowgatlar hem-de diplomlar gowşurylar.

https://www.mincom.gov.tm/tk/news/15437/