radio wave radio source
"Türkmenaragatnaşyk" agentliginiň ýanyndaky Döwlet radioýygylyk gullugy tarapyndan edilýän hyzmatlar (işler) üçin tölegleriň möçberi we olary tölemegiň TERTIBI

Türkmenistanyň Senagat we kommunikasiýa ministriniň

 2019-njy ýylyň 8-nji noýabrynda çykaran 

329-ö belgili buýrugy bilen tassyklanyldy


TÜRKMENISTANYŇ SENAGAT WE KOMMUNIKASIÝA MINISTRLIGINIŇ
"Türkmenaragatnaşyk" agentliginiň ýanyndaky Döwlet radioýygylyk gullugy tarapyndan edilýän hyzmatlar (işler) üçin tölegleriň möçberi we olary tölemegiň
TERTIBI



I bap. Umumy düzgünler

 

1. Şu Türkmenistanyň Senagat we kommunikasiýa ministrliginiň “Türkmenaragatnaşyk” agentliginiň ýanyndaky Döwlet radioýygylyk gullugy tarapyndan edilýän hyzmatlar (işler) üçin tölegleriň möçberi we olary tölemegiň tertibi (mundan beýläk-Tertip) Türkmenistanyň Prezidentiniň 2019-njy ýylyň 24-nji maýynda çykaran 1236-njy karary bilen tassyklanan, Radioelektron serişdelerini we ýokary ýygylykly enjamlary taslamagyň, işläp taýýarlamagyň, öndürmegiň, gurnamagyň (oturtmagyň), edinmegiň, ulanmagyň hem-de olary daşary ýurtlardan getirmegiň tertibi hakynda Düzgünnamanyň ýigrimi bäşinji bölegi esasynda işlenip taýýarlanyldy we Türkmenistanyň Senagat we kommunikasiýa ministrliginiň “Türkmenaragatnaşyk” agentliginiň ýanyndaky Döwlet radioýygylyk gullugy tarapyndan edilýän hyzmatlar (işler) üçin tölegleri tölemegiň tertibini düzgünleşdirýär.

2. Türkmenistanyň Senagat we kommunikasiýa ministrliginiň “Türkmenaragatnaşyk” agentliginiň ýanyndaky Döwlet radioýygylyk gullugy (mundan beýläk – Gulluk) tarapyndan edilýän hyzmatlar (işler) üçin tölegler Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi bilen ylalaşylyp, Türkmenistanyň Senagat we kommunikasiýa ministri tarapyndan tassyklanylýan Türkmenistanyň Senagat we kommunikasiýa ministrliginiň “Türkmenaragatnaşyk” agentliginiň ýanyndaky Döwlet radioýygylyk gullugy tarapyndan edilýän hyzmatlaryň (işleriň) nyrhnamasyna (mundan beýläk – Nyrhnama) laýyklykda amala aşyrylýar.

3. Nyrhnama radioýygylyk spektrini peýdalanyjylara - Türkmenistanyň fiziki we ýuridik şahslaryna, daşary ýurt fiziki we ýuridik şahslaryna (mundan beýläk – Peýdalanyjylar) degişlidir.

4. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Radioýygylyklar baradaky pudagara topary (mundan beýläk – Pudagara topar) tarapyndan döwlet zerurlyklaryny üpjün edýän aýry-aýry peýdalanyjylary tölegden boşatmak hakynda çözgüt kabul edilen halatynda, onda olara Nyrhnamada görkezilen tölegler degişli edilmeýär.

5. Nyrhnamada nyrhlar goşulan baha üçin salgytsyz görkezilýär.

6. Tölegler bir gezeklik hem-de bir ýyllyk görkezilýär.

7. Radioýygylyk spektrinden peýdalanyjylar Gulluk tarapyndan edilýän hyzmatlar (işler) üçin tölegleri Nyrhnamada görkezilen nyrhlar boýunça töleýärler.

8. Gulluk tarapyndan edilýän hyzmatlar (işler) üçin tölegler şu aşakdakylardan ybaratdyr:

1) Radioelektron serişdeleri (mundan beýläk – RES) ulanmak üçin radioýygylyklary (ýygylyklary) saýlamak, RES elektromagnit utgaşmasynyň barlagyny (mundan beýläk-EMU) geçirmek we radioýygylyklaryň peýdalanylmagyny ylalaşmak boýunça Gulluk tarapyndan edilýän hyzmatlar (işler) üçin tölegler;

2) RES we ýokary ýygylykly enjamlary (mundan beýläk – ÝÝE) hasaba alyş boýunça Gulluk tarapyndan edilýän hyzmatlar (işler) üçin tölegler (RES we ÝÝE ulanylyşa girizilmezden öň bir gezeklik edilýän işler):

a) berkidilen iş radioýygylyklary;

b) çagyryş yşaratlary;

ç) RES we ÝÝE oturdylan ýeri we kuwwaty;

d) şöhlelenme zolagynyň klasy we giňligi (ini);

e) rugsat berlen korrespondentler (abonent ulgamyň göwrümi) we maglumatlaryň görnüşleri;

ä) antennalaryň oturdylan ýeriniň beýikligi, görnüşi we häsiýetleri;

f) antenna toplumynyň şöhlelenmesiniň azimuty;

g) peýdalanyjy yşaratyny ulgamlaýyn anyklamak üçin gerek bolan, RES we ÝÝE barada beýleki maglumatlar.

3) RES we ÝÝE ulanmak üçin resminamalaryň düzülmegi we berilmegi boýunça Gulluk tarapyndan edilýän hyzmatlar (işler) üçin tölegler;

4) Peýdalanyjylaryň RES ulanmak üçin bölünip berlen radioýygylyk spektriniň ulanyş taýýarlygyny üpjün etmek (RES şöhlelenmeleriniň ölçeg möçberlerine gözegçilik etmek we ölçegleri geçirmek, radiopäsgelçilikleriň çeşmesiniň ýerleşýän ýerini anyklamak hem-de olary aradan aýyrmak boýunça mümkin bolan çäreleri alyp barmak) boýunça Gulluk tarapyndan edilýän hyzmatlar (işler) üçin tölegler (mundan beýläk – ulanyş taýýarlygyny üpjün etmek boýunça hyzmatlaryň tölegleri).

Hyzmatlaryň bir birligi diýlip, ýaýradyjynyň (iberijiniň) ölçeg möçberlerine baglylykda we (ýa-da) ulgamyň abonent göwrümi boýunça bellenilen ulanyş möhletinde bir (ýa-da topar) RES üçin berkidilýän bir radioýygylyk hasap edilýär.

5) Nyrhnamada görkezilen Gulluk tarapyndan edilýän beýleki hyzmatlar (işler) üçin tölegler.



II bap. Gulluk tarapyndan edilýän hyzmatlar (işler) üçin tölegleri tölemegiň tertibi

 

9. RES ulanmak üçin radioýygylyklary saýlamak, RES EMU barlagyny geçirmek we radioýygylyklaryň peýdalanylmagyny ylalaşmak, RES we ÝÝE hasaba almak, resminamalary düzmek we bermek hem-de ş.m. hyzmatlary boýunça tölegleri tölenilýär.

10. RES hasaba alnan gününden ulanyş taýýarlygyny üpjün etmek boýunça hyzmatlaryň tölegleri bir aý üçin doly möçberde (degişlilikde RES tehniki häsiýetnamalary esasynda) tölenilýär.

Ulanyş taýýarlygyny üpjün etmek boýunça hyzmatlaryň töleglerinde RES üçin berkidilen bir radioýygylygy diýlip, RES ýaýradyjysynyň bir radioýygylygyna düşünilýär.

11. Ulanyş taýýarlygyny üpjün etmek boýunça hyzmatlaryň töleglerinde ýaýradyjynyň alyp baryjysynyň kuwwaty göz öňünde tutulan ýagdaýynda, RES tehniki resminamasyna laýyklykda ýaýradyjynyň iň ýokary çykyş kuwwaty ýa-da ýaýradyjynyň doly däl çykyş kuwwatynda işledilmegine rugsat berlen halatynda rugsat berlen çykyş kuwwaty göz öňünde tutulýar.

12. Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň serişdeleriniň hasabyndan maliýeleşdirilýän peýdalanyjylara edilýän hyzmatlar üçin hasaplaşyklar, Nyrhnamada görkezilen nyrhyň 50% möçberinde kesgitlenilýär.

13. Radioýygylyk kanallaryny saýlap (skanirläp) işleýän simsiz radiotelefonlary, şeýle hem radiouzaldyjylary üçin ulanyş taýýarlygyny üpjün etmek boýunça hyzmatlaryň tölegleri, işleýän kanallarynyň sanyna garamazdan alynýar.

14. Umumy peýdalanylýan hereket edýän öýjükli radioaragatnaşyk ulgamynyň (demir ýol aragatnaşygy üçin öýjükli radioaragatnaşyk ulgamynyň standarty (GSM-R standarty) muňa degişli däl) baza stansiýalary üçin ulanyş taýýarlygyny üpjün etmek boýunça hyzmatlaryň tölegleri, şol ulgamyň merkezi stansiýasynyň hereket edýän abonent göwrümi hökmünde alynýar. Eger-de ulgamda birnäçe merkezi stansiýa hereket eden ýagdaýynda, onda olaryň hereket edýän abonent göwrümleri goşulyp hasaplanýar.

15. Türkmenistan boýunça berkidilen radioýygylyklar (radioýygylyk zolagy), Aşgabat şäheriniň we her bir welaýatyň çäklerinde hem berkidilendigine düşünilýär.

16. Gämi (deňiz we derýa) stansiýasynyň ýaýradyjysy (kenarýaka RES muňa degişli däl) üçin ulanyş taýýarlygyny üpjün etmek boýunça hyzmatlaryň tölegleri, ýagny bir kanally stansiýa (bir berkidilen radioýygylygy) hökmünde alynýar.

17. Önümçilik zerurlygyna görä ulanmak üçin niýetlenip goýulýan ätiýaçdaky ýaýradyjylar (Gullukda hasaba alnan) üçin ulanyş taýýarlygyny üpjün etmek boýunça hyzmatlaryň tölegleri dolulygyna alynýar.

18. Üznüksiz radioaragatnaşygy üpjün etmek maksady bilen, radiostansiýalaryň düzüminde esasy ýaýradyjylary ätiýaçlandyrmak üçin niýetlenip oturdylan ýaýradyjylar (Gullukda hasaba alnan) üçin ulanyş taýýarlygyny üpjün etmek boýunça hyzmatlaryň tölegleri berilmeýär.

19. Umumy peýdalanylýan hereket edýän radioaragatnaşyk ulgamynyň, şeýle hem GSM-R standartly hereket edýän öýjükli radioaragatnaşyk ulgamynyň her bir abonent stansiýasy üçin ulanyş taýýarlygyny üpjün etmek boýunça hyzmatlaryň tölegleri berkidilen radioýygylyklaryň sany göz öňüne tutulmazdan alynýar.



Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan
2019-njy ýylyň 6-njy dekabrynda 1271 bellige
alyş belgisi bilen döwlet belligine alyndy.