radio wave radio source
Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan - bedew batly at-myradyň mekany
HABARLAR


25-nji iýunda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Pakistan Yslam Respublikasynyň senagat we önümçilik boýunça federal ministri Rana Tanwir Hussain bilen duşuşdy. Duşuşykda däp bolan dostlukly döwletara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň geljegi gyzyklanma bildirilip ara alnyp maslahatlaşyldy.

Myhman duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, türkmen halkynyň Milli Liderine Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Asif Ali Zardariniň we ýurduň Premýer-ministri Mian Muhammad Şahbaz Şarifiň mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Şunda Gahryman Arkadagymyzyň soňky ýyllarda täze ösüşe eýe bolan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyndaky saldamly şahsy goşandy nygtaldy.

Jenap Rana Tanwir Hussainiň belleýşi ýaly, häzirki döwürde Türkmenistan durmuşyň ähli ulgamlarynda uly üstünliklere eýe boldy. Täze Arkadag şäheri munuň aýdyň güwäsidir. Bu şäheri döretmek başlangyjy türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowa degişlidir. Öňdebaryjy innowasion tehnologiýalar ulanylyp gurlan bu ajaýyp şäherde adamlaryň ähli amatlyklaryň hözirini görüp ýaşamaklary üçin şertler döredildi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip hem-de Pakistanyň ýokary ýolbaşçylaryna mähirli salamyny beýan edip, halklarymyzyň taryhy-medeni umumylygyna esaslanýan we dürli ugurlar boýunça üstünlikli ösdürilýän döwletara gatnaşyklaryň netijeli häsiýete eýedigini kanagatlanma bilen belledi. Gahryman Arkadagymyz bular barada aýtmak bilen, myhmanyň şu gezekki saparynyň çäklerinde türkmen kärdeşleri bilen geçiriljek duşuşyklarynyň we gepleşikleriniň netijeli häsiýete eýe boljakdygyna hem-de ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürjekdigine, olary täze many-mazmun bilen baýlaşdyrjakdygyna ynam bildirdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň belleýşi ýaly, Pakistan Yslam Respublikasy Günorta Aziýa sebitinde Türkmenistanyň iň möhüm hyzmatdaşlarynyň biridir. Türkmen-pakistan gatnaşyklary özara ynanyşmagyň we düşünişmegiň ýokary derejesi bilen häsiýetlendirilýär. Bu bolsa, öz gezeginde, ikitaraplaýyn derejede, şeýle hem abraýly halkara guramalaryň çäklerinde hyzmatdaşlygy yzygiderli we köptaraplaýyn esasda ösdürmekde berk binýat bolup durýar. Şunda biziň ýurtlarymyz birek-biregiň oňyn başlangyçlaryny özara goldaýarlar.

Duşuşygyň dowamynda Gahryman Arkadagymyz we myhman ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri boýunça pikir alyşdylar. Söwda-ykdysady ulgam hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Sebitde bilelikdäki energetika we kommunikasiýa taslamalarynyň durmuşa geçirilişine, hususan-da, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan transmilli gaz geçirijisiniň gurluşygyna aýratyn üns berildi. Şunuň bilen birlikde, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan ugry boýunça optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamynyň we elektrik geçirijisiniň taslamalary uly ähmiýete eýedir. Bu iri düzümleýin taslamalaryň üstünlikli amala aşyrylmagynyň tutuş sebiti durmuş-ykdysady taýdan yzygiderli ösdürmäge itergi berjekdigine hem-de parahatçylygyň we durnukly ösüşiň möhüm şertine öwrüljekdigine ynam bildirildi. Şunda Türkmenistanyň öz tarapyndan özara bähbitli döwletara hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen anyk teklipleriň ilerledilmegini goldamaga taýýardygy nygtaldy.

Duşuşygyň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Pakistan Yslam Respublikasynyň senagat we önümçilik boýunça federal ministri Rana Tanwir Hussain iki ýurduň umumy abadançylygynyň bähbitlerine laýyk gelýän däp bolan hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga çalyşýandygyny tassykladylar.



















https://mincom.gov.tm/tk/news/936/

26.06.2024, 18:06


«Android» we «iOS» operasion ulgamlaryna esaslanýan smartfonlaryň eýeleri «Duralga» programmasynyň birnäçe ýeňilleşdirmeler geçirilen täze görnüşini göçürip alyp bilerler.

Täzelenme ykjam traffigiň sarp edilişini optimallaşdyrdy we awtobusyň ýerleşýän ýerindäki maglumatlaryň täzelenmegini çaltlaşdyrdy. Şeýle hem aşakdaky üýtgeşmeler girizildi: giriş we parol arkaly ygtyýarnama girizildi, tassyklama kody indi 0655 belgiden iberiler, howpsuzlyk we durnuklylyk ýokarlandy, mahabaty kartada we banner görnüşinde ýerleşdirmek ukyby goşuldy.

«Duralgany» döredijiler ykjam goşundylaryň häzirki zaman aýratynlyklaryny göz öňünde tutup, programmany mümkin boldugyça amatly etmäge we işleýşini ýeňilleşdirmäge synanyşdylar.

«Duralga» 2022-nji ýylyň fewralynda işe girizildi. Ol garaşylýan awtobusyň ýoluny öwrenmegi ýönekeýleşdirýär we şäherdäki iki nokadyň arasynda iň gowy ýoly saýlamaga kömek edýär.

«Duralga» bilen Aşgabatda we Arkadagda awtobuslaryň hereketine hakyky wagtda gözegçilik edip bilersiňiz. Goşundy GPS bilen işlemek arkaly bu maglumatlary şäheriň elektron kartasynda görkezip, her ulagyň ýagdaýyny takyk kesgitlemäge mümkinçilik berýär.

Ulanyjylar indi garaşylýan awtobusyň şol wagtky ýerleşýän ýerini görüp we belli bir duralgada gelýän wagtyny hasaplap bilerler. Bu köçede uzak garaşmak zerurlygyny aradan aýryp, öýden ýa-da ofisden çykmaly wagty has takyk meýilleşdirmäge mümkinçilik berer.






https://turkmenportal.com/tm/blog/79636/prilozhenie-duralga-dlya-otslezhivaniya-avtobusov-v-ashhabade-i-arkadage-sushchestvenno-obnovilos

25.06.2024, 18:06


«Türkmenaragatnaşyk» agentligi 5G tehnologiýasynyň aýratynlyklaryny we tehniki häsiýetnamalaryny öwrener. Bu barada 14-nji iýunda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde aýdyldy.

Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýewiň hasabatyndan görnüşi ýaly, gurulmagy meýilleşdirilýän «Aşgabat-sitide» hem iň kämil tehnologiýalary, döwrebap çözgütleri ornaşdyrmak göz öňünde tutulýar. Şunda halkara tejribäni, 4G tehnologiýasy bilen deňeşdirilende, maglumat geçirijiligi 10 essä çenli ýokary bolup, ygtybarly we durnukly birikmeleri üpjün edýän 5G tehnologiýasynyň aýratynlyklaryny, tehniki häsiýetnamalaryny öwrenmek maksadalaýyk bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň bu ugurda degişli işleri geçirmegi baradaky teklip hödürlenildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda öňdebaryjy sanly tehnologiýalaryň yzygiderli ornaşdyrylýandygyny, sanly ykdysadyýete geçmekde we ony ösdürmekde netijeli işleriň alnyp barylýandygyny, bu işleriň has-da kämilleşdirilmegini talap edýändigini aýtdy. Döwlet Baştutanymyz häzirki wagtda daşary ýurtlarda döwrebap 5G tehnologiýasynyň giňden ulanylýandygyny belläp, bu teklibi goldaýandygyny aýtdy we agentligiň ýolbaşçysyna şol tehnologiýanyň mümkinçiliklerini, aýratynlyklaryny öwrenmek boýunça degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

16.06.2024, 18:06


Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 7-nji iýunda sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň bäş aýynda ykdysadyýetimiziň pudaklarynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi.

 Mejlisde Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew gözegçilik edýän ulgamlarynda şu ýylyň bäş aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

 Hasabat döwründe bu toplumda ýerine ýetirilen işler we hyzmatlar boýunça gazanylan ösüş 117,5 göterime deň boldy. Şu ýylyň bäş aýynda awtomobil, demir ýol, howa, deňiz we derýa ulaglary arkaly ýük daşamagyň ösüş depgini 105,9 göterime, ýolagçy gatnatmagyň ösüş depgini bolsa 102,9 göterime deň boldy. Ýanwar — maý aýlarynda hyzmatlary ýerine ýetirmek babatda ösüş “Türkmendemirýollary” agentligi boýunça 104,8 göterime, “Türkmenawtoulaglary” agentligi boýunça 111,4 göterime, “Türkmenhowaýollary” agentligi boýunça 153 göterime barabar boldy.

 “Türkmendeňizderýaýollary” agentligi boýunça 115,8 göterim, “Türkmenaragatnaşyk” agentligi boýunça 112,2 göterim ösüş depgini gazanyldy.

 Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde ýerine ýetirilen işler barada hem aýdyldy. Şunuň bilen birlikde, ýurdumyzyň dürli künjeklerinde ulag-kommunikasiýa toplumy üçin önümçilik, durmuş maksatly desgalaryň gurluşygy barada hasabat berildi.

 Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ulag-kommunikasiýalar toplumynyň öňünde goýlan wezipeleri doly ýerine ýetirmek üçin toplumyň işini döwre görä yzygiderli kämilleşdirip durmagyň möhümdigini nygtady we agentligiň ýolbaşçysyna bu babatda anyk tabşyryklary berdi.












https://mincom.gov.tm/tk/news/897/

11.06.2024, 18:06


Şu gün — 5-nji iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Daşoguz welaýatyna iş saparyny aşyrdy we bu ýerde ýurdumyzda bir bitewi halkalaýyn energoulgamyny döretmegiň taslamasynyň çäginde «Balkan–Daşoguz» ugry boýunça her biriniň güýjenmesi 500 kilowolt bolan täze howa elektrik geçirijisini we beketleri işe girizmek dabarasyna gatnaşdy.

Ýapyk energiýa halkasy welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň energiýa ulgamlarynyň arasynda özara baglanyşyk arkaly ýurdumyzyň energiýa ulgamynyň ygtybarlylygyny üpjün etmelidir, şonuň netijesinde energetika pudagynyň işgärleri energiýa bloklaryny, elektrik beketlerini we elektrik geçiriji ulgamlaryny sarp edijilere zyýan ýetirmezden bejerip hem-de döwrebaplaşdyryp bilerler.

Jemi uzynlygy 572 km bolan «Balkan–Daşoguz» ugry boýunça elektrik geçirijisini çekmek boýunça ähli işleriň Garaşsyzlyk ýyllarynda uly tejribe toplan türkmen gurluşykçylary tarapyndan amala aşyrylandygy bellemek gerek.

Elektroenergetika pudagynyň täze möhüm desgalarynyň – «Balkan–Daşoguz» ugry boýunça her biriniň güýjenmesi 500 kilowolt bolan elektrik geçirijisiniň we iki sany elektrik bekediniň işe girizilmegi Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň ykdysady kuwwatynyň hem-de mümkinçilikleriniň nyşanyna öwrülen bitewi energetika halkasyny döretmek boýunça ägirt uly taslamanyň üstünlikli tamamlanandygyny alamatlandyrdy.























https://mincom.gov.tm/tk/news/877/

05.06.2024, 18:06


Bä­her­den et­ra­by­nyň has­sa­ha­na­sy­na Gurbanguly Berdimuhamedow adyn­da­ky Ho­wan­dar­ly­ga mä­täç ça­ga­la­ra he­ma­ýat ber­mek bo­ýun­ça ha­ýyr-sa­ha­wat gaz­na­sy­nyň se­riş­de­le­ri­niň ha­sa­by­na sa­tyn al­nan Ger­ma­ni­ýa Fe­de­ra­tiw Res­pub­li­ka­sy­nyň «B.Braun» kom­pa­ni­ýa­sy­nyň iki sa­ny «Dia­log+» ky­sym­ly ge­mo­dia­liz en­ja­my sow­gat be­ril­di.

Ga­ny ekst­ra­kor­po­ral usul­da aras­sa­la­mak üçin ni­ýet­le­nen bu döw­re­bap luk­man­çy­lyk en­ja­my do­wam­ly böw­rek ýet­mez­çi­li­gi ke­se­lin­den ejir çek­ýän nä­sag­la­ry has ne­ti­je­li be­jer­mä­ge, şu­nuň esa­syn­da ola­ryň ýa­şaý­şy­ny go­wu­lan­dyr­ma­ga, öm­rü­niň do­wam­ly­ly­gy­ny art­dyr­ma­ga ýar­dam ber­ýär. Mu­nuň özi hal­kyň, il­kin­ji no­bat­da, ýaş­la­ryň sag­ly­gy we aba­dan­çy­ly­gy ba­ra­da­ky ala­da­nyň ýur­du­myz­da «Döw­let adam üçin­dir!», «Wa­tan di­ňe hal­ky bi­len Wa­tan­dyr! Döw­let di­ňe hal­ky bi­len döw­let­dir!» di­ýen ýö­rel­ge­ler esa­syn­da dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň esa­sy ugur­la­ry­nyň bi­ri­di­gi­ni no­bat­da­ky ge­zek tas­syk­la­ýar.

Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­ga­my­ny mun­dan beý­läk-de kä­mil­leş­dir­mek, pu­da­gyň inf­rast­ruk­tu­ra­sy­ny düýp­li döw­re­bap­laş­dyr­mak, öň­de­ba­ry­jy in­no­wa­sion teh­no­lo­gi­ýa­la­ry or­naş­dyr­mak, ýo­ka­ry de­re­je­li hü­när­men­le­ri taý­ýar­la­mak, ama­ly luk­man­çy­lyk bo­ýun­ça da­şa­ry ýurt­ly hyz­mat­daş­lar bi­len ne­ti­je­li gat­na­şyk­la­ry pug­ta­lan­dyr­mak ýa­ly we­zi­pe­ler Di­ýa­ry­myz­da dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän giň ge­rim­li öz­gert­me­le­riň mö­hüm ugur­la­ry­dyr. «Sag­lyk» Döw­let mak­sat­na­ma­sy­nyň üs­tün­lik­li ama­la aşy­ryl­ma­gy esa­syn­da Türk­me­nis­tan ila­tyň sag­ly­gy­ny go­ra­mak we ber­kit­mek ba­bat­da örän uly üs­tün­lik­le­ri ga­za­nyp, dün­ýä jem­gy­ýet­çi­li­gi­niň, hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ryň, şol san­da BMG-niň hem-de onuň iri dü­züm­le­ri­niň — Bü­tin­dün­ýä Sag­ly­gy Go­ra­ýyş Gu­ra­ma­sy­nyň (BSGG), Ça­ga­lar gaz­na­sy­nyň (ÝU­NI­SEF) giň gol­da­wy­na my­na­syp bol­dy. Ýur­du­myz bu gu­ra­ma­lar bi­len iş­jeň hyz­mat­daş­lyk ed­ýär.

Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň baş­lan­gy­jy esa­syn­da 2021-nji ýy­lyň mart aýyn­da dö­re­di­len Gurbanguly Berdimuhamedow adyn­da­ky Ho­wan­dar­ly­ga mä­täç ça­ga­la­ra he­ma­ýat ber­mek bo­ýun­ça ha­ýyr-sa­ha­wat gaz­na­sy ta­ra­pyn­dan ösüp gel­ýän ýaş nes­liň sag­ly­gy­ny go­ra­mak ug­run­da uly iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar. Gaz­na­nyň bank ha­sap­la­ry­na ra­ýat­lar­dan hem-de eda­ra gör­nüş­li ta­rap­lar­dan pul se­riş­de­le­ri yzy­gi­der­li ge­lip go­wuş­ýar. Bu se­riş­de­ler ho­wan­dar­ly­ga mä­täç ça­ga­la­ra tö­leg­li luk­man­çy­lyk, bi­lim hyz­mat­la­ry­ny ber­mä­ge, ola­ryň go­wy dynç al­mak­la­ry üçin müm­kin­çi­lik­le­ri dö­ret­mä­ge, beý­le­ki de­giş­li ze­rur­lyk­la­ry ka­na­gat­lan­dyr­ma­ga gö­nük­di­ril­ýär. 2021-nji ýy­lyň tom­sun­da ýur­du­my­zyň we­la­ýat­la­ry­nyň et­rap we şä­her has­sa­ha­na­la­ry­nyň ça­ga­lar bö­lüm­le­ri­ne ze­rur en­jam­lar bi­len üp­jün edi­len tä­ze «Tiz kö­mek» aw­tou­lag­la­ry, Ma­ry we­la­ýat ça­ga­lar has­sa­ha­na­sy­na «Savina» ky­sym­ly eme­li dem be­riş en­ja­my sow­gat be­ril­di. Şu ýy­lyň ap­re­lin­de Ma­ry we­la­ýat Enä­niň we ça­ga­nyň sag­ly­gy­ny go­ra­ýyş mer­ke­zi­ne iki sa­ny «Dia­log+» ky­sym­ly eme­li böw­rek en­ja­my-da sow­gat hök­mün­de gow­şu­ryl­dy.

Ha­ýyr-sa­ha­wat gaz­na­sy ta­ra­pyn­dan ho­wan­dar­ly­ga mä­täç ça­ga­la­ra paý­tag­ty­my­zyň we we­la­ýat­la­ryň luk­man­çy­lyk eda­ra­la­ryn­da dür­li ope­ra­si­ýa­la­ry ge­çir­mek üçin se­riş­de­le­riň bö­lü­nip be­ril­me­gi, be­jer­gi çyk­da­jy­la­ry­nyň tö­le­nil­me­gi, ça­ga­lar öý­le­rin­de, ýö­ri­te­leş­di­ri­len mek­dep­ler­de we mek­dep-in­ter­nat­lar­da ter­bi­ýe­len­ýän, bi­lim al­ýan ýaş türk­me­nis­tan­ly­lar üçin de­giş­li luk­man­çy­lyk en­jam­la­ry­nyň sa­tyn alyn­ma­gy asyl­ly dä­be öw­rül­di. Yn­san­per­wer­lik kö­me­gi­niň di­ňe bir Türk­me­nis­ta­nyň ça­ga­la­ry­na däl, eý­sem, köp san­ly dost­luk­ly döw­let­le­riň çyl­şy­rym­ly dur­muş ýag­da­ýyn­da ga­lan ça­ga­la­ry­na-da be­ril­ýän­di­gi­ni bel­le­mek ge­rek.

Ger­ma­ni­ýa­nyň meş­hur kom­pa­ni­ýa­sy­nyň döw­re­bap luk­man­çy­lyk en­jam­la­ry­nyň Ahal we­la­ýa­ty­nyň Bä­her­den et­ra­by­nyň has­sa­ha­na­sy­na sow­gat be­ril­me­gi my­na­sy­bet­li şu gün­ki ge­çi­ri­len da­ba­ra gat­na­şy­jy­lar, şol san­da ça­ga­lar we ola­ryň ene-ata­la­ry, sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­ga­my­nyň iş­gär­le­ri ýaş ne­sil­le­riň saz­la­şyk­ly ös­mek­le­ri, sag­lyk­la­ry­ny ber­kit­mek­le­ri ug­run­da dö­red­ýän müm­kin­çi­lik­le­ri üçin Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­za hem-de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ze çäk­siz ho­şal­lyk­la­ry­ny be­ýan et­di­ler.












https://mincom.gov.tm/tk/news/741/

09.05.2024, 17:05


18-19-njy aprelde TÜRKSOÝ-nyň howandarlygynda Türkmenistandaky Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegine, şeýle hem Gündogaryň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň bellenmegine bagyşlanan çäreleriň birinji tapgyry geçdi.

Türkmenistanyň Ankaradaky ilçihanasy we Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi bilen bilelikde TÜRKSOÝ tarapyndan guralan 2024-nji ýyly «Türki dünýäniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýlip yglan edilmeginiň maksatnamasynyň açylyş dabarasy şahyryň Dikmen jülgesindäki «Türkmenistan» seýilgähinde ýerleşen ýadygärliginiň öňünde bolup geçdi. Bu çärä TÜRKSOÝ-nyň baş sekretary Sultan Raýew, Türkmenistanyň Ankaradaky ilçisi Mekan Işangulyýew, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň rektory Amanmyrat Aýdogdyýew we beýleki myhmanlar gatnaşdy.
Sultan Raýew öz çykyşynda şeýle diýdi:

Magtymguly türkmen edebiýatynyň çür başynda parlaýan sönmejek ýyldyzdyr. Ol öz döredijiligi bilen diňe bir ýaşan eýýamynda däl, eýsem, tutuş türk dünýäsiniň mirasynda-da çuňňur yz galdyran, hatda şu günem görlüp-eşidilmedik derejede aktual şahyrdyr».

Çykyşyny dowam etdirmek bilen, TÜRKSOÝ-nyň baş sekretary:
«Magtymguly Pyragy şygyrlarynyň inçeden täsirliligi we çuňňur ylhamlylygy saýasynda, türkmen edebiýatynyň iň ähmiýetli wekilleriniň biridir. Onuň eserleri okyjyny duýgusal syýahata ýola salýar, şol bir wagtyň özünde-de türkmen halkynyň ruhuny aýnada ýaly aýdyň görkezýär. Türkmen diliniň ösmeginde, türkmen taýpalaryny birleşdirmegiň we türk dünýäsinde türkmen milletiniň bolmagynyň dili hökmünde Magtymguly ägirt uly ähmiýete eýedir» diýip, sözüniň üstüni ýetirdi.

Türkmenistanyň Ankaradaky ilçisi Mekan Işangulyýew 2024-nji ýylda «Änew şäheriniň türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi, şeýle hem Gündogaryň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň bellenmegi mynasybetli geçirilýän çärelere işjeň gatnaşýandyklary üçin TÜRKSOÝ-a we Türk Respublikasynyň beýleki guramalaryna hoşallyk bildirdi.

Dabarada çykyş etmek bilen, Türkmen döwlet medeniýet institutyň rektory Amanmyrat Aýdogdyýew Magtymguly Pyragynyň türkmen medeniýeti we taryhy nukdaýnazaryndan ähmiýetini nygtady, şeýle hem döreden goşgularynyň ony diňe bir türkmen edebiýatynyň däl, eýsem, tutuş dünýä edebiýatynyň öňdebaryjy şahyrlary bilen bir hatarda goýýandygyny belläp geçdi. Dabara Türkmen döwlet medeniýet institutynyň «Miras» tans toparynyň ýerine ýetirmeginde şowhunly tans bilen tamamlandy.

19-njy aprelde meýilleşdirilen çäreleriň çäginde TÜRKSOÝ-nyň Baş Sekretariatynyň sergi zalynda «Magtymguly Pyragy we Änew» mowzugy boýunça surat sergisiniň açylyşy boldy. TÜRKSOÝ-nyň metbugat otagynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» kitabynyň tanyşdyrylyşy boldy. Çäreleriň birinji tapgyrynyň maksatnamasy «Magtymguly Pyragy – türki dünýäsiniň beýik akyldar şahyry» mowzugyndaky konsert bilen tamamlandy.










https://mincom.gov.tm/tk/news/638/

23.04.2024, 18:04