radio wave radio source
Radioelektron serişdelerini we ýokary ýygylykly enjamlary taslamagyň, işläp taýýarlamagyň, öndürmegiň, gurnamagyň (oturtmagyň), edinmegiň, ulanmagyň hem-de olary daşary ýurtlardan getirmegiň tertibi hakynda DÜZGÜNNAMA

Türkmenistanyň Prezidentiniň 

2019-njy ýylyň 24-nji maýynda çykaran 

1236-njy karary bilen tassyklandy

 


Radioelektron serişdelerini we ýokary ýygylykly enjamlary
taslamagyň, işläp taýýarlamagyň, öndürmegiň, gurnamagyň
(oturtmagyň), edinmegiň, ulanmagyň hem-de olary daşary
ýurtlardan getirmegiň tertibi hakynda
DÜZGÜNNAMA


I bap. Umumy düzgünler


1. Radioelektron serişdelerini we ýokary ýygylykly enjamlary taslamagyň, işläp taýýarlamagyň, öndürmegiň, gumamagyň (oturtmagyň), edinmegiň, ulanmagyň hem-de olary daşary ýurtlardan getirmegiň tertibi hakyndaky Düzgünnama (mundan beýläk - Düzgünnama) «Radioýygylyk spektri hakyndaky» we «Aragatnaşyk hakyndaky» Türkmenistanyň kanunlaryna laýyklykda işlenip taýýarlandy hem-de Türkmenistanyň çäginde radioelektron serişdelerini we ýokary ýygylykly enjamlary taslamagyň, işläp taýýarlamagyň, öndürmegiň, gumamagyň (oturtmagyň), edinmegiň, ulanmagyň hem-de olary daşary ýurtlardan getirmegiň tertibini kesgitleýär.

2. Şu Düzgünnama radioelektron serişdelerini we ýokary ýygylykly enjamlary taslaýan, işläp taýýarlaýan, öndürýän, gurnaýan (oturtýan), edinýän, ulanýan hem-de olary daşary ýurtlardan getirýän şu şahslara degişlidir:

1) Türkmenistanyň raýatlaryna we ýuridik şahslaryna;

2) daşary ýurt raýatlaryna we ýuridik şahslaryna, şeýle hem raýatlygy bolmadyk adamlara;

3) radioelektron serişdelerini we ýokary ýygylykly enjamlary Türkmenistanyň çäginde gurnaýan (oturdýan), edinýän, ulanýan hem-de olary daşary ýurtlardan getirýän Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi tarapyndan akkreditirlenen daşary ýurt döwletleriniň diplomatik wekilhanalaryna, konsullyk edaralaryna, şeýle hem halkara guramalarynyň wekilhanalaryna.

3. Şu Düzgünnama halkara poçta ugratmasy arkaly ýollanylýan radiöelektron serişdelerine we ýokary ýygylykly enjamlara hem degişlidir. 

4. Şu Düzgünnama aşakda görkezilen radioelektron serişdelerine we ýokary ýygylykly enjamlara degişli däldir:

1) teleradioýaýradyş duýduryjysyny (signalyny) diňe kabul ediji gurluşlara, hojalyk radioelektroniki enjamlara (audio we wideo enjamlar, mikrotolkunly peçler, wideo kameralar we beýlekiler);

2) Türkmenistanyň çäginde ulanmazlyk şerti bilen üstaşyr geçirilýän radioelektron serişdelerine we ýokary ýygylykly enjamlara;

3) Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Radioýygylyklar baradaky pudagara toparyň (mundan beýläk - Pudagara topar) çözgüdi bilen bellenilen sanawda görkezilen radioelektron serişdelerine we ýokary ýygylykly enjamlara.

5. Şu Düzgünnamanyň maksatlary üçin ulanylýan esasy düşünjeler:

1) elektromagnit utgaşmasy - radioelektron serişdeleriniň tötänleýin elektromagnit päsgelçilikleriniň olara täsir eden halatynda şol bir wagtda talap edilýän hilde ulanmagyň. hakyky şertlerinde hereket etmek we beýleki radioelektron serişdelerine ýol berilmeýän elektromagnit päsgelçiliklerini döretmezlik ukyby;

2) peýdalanyjy - eýeçiliginde ýa-da ygtyýarynda radioelektron serişdeleri we ýokary ýygylykly enjamlar bar bolan fiziki we ýuridik şahs.

3) radioelektron serişdeleri (mundan beýläk - RES) - iberiji we (ýa-da) kabul ediji gurluşlaryň birinden ýa-da birnäçesinden, ýa-da şeýle gurluşlaryň utgaşmasyndan ybarat bolan we kömekçi enjamy öz içine alýan, radiotolkunlary ibermek we (ýa-da) kabul etmek üçin niýetlenen tehniki serişdeler;

4) radiopäsgelçilikler - elektromagnit energiýasynyň bir ýa-da birnäçe şöhlelenmeleriň esasynda dörän, maglumatyň hiliniň peselmeginde, ýalňyş bolmagynda ýa-da ýitmeginde ýüze çykýan, radioaragatnaşyk ulgamynda kabul edişe täsiri;

5) radioýygylyk - elektromagnit yrgyldylarynyň radioýygylyk spektriniň ýeke-täk düzümini aňlatmak üçin bellenýän ýygylygy;

6) radioýygylyk spektri - radioýygylyklaryň Halkara elektroaragatnaşyk birleşmesi tarapyndan bellenen çäklerdäki RES-iň ýa-da ýokary ýygylykly enjamlaiyň işlemegi üçin peýdalanylyp bilinjek jemi. Radioýygylyk spektri Türkmenistanyň çäginde Türkmenistanyň milli serişdesi bolup durýar;

7) ýokary ýygylykly enjamlar (mundan beýläk - ÝÝE) - senagat, ylmy, saglygy goraýyş, durmuş ýa-da beýleki maksatlarda radioýygylyk energiýasyny öndürmek we peýdalanmak üçin niýetlenen enjamlar ýa-da abzallar.


II bap. RES-i we ÝÝE-ni taslamak, işläp taýýarlamak, öndürmek, gurnamak (oturtmak), edinmek, ulanmak
hem-de olary daşary ýurtlardan getirmek


6. Türkmenistanda şu Düzgünnamanyň dördünji böleginde görkezilenlerden beýleki RES-i we YÝE-ni taslamak, işläp taýýarlamak, öndürmek, gumamak (oturtmak), edinmek, ulanmak hem-de olary daşary ýurtlardan getirmek, şeýle hem radioýygylyklary peýdalanmak bilen, ylmy-barlag we tejribe- konstruktorçylyk işlerini geçirmek diňe Pudagara topar bilen ylalaşylandan soň amala aşyrylýar.

7. RES-iň we ÝÝE-niň taslanylmagyny, işläp taýýarlanylmagyny, öndürilmegini, gumalmagyny (oturdylmagyny), edinilmegini, ulanylmagyny hem-de olaryň daşary ýurtlardan getirilmegini, şeýle hem radioýygylyklary peýdalanmak bilen, ylmy-barlag we tejribe-konstruktorçylyk işleriniň geçirilmegini ylalaşmak üçin Türkmenistanyň Senagat we kommunikasiýa ministrligine (mundan beýläk - Ministrlik) ýüz tutulýar.

Ýüztutmanyň ýanyna goşulýan resminamalaryň sanawy Pudagara topar tarapyndan kesgitlenýär.

Ýüztutma we onuň ýanyna goşulan resminamalar Ministrlik tarapyndan Ministrligiň «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň (mundan beýläk - Agentlik) garamagyna iberilýär. Agentlik «Türkrnenaragatnaşyk» agentliginiň ýanyndaky Döwlet radioýygylyk gullugy (mundan beýläk - Gulluk) bilen bilelikde olary seljerip, tehniki mümkinçilikleri barada Ministrlige habar berýär.

Ministrlik ýüztutmany we onuň ýanyna goşulan resminamalary Pudagara toparyň garamagyna hödürleýär.

Pudagara topar RES-iň we ÝÝE-niň taslanylmagy, işläp taýýarlanylmagy, öndürilmegi, gumalmagy (oturdylmagy), edinilmegi, ulanylmagy hem-de olaryň daşary ýurtlardan getirilmegi, şeýle hem radioýygylyklary peýdalanmak bilen, ylmy- barlag we tejribe-konstruktorçylyk işleriniň geçirilmegi bilen ylalaşýandygy ýa-da ylalaşmakdan ýüz dönderýändigi barada çözgüt çykarýar.

Bu çözgüt barada Ministrlik tarapyndan ýüz tutýana ýazmaça habar berilýär.

8. Şu Düzgünnamanyň ýedinji bölegine laýyklykda ylalaşylandan soňra, RES-i we ÝÝE-ni ulanmak üçin Ministrlik tarapyndan bellenen tertipde Gullukda hasaba alynýar hem-de hasaba alnandygy ýa-da hasaba almakdan ýüz dönderilendigi barada ýüz tutana ýazmaça habar berilýär. Hasaba alnan RES-iň we ÝÝE-niň ulanmaga rugsat berilýändigini tassyklaýan Rugsatnama ýüz tutana berilýär.

9. Türkmenistanda akkreditirlenen daşary ýurt döwletleriniň diplomatik wekilhanalary, konsulluk edaralary, şeýle hem halkara guramalarynyň wekilhanalary şu Düzgünnamanyň ýedinji we sekizinji böleklerinde görkezilen işleriň amala aşyrylmagy üçin Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň üsti bilen ýüz tutýarlar.

10. Daşary ýurtlardan getirmek üçin Pudagara toparyň ylalaşygy bolan RES we ÝÝE Türkmenistanyň gümrük serhedine getirilende ony Türkmenistanyň çägine girizmek üçin rugsat alynýar.

Daşary ýurtlardan getirilen RES-i we ÝÝE-ni Türkmenistanyň çägine girizmäge rugsat almak üçin Ministrlige ýüz tutulýar.

Ýüztutmanyň ýanyna goşulýan resminamalaryň sanawy Pudagära topar tarapyndan kesgitlenýär. Türkmenistanyň gümrük serhedine getirilen RES we ÝÝE babatda Gulluk bellenen tertipde tehniki barlaglary geçirýär hem-de geçirilen tehniki barlagyň netijesini Agentlige berýär. Agentlik öz gezeginde bu resminamalara seredip, Ministrlige ýazmaça habar berýär.

Pudagara toparyň başlygynyň orunbasary - Türkmenistanyň Senagat we kommunikasiýa ministri RES-i we ÝÝE-ni Türkmenistanyň çägine girizmek üçin rugsat berýär.

11. Daşary ýurtlardan getirmek üçin Pudagara toparyň ylalaşygy bolmazdan, Türkmenistanyň çägine getirilen RES we ÝÝE gümrük gözegçiligi astynda wagtlaýyn saklamak üçin Türkmenistanyň gümrük edaralary tarapyndan alnyp galynýar we ammara ýerleşdirilýär.

Pudagara toparyň ylalaşygy bolmazdan, Türkmenistanyň gümrük serhedine getirilen RES-i we ÝÝE-ni Türkmenistanyň çägine girizmek üçin şu Düzgünnamanyň ýedinji we onunjy böleklerine laýyklykda bellenen tertipde seredilýär.

12. RES-iň we ÝÝE-niň taslanmagy, işläp taýýarlanmagy, öndürilmegi, gurnalmagy (oturdylmagy), edinilmegi, ulanylmagy hem-de daşary ýurtlardan getirilmegi, şeýle hem radioýygylyklary peýdalanmak bilen, ylmy-barlag we tejribe-konstruktorçylyk işleriniň geçirilmegi bilen baglanyşykly ýüztutmalara seretmegiň möhletleri Pudagara toparyň çözgüdi bilen kesgitlenýär.

13. RES-i taslamak we gurnamak babatda Pudagara topar tarapyndan ylalaşygy alnan RES-i gurnamak (oturtmak) üçin meýdançany saýlap almak işi şol sebitde öň ulanylýan we taslanan RES we ÝÝE bilen elektromagnit utgaşmasy babatda laýyk gelýändigini hasaba almak bilen, Gulluk bilen ylalaşylýar.

14. RES bir sütünde ýa-da meýdançada gurnalanda (oturdylanda) şol sütünde ýa-da meýdançada hereket edýän RES-iň tehniki häsiýetnamalary göz öňünde tutulyp, elektromagnit utgaşmasy üpjün edilmelidir.

15. Türkmenistanyň çäginde ylalaşmazdan işlenip taýýarlanan, öndürilen, edinilen ýa-da rugsatsyz gurnalan (oturdylan), ulanylan, Türkmenistanyň çägine girizilen RES we ÝÝE ýüze çykarylan ýagdaýynda, günäkär şahs Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda jogapkärçilige çekilýär. Bu RES we YÝE radioşöhlelenmesiniň ölçeg möçberleri Türkmenistanda hereket edýän radioşöhlelenmäniň kadalaryna laýyk gelen halatynda Pudagara toparyň garamagyna ylalaşmak üçin ýollanylýar we ylalaşylandan soňra bellenen tertipde hasaba alynýar. Eger-de RES- iň we ÝÝE-niň ölçeg möçberleri Türkmenistanda hereket edýän radioşöhlelenmäniň kadalaryna laýyk gelmedik halatynda, Türkmenistanyň çäginden daşary çykarylmaga ýa-da ýok edilmäge (hatardan çykarmak üçin fiziki güýç ulanyp ýa-da mehaniki täsir edip, olary düzedip bolmajak derejä getirmek) degişlidir.

16. Döwlet derejesinde geçirilýän resmi çärelerde, sport ýaryşlarynda, sergilerde, ýarmarkalarda we beýleki çärelerde RES- iň we ÝÝE-niň wagtlaýyn ulanmak üçin Türkmenistanyň çägine girizilmegi şu Düzgünnamanyň ýedinji we onunjy böleklerinde bellenen tertipde amala aşyrylýar.

Wagtlaýyn ulanmak üçin girizilen RES we ÝÝE peýdalanyjylar tarapyndan öz wagtynda Türkmenistanyň çäginden çykarylmalydyr we RES-iň we ÝÝE-niň çykarylandygy hakyndaky resmileşdirilen ýük gümrük deklarasiýasynyň nusgasy Ministrlige berilmäge degişlidir.

17. Aragatnaşyk hyzmatlaryny amala aşyrmaga niýetlenen RES-i we ÝÝE-ni gurnamak (oturtmak) we olary ulanmak, aragatnaşyk babatynda işiň görnüşlerine degişli ygtyýamamasy bolan halatynda ýerine ýetirilip bilner.

18. Peýdalanyjy RES-i we ÝÝE-ni ulanmak üçin öz ulgamyna degişli beýleki edara-kärhanalaryň hasabyna geçirip biler hem-de bu barada Gulluga habar bermelidir. RES we ÝÝE hasabyna geçirilen edara-kärhana olar boýunça doly jogapkärçilik çekýär.


III bap. RES-iň we ÝÝE-niň ulanyş düzgünleri, peýdalanyjylaryň borçlary, olary ulanmakda jogapkärçilik


19. Peýdalanyjylar RES-iň we ÝÝE-niň gumalan (oturdylan) ýerini, olaryň antenna-fider enjamlarynyň hem-de tehniki häsiýetnamalarynyň üýtgedilmegini Gulluk bilen ylalaşmaga, şeýle hem ýuridik şahslar özleriniň guramaçylyk-hukuk gömüşiniň, onuň adynyň, hukuk salgysynyň üýtgändigi barada Gulluga habar bermäge borçludyrlar.

20. Ýuridik şahs bolup durýan peýdalanyjynyň wezipe sanawynda aragataşyk inženeri ýa-da degişli hünärmen göz öňünde tutulmadyk ýa-da hünärmen bolmadyk ýagdaýynda, olar öz buýruklary bilen RES we ÝÝE boýunça jogapkär adamy belleýärler.

21. RES-i we ÝÝE-ni peýdalanyjylar şu Düzgünnamanyň talaplarynyň ýerine ýetirilişine gözegçilik etmek üçin Gullugyň hünärmenleri (gulluk şahadatnamasyny görkezen halatynda) bilen işleşmäge we olara ýakyndan ýardam bermäge borçludyrlar.

22. Peýdalanyjylar RES-iň we YÝE-niň keseki şahslardan goraglylygyny, binalarda, desgalarda, meýdançalarda we beýleki ýerlerde gumalanda ýangyn howpsuzlygynyň talaplarynyň berjaý edilmegini, şeýle hem olara keseki şahslaryň aralaşmagynyň öňüniň alynmagyny doly üpjün etmelidirler.

23. Awtoulag serişdelerinde oturdylan RES-i we ÝÝE-ni ulanmak üçin Gulluk tarapyndan berilýän Rugsatnamanyň bardygyna gözegçilik etmek Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugy tarapyndan amala aşyrylýar.

24. RES-i we ÝÝE-ni ulanmak üçin Gulluk tarapyndan berilýän Rugsatnama olary peýdalanýan fiziki we ýuridik şahslaryň özlerinde saklanýar.

25. Fiziki we ýuridik şahslar radioýygylyk spektrinden peýdalanandygy üçin, şeýle hem Gulluk tarapyndan edilýän hyzmatlar (işler) üçin tölegleri öz wagtynda tölemäge borçludyrlar.

Şu bölegiň birinji tesiminde görkezilen tölegleriň möçberi we olary tölemegiň tertibi Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi bilen ylalaşylyp, Türkmenistanyň Senagat we kommunikasiýa ministrligi tarapyndan tassyklanýar. Bu tölegler Gullugyň hasaplaşyk hasabyna geçirilýär.

Hususy zerurlyklary üçin we aragatnaşyk hyzmatlary bermäge hukugy bolmadyk fiziki we ýuridik şahslara, şeýle hem döwlet teleradio ýaýlymlaryň ýaýradylyşyny amala aşyrýan operatorlara radioýygylyk spektrinden peýdalanmak tölegsiz amala aşyrylýar. Görkezilen şahslar diňe Gulluk tarapyndan edilýän hyzmatlar (işler) üçin tölegleri töleýärler.

Döwlet zerurlyklaryny üpjün edýän aýry-aýry peýdalanyjylary şu bölegiň birinji tesiminde görkezilen töleglerden boşatmak hakynda Pudagara toparyň çözgüt kabul etmäge hukugy bar.

26. RES-i we ÝÝE-ni peýdalanyjylara şular gadagan edilýär:

1) Pudagara topar tarapyndan berkidilmedik radioýygylyklary özbaşdak sazlamak we peýdalanmak;

2) rugsat berilmedik şöhlelenme görnüşlerini ulanmak;

3) RES-iň we ÝÝE-niň çykyş kuwwadyny rugsat berlen derejesinden ýokary galdyrmak we ulanmak;

4) RES-i we ÝÝE-ni peýdalanyjylara berlen Rugsatnamanyň hereket ediş möhleti tamamlanandan soň ulanmak.

27. Belli bir sebäplere görä RES-iň we ÝÝE-niň ulanyimagy bes edilen (ýapylan) ýagdaýynda, 10 (on) senenama gününiň dowamynda peýdalanyjy olaryň sökülip aýrylmagyny üpjün etmäge hem-de bu barada degişli resminamalary toplap, Gulluga tabşyrmaga borçludyr. Şunda RES-i we ÝÝE-ni ulanmak üçin öň berlen Rugsatnama Gulluga gaýtarylyp berilýär. Ulanmagy bes edilen RES we ÝÝE 10 (on) senenama gününiň dowamynda sökülip aýrylmasa, bu möhlet degişli tertipde Pudagara topar tarapyndan uzaldylyp bilner.

Peýdalanyjy sökülip aýrylan RES-i we ÝÝE-ni öz hasabyndan aýryp, başga bir şahsa berýänçä, ýok edýänçä, Türkmenistanyň çäginden çykarýança olary öz jogapkärçiliginde saklamaga borçludyr.

28. Radioýygylyk spektriniň peýdalanylyşyna gözegçilik etmek boýunça Türkmenistanyň baş döwlet gözegçisiniň, radioýygylyk spektriniň peýdalanylyşyna gözegçilik etmek boýunça welaýatlaryň, etraplaryň we şäherleriň baş döwlet gözegçileriniň, radioýygylyk spektriniň peýdalanylyşyna gözegçilik etmek boýunça döwlet gözegçileriniň gulluk şahadatnamalaryny görkezmek bilen, şu aşakdakylara hukugy bardyr:

1) RES-iň we ÝÝE-niň radioşöhlenenme babatda Türkmenistanda kabul edilen kadalara laýyk gelýändigini barlamaga;

2) RES we ÝÝE oturdylan, gurnalan ähli jaýlara, binalara we desgalara päsgelçiliksiz girmäge hem-de tehniki barlaglary geçirmäge, şunda Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynda, Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi tarapyndan akkreditirlenen daşary ýurt döwletleriniň diplomatik wekilhanalarynda, konsullyk edaralarynda, şeýle hem halkara guramalarynyň wekilhanalarynda bellenen tertipde ylalaşyp, tehniki barlaglary geçirmäge;

3) kanunçylyga laýyklykda ygtyýarlyklaryň çäklerinde beýleki işleri amala aşyrmaga;

29. Gulluk şu Düzgünnamanyň talaplary berjaý edilmezden ulanylýan RES-i we ÝÝE-ni ýüze çykarmak hem-de olaryň işlemeginiň öňüni almak boýunça işleri Ministrligiň, Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk ministrliginiň we (ýa-da) Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň hünärmenleri bilen bilelikde alyp barýar.

30. Radiotolkunlaryň elektromagnit meýdanynyň derejesiniň adamyň saglygyna ýetirip biljek zyýanynyň öňüni almak boýunça Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň hem-de «Türkmenstandartlary» baş döwlet gullugynyň degişli edaralarynyň radiotolkunlaryň elektromagnit meýdanynyň derejesini ölçemek boýunça işlerine Gullugyň gözegçileri gatnaşyp bilerler.

Eger-de, radiotolkunlaryň elektromagnit meýdanynyň derejesi Türkmenistanyň kanunçylygynda rugsat berlen kadalardan artyk bolup, adamyň saglygyna zyýan ýetirmek mümkinçiligi ýüze çykarylan ýagdaýynda, Gulluk RES-i we ÝÝE-ni ulanmaklygy togtadýar. Şunda RES-iň we ÝÝE-niň abatlaýyş işleriniň geçirilmegi netijesinde, radiotolkunlaryň elektromagnit meýdanynyň derejesi Türkmenistanyň kanunçylygynda rugsat berlen kadalara laýyk gelmedik ýagdaýynda, olar ýok edilmäge degişli bolup durýarlar.